22:43 Bagtyň şaýady ýaşlar | |
BAGTYŇ ŞAÝADY ÝAŞLAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ösüşleri nazarlaýan ata Watanymyz Türkmenistan ähli babatda özgerişlere beslenýär. Bu ösüşler, özgerişler parahat we abadan durmuşy kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Biz Türkmenistan diýen beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys. Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! Bu ýer biziň topragymyzdyr! Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýip belläp geçýär. Asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde ýaşamak, okamak, döretmek, ata-babalarymyzyň ýörelgelerini dowam etmek türkmen ýaşlarynyň paýyna düşen üýtgeşik bagt, ykballarynyň serpaýydyr. Türkmen ýaşlarynyň gursagynda hem diňe Türkmenistan Watanymyza, Türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Serdarymyza bolan söýgi, buýsanç möwç urýar. Türkmenistan ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler bar. Muňa aýdyň mysal hökmünde gurlup ulanylmaga berilýän mekdebe çenli çagalar baglaryny, täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta mekdepleri, ýokary okuw mekdeplerini aýtmak bolar. Şu hili mümkinçiliklerden peýdalanmak ýaşlaryň ylym-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagynda hem öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ýaşlara uly üns berilmeginiň özi hem döwletimiziň ýagty geljegine batly gadamlaryny şöhlelendirýär. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň biragyzdan makullamagy netijesinde 2023-nji ýyl “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyryldy. Ylym-bilimde, medeniýetde, sungatda, ykdysadyýetde, sport ulgamynda amala aşyrylýan işleriň ählisi ýaşlaryň aýdyň geljegi, döwrebap ruhda terbiýelenmegi üçindir. Her bir türkmen maşgalasynda çagany kiçilikden ylma-bilime, zähmete, öz başarnygyndan gelip çykyp bellibir hünäre ugrukdyrmak asylly ýörelgeleriň biridir. Ata-babalarymyz: “Bilimli il ozar, bilimsiz il-tozar” diýipdirler. Häzirki wagtda döwletimizde ýaşlaryň okamaklary, öwrenmekleri, döretmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilen. Bedew bady bilen ynamly öňe barýan türkmen halky, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýaşlara uly umyt bilen garaýar. Özümiz babatda edilýän aladalara jogap edip biz-ýaşlar hem okap, bilim alyp ýurdumyza gerekli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap pikirli hünärmenler bolup ýetişmelidiris. Bize şeýle zamany peşgeş beren Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! Altynaý ANNAMUHAMMEDOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň pars dili hünäriniň 1-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |