07:01 Bentler | |
BENTLER
Diýdiler ylymda jady bar, güýç bar, Körzehin bolsa halk, döwletem dargar. Bilim ulgamynda giň ýoly açyp, Döwletin gülleder adyl hökümdar. * * * - Agzap älem içre ýogy hem bary, Ýazmandyr-da bir rubagy, Pyragy?! - Şeýledir düşmeseň, düşünseň weli, Oň her bendi, her setirem rubagy! * * * Duzak kändir hergiz äge tut özüň, Ejize, mätäje açyk tut ýüzüň. Hormatlanan, myhman bolan ýeriňde, Sakla el-aýagyň, diliň hem gözüň. * * * Tapylar ýamandan az-kem gowulyk, Köstsiz bolup bilmez iň ýagşylar-da. Perişde däldigi üçin adamzat, Ýalňyşman bilmezler padyşalar-da. * * * Medet bersin, her kes özün eklesin, Mert namarda ýüz saraldyp, bakmasyn. Ýaman zatdyr, özüňçe ýok nadana, Tabyn bolmaklykdan Hudaý saklasyn. * * * Ogul bardyr, saňa abraý getirer, Ogul bardyr, abraýyňy ýitirer. Gyz bardyr, ýamaly ýeriňi ýapar. Gyz hem bar, ykbaly ýandyrar, ýakar. * * * Öz aýbyny aňmaz bir namart kişi, Görenne at dakar, eder käýişi. Özün pespäl tutmak merde mahsusdyr, Gowulykdyr eden, etjek her işi. * * * Bäş barmagym deň etmedik Biribar, Senden ýene möhüm bir dilegim bar. Öz başyn çarasyn ejiz barmagym, Güýçlüsine mätäç etmeseň bolýar. * * * Barabar gelmeýän ýürekler- göwrä, Goýýar köp halatda akly haýrana. Ejiziň ýüregem ejiz bolanda, Özün oda urarmydy perwana?! Geldimyrat SEÝIDOW. | |
|
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |