18:54 Bilen | |
BILEN
Goşgular
![]() Gün säherde dogýar her gün, Tamam bolýar batmak bilen. Arzuwa ýetilýär bir gün, Umyt edip bakmak bilen. Dünýä gözel, emma ýeser, Ynamyň, yhlasyň emer. Durkda gaýrat bolsa eger, Gümrasyň al-bermek bilen. Toba, toba akyl berýän, Hemme-de düşünýär, bilýär. Hözirin görmersiň dünýäň, Duluň düýnäp ýatmak bilen. Jahyllykda bir joşmadyk, Ýaza ýetmez ýalňyşmadyk. Takdyr göwnüňi hoşladyp, Soňra urar tokmak bilen. Köteldir ýollaň öwrümi, Kä öwmeli, kä döwmeli. Awlap bolmaz öz göwnüňi, Özgäň göwnün ýykmak bilen. Gör, munda ajap çaglar bar, Bag-bakja, çeşme-çaýlar bar. Başy gök dirän daglar bar, Oňma depä çykmak bilen. Wah, owalda dünýä albaý, Haka ýalbar aglaý-aglaý. Nadanlar hiç tapmaz abraý, Bigünäni satmak bilen. Jylawyn çekip mesligiň, Kalba ýagşylyk beslegin. Ile ýaýarsyň pesligiň, Kejeleşseň akmak bilen. Tug edip danaň diýýänni, Ile öwretseň bilýänňi. Ýandyryp bolar dünýäni, Bir kiçijik çakmak bilen. Hawa, göwne ýetip bolmaz, Bir utsaň, bir utup bolmaz. Ýanyp-tütäp ötüp bolmaz, Gül ömrüňi ýakmak bilen. Ahyr bar zat aýdyň bolar, Ýüreklere öýdüm bolar. Bu şygrymam aýdym bolar, Gursakda jaý tapmak bilen. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |