12:11 Bedewler | |
BEDEWLER
Külli türkmenleriň uçar ganaty, Aslyny ahaldan alan bedewler. Üstüne müneniň päli-niýeti, Ýagşymy-ýamanmy bilen bedewler. Toý-baýramda ýüpek ýaly daralan, Suw ýerine maýa süýdi berilen, Säher turup ataňdan soň görülen, Ata-baba miras galan bedewler. Waspyňyzy ile ýaýdy Mätaji, Gerçek goç ýigitleň seriniň täji,. Göroglyň golunda düýrme gylyjy, Ganym sary ýüzün salan bedewler. Ahal topragynyň gudraty kändir, Görküňizi gören messi haýrandyr, Owazaňyz ýedi yklyma ýaýrandyr, Ýedi yklymdan arşa galan bedewler. Seýran eden bu türkmeniň iline, Nazar salsa döwlet dolan duluna, Gara dutar bilen tylla nalyňa, Gözi düşen ýüze sylar bedewler. Geldi BÄŞIÝEW. | |
|
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |