20:38 Beýik edebiýatyň wekili | |
BEÝIK EDEBIÝATYŇ WEKILI
Ynsan ruhunda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetleriň, adamzat temalaryna ýüzlenen beýikleriň biri-de Baýrondyr. Onuň döredijiligini nijeme asyr bäri öwrenilip gelinmegi dünýä edebiýatyna goşan goşandynyň beýikliginden habar berýär. Onuň döredijiliginiň aýratynlygy hem dünýä , admazat jemgyýetinde täze, täsirli özgertmeleri , reformalary geçirip , ýaşaýyş şertlerini eseriň üsti bilen özgertmäge ilgezikligindedir. Şol kökleri bolsa mähri suwlaýar, şeýlelikde beýik döredijilik kemala gelýär. Ynsnayň ýüregindäki duýgulary bilen daşky dünýäniň galtaşmasyndan emele gelýän gözellige bolsa, “sungat” diýilýär. Baýron şol sungaty kemala getirijileriň arasynda dünýä edebiýatyna uly goşant goşan şahsyýetleriň biridir.Onuň döredijiligi asyrlar boýy öwrenilip gelinýär. Döredijilik üstünlikleri bilen bile bir ýere jemlenip, hiç wagt mähri girdabynyň gyrasyndan dadyp görmedikler üçin hem ýumşak bir howany döredýär. Ynsan başyndan geçirýän wakalaryna, düşen ýagdaýyna, dem alýan howasyna , iýýän iýmitine we görýän zatlaryna görä hereketlerden baş çykarýar. Ynsanyň ýüreginde pikir sallançagy kökleýär. Jorj Gordon Baýron iňlis şahyry, romantigi 1788-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Angliýada,Londonda dünýä iýnýar.London patyşalar jemgyýetiniň agzasy bolmak bilenöz döwürdeşlerine öz gysga ömründe öz täsirini ýetirip bilen şahsyýetdir, şahyrdyr. Onuň döredijiliginiň häsiýetli aýratynlyklary ol edebiýata liriki gahrymanyň egoizmini getirmegidiri we ony dünýä edebiýatynda aýratyn bir bakyş hökmünde häzirki bu güne çenli galdyrmasydyr.1913-nji ýylda iňlis suratkeşi Tomas Fillips Jorj Gordon Baýronyň hakyky portretini çekmek bilen ony dünýä edebiýatynda meşhur şahsyýet hökmünde hem- de öz suratkeşligine ýokary baha almagy bilen täze bir abraýa eýe bolýar. Baýranyň hakykatdan hem patyşalar jemgyýetinde bolmasy onuň aristokratik düşünjeleriniň iň ýokary derejelerinde pikirlenip bilmegi hem-de şol derejä öz okyjysyny äkidip bilmegi bilen gönüden göni baglanşyklydyr. Baýronyň dünýä edebiýatyndaky goşandy mizemezdir, çünki onuň eserlerinde bütündünýä adamzat gatnaşyklarynyň üstünliklerine edebiýatyň gözi bilen sereden şahyrlaryň biridir. Onuň döredijiliginiň agramly bölegi bu günki gün täzeden öwrenilip, ýazyjy – şahyrlaryň üstünliklerine üstünlik, şöhratlaryna şöhrat goşýar. Ol iňlis patyşalyklarynyň jemgyýetiniň birnäçe sylaglaryna mynasyp bolan ajaýyp , ýokary derejeli terbiýeli hem-de örän sowatly şahyrlaryň biri hökmünde biziň häzirki günlerimize çenli edebiýatda giňişleýin öwrenilýär.Onuň bu patyşalar jemgyýetinde öz yzyna düşüren şägirtleriniň birnäçesi onuň düşünjelerini dünýä ýaýmakda wagtyň geçmegi bilen uly işler bitirýärler.Olaryň Persi Şelli hem-de Jon Kitson bolmagy dünýä edebiýatçylarynda uly şüweleň döredýär.Şeýlelikde olar baýronizmi Ýewropa edebiýatynda modern bir akym hökmünde hemişe goldapdyrlar. Baýronyň öz şahsyýeti bilen baglanşykly ýazan “Don Juan” atly eseri bolsa, häzirki bu güne çenli edebiýatda ilkinji nobatda onuň şahsyýetini aňladyp durupdyr.Eserlerinde ýer alan “baýronizm şahsyýetleri” diýip, atlandyrlan şahsyýetleriň, ýagnyliriki gahrymanlaryň üsti bilen Jorj Gordon Baýrony tanamak , ol hakynda pikir alyşmak mümkin bolupdyr. Şeýlelikde Baýron iňlis romantizminiň beýik wekilleriniň biri bolup galmak bilen ýokary derejeli şahyr hökmünde edebi eserleriň birnäçesiniň awtorydyr hem-de edebiýatda inçe lirizmi bilen at alan özboluşly şahsyýetdir. Baýronyň eserleri diňe bir Ýewropa edebiýatynda däl, eýsem Gündogar edebiýatynda hem özboluşly ýer alypdyr. Hat-da ähli gündogar halklarynyň edebiýatynda Baýronyň döredijiligi öwreilýär we onuň döredijiligi terjime edilýär. Çünki onuň döredijiligi başda agzap geçişimiz ýaly, özboluşly lirizme eýedir.Onuň döredijiliginiň agramly bölegini eýeleýän başdan geçirmeler hakyndaky wakaly eserleri giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanmak bilen ýigriminji asyryň hem özboluşly modarator şahyry bolandygyny subut edipdir.Onuň döredijiligindäki liriki gahryman bir-de owadan agaçlaryň arasynda ýalňyzlykdan ýekesirese, bir-de köçelerde gezip ýören ýalňyz itlere syrdaş bolupdyr. Bir-de meýdanda bugdaý hasyllarynyň içinde şemallar bilen uçmagy öwrense, bir-de kebelekleriň ganatyna münüp, keşdä öwrülipdir. Ol ýöne bir zatlar gözläpdir. Onuň gözlän zady ýalňyzlyk we ýalňyzlykdaky rahatlykdyr belki diýip, tankytçylar Baýronyň döredijiligi hakynda hemişe jedelli gürrüňler edipdirler. Munuň özi hat-da şahyr diri wagtynda hem oňa ýarapdyr. Altynaý ANNAMÄMMEDOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |