08:50 Batyr adamlar | |
BATYR ADAMLAR
Ol adam her güni şu duralgada awtobusa garaşýardy. Daşyndan geýnüwli, haýsydyr bir edaranyň işgäridigi bildirip duran bu adam her gün şu duralgadan öýüne gidýärdi. Ol ýaňy bir otuzy tegeleklän bolmaly. Bu adamyň her gaýtalaýan endigi bardy. Ilki gelip, daş-töweregi biraz kese nazardan synlar, soň bir guty çilimi çykaryp, onuň daşyna biperwaýja göz gezdirerdi. Soňra iň soňkujasyny alyp gutyny göwünsiz hapa atylýana zyňyp goýbererdi. Onuň çilim çekişi boýunça bu endige has öňräkden beletdigini duýmak bolýardy. Içine zäher bolup aralaşýan bu tüsseden diýseň lezzet bilen sorýardy. Awtobus gelerem welin, entek ýanyp duran çilimi zyňar ötägiderdi. Gutusynda "Çilim çekmek ölüm howpludyr" diýen ýazgyny okap,bilip bu endik bilen meşgullanmak öz ömrüňe perwaýsyzlyk dälmi eýsem?! Ýa-da olar bu zatlara ynanmaýarmyka?! Käte pikir edýän: Bilip durup öz ömrüňe palta urmak, gör, nähili nadanlyk?! Akly ýetip ölüme tarap ädimini gataldýan, "ölüm howpy bar" sözüni okap durup, içindäki zäheri bedenine sorýan adamlar gör, nähili "batyr adamlar". Gültäç ATDAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |