17:34 Jübütlik hakda goşgy | |
JÜBÜTLIK HAKDA GOŞGY
Jübütlik hem gözelligi barlygyň, Goşulanlar goşalykda goş bolsun! Bagt bolsun barça dünýäň, baýlygyň, Ata-enäň sizden göwni hoş bolsun! Örňäp gidiň, sözläp gidiň bagt hakda, Ýaşaň mydam halallykda, aklykda, Nesip etsin özüň görmek agtykda, Mydam size rowaçlyklar duş bolsun! Hergiz-hergiz paýhas bolmaz gaharda, Takdyrda bar tomus, güýz, gyş, bahar-da, Käteler alňasap göge bakaňda, Gören zadyň diňe bagt guş bolsun! Gün jemlense, umytly bak ertäňe, Umyt bir tohumdyr, arma, sep däne! Bilbil gonsun ykbal şirwan perdäňe, Rysgalyň, döwletiň jana noş bolsun! Arzuwy bar, umydy bar göwünleň, Sarpasy bar, serpaýy bar bu günleň, Bagtyňyza guwansynlar görenler, Şahyryňam göwni mydam joş bolsun! Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |