19:00 Bardyr | |
BARDYR
Goşgular
![]() Bir aladaň çözüldigi, Öňde ýene ony bardyr. Agtar-da tap gözelligi, Onda arşyň nury bardyr. Bagt aýdymyn aýtsa bende, Haýran bolup durma sende! Serindäki aklyň hem-de, Bileginiň zory bardyr. Möhürläp ähti peýmanyn, Ýürek ýazyp dur permanyn. Arzuwlaryň hem armanyň, Gursaklarda gory bardyr. Joşulyp çykylýar serden, Aýak üzüläýýär ýerden. Mert ýigit ownasa birden, Ýanynda bir loly bardyr. Howlukman iş et, eglen-de, Gül dörär ynsan emrinden. Ýalkanan bendäň egninde, Görseň haýa dony bardyr. Bu öwüt däl ýa-da nakyl, Ýaman pişelerden çekil. Durkda gaýrat, başda akyl, Bary bardyr, ýogy bardyr. Uzak gijelerne ýatman, Bar kagyza arzym aýtman. Azym, bes et akyl satmaň, Her kimiň öz ýoly bardyr. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |