13:56 Soradym | |
SORADYM
Goşgular
![]() Bir dananyň ýakasyndan ebşitläp, Ýüreklere barýan ýoly soradym. Mahmal ýeliň ýapynjasyn oranyp, Nurly Günden sag-u-soly soradym. Bir täsin ses edip iňledi şemal, Danaň jogap beräýmegi ähtimal... Diýdi: “Oglum, seniň bu bolşuň-a däl, Ne saglygmy, ne bir haly soradyň! Makul bilseň saňa bir gep aýdaýyn: Ýagşy sözler – şuglalydyr, Aý deýin!” ... Bu söz ýüregimiň ýetirdi eýin, Tomus jöwzasynda gary soradym. Gitdi dana, ol daşlaşyp barýa-la, Göwräm doňdy, serim uçdy bir ýana. Böwrüme diň saldym ýene bir ýola, Wyždanymdan namys-ary soradym. Köp puşmanlar iýdim bu iş edenme, Özümden bir göwne ynjy ýetenne. Ömür diläp şygyrlarmyň setirne, Ahyrýete kerem-nury soradym. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |