09:17

Ak Durnam

AK DURNAM

Bu söýginiň oýnunda,
Arzuw guşduň, ak durnam!
Meni ýalňyz goýduň-da,
Nirä uçduň, ak durnam!

Yzda goýup ýaryňy,
Sökdüň bu giň barlygy,
Saýlap sergezdanlygy,
Menden geçdiň, ak durnam!

Seleňli güýz paslynda,
Düýşmi ýa huş aslynda?!
Arşda – alys asmanda,
Gördüm keşbiň, ak durnam!

Gel, ömre bagt bolup dol,
Sensiz boşluk sag-u-sol!
Seniň yşkyň alys ýol,
Meniň yşkym, ak durnam!

Syrdaş bolaý kim bilen,
Mazam ýok saz-heň bilen,
Gök asmana seň bilen,
Menem uçsam, ak durnam!

■ Görmesem

Arzuwda geçýär wagtym,
Seni bir gün görmesem.
Elden giden deý bagtym,
Seni bir gün görmesem.

Ýok ýanymda hemdemim,
Sen diýp alýan her demim,
Gabanýaryn ýeldenem,
Seni bir gün görmesem.

Baglar aglaýan ýaly,
Daglar ownaýan ýaly,
Günem dogmaýan ýaly,
Seni bir gün görmesem.

Kalbyň soltan-hany ýok,
Durkuň jiger-jany ýok,
Hiç bir zatda many ýok,
Seni bir gün görmesem.

Ýar, goýnuň ýazy başga,
Kalbyň owazy başga,
Müň gowga gopýar başda,
Seni bir gün görmesem.

■ Diýdim saňa

Ýürek tagtym bagyş eýläp,
“Ýeketägim” diýdim, saňa!
Gül ömrüme nagyş eýläp,
“Ýeketägim” diýdim, saňa!

Seni bagra basan wagtym,
Gül deý goýnuň täji-tagtym,
Gözleriňde görüp bagtym,
“Ýeketägim” diýdim, saňa!

Derman bildim her sözüňi,
Zülpüň örtende ýüzümi,
Bagtly saýyp men özümi,
“Ýeketägim” diýdim, saňa!

Bakan wagtym jemalyňa,
Kuwwat sen, güýç-mejalyma,
Bendi bolup ejabyňa,
“Ýeketägim” diýdim, saňa!

Biz ylahy söýgä uýup,
Mährim berip, mähriň duýup,
“Budur saňa ähtim” diýip,
“Ýeketägim” diýdim, saňa!

■ Gül barada iki goşgy

I.

Gyz ýarynyň beren gülün,
Ysgap-ysgap ganmady hiç.
Görkli, ajap burkly gülde,
Meger arman galmady hiç.

Suwly küýze teşneligin
gandyrdy, ýeňledi derdi.
Ysgap-ogşap näzenin gyz,
Ol bägüle ömür berdi.

II.

Bir ajap gözel bägüldi,
Bu gyza-da ýar sowgady.
Ysgabam görmedi hat-da,
Äsgermän tumşuk towlady.

Öýlerine gelip, ol gyz,
Tasanjyrap, depip ýeri,
Ejesiniň ot goýberen
Tamdyrna oklady güli.

■ Çäresiz aşygyň samramalaryndan

Ol gelniň gujagy – ýazlaň hyjuwy,
Duýamda başlandy yşk oda köýmäm.
Söýsem aýyp ýaly, bilemok söýmän.
Baharyň şemaly – gözel jemaly,
Kalbym gowzap gitdi görende didäm,
Şol pursat dymsam-da,
bilmedim diýmän:

Eý, ömrüň atyry,
kalp howatyry!
Sary bägül edip, oranan öýmäň
astynda gizlenen saçlaryň görmän
namut galsam, bir ömüre haýyp bor!
Bilýän, bu höwesden dynmaryn ölmän.
Ýok derde derman,
Bu şeýle perman.
Wah, arman-arman,
aýyp bor...
Категория: Goşgular | Просмотров: 404 | Добавил: Azady | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Когда мы любим безотчётно…» / Goşgular - 10.02.2023
«Полуразрушенный, полужилец могилы…» / Goşgular - 04.01.2023
Ymtylyş... / Goşgular - 13.01.2023
Пересветы / Goşgular - 08.01.2023
Çapraz ykbal / Goşgular - 19.01.2023
Mysapyryñ küýleri / Goşgular - 05.01.2023
«Вскрыла жилы: неостановимо…» / Goşgular - 06.01.2023
На смерть А.В.Дружинина / Goşgular - 19.01.2023
Şygyr ekeni / Goşgular - 06.01.2023
"Şaglawuk saçlaryñ ýaýyp goýberdiñ..." / Goşgular - 14.02.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Елена_Прекрасная  
462
.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]