22:32 Bir söz | |
Aşyr Salyh ogly
Maňa gerekdi-dä, şol ajaýyp söz, Paýhasyň käninden alynan bolsa. Iň bolmanda "ýarym sözem" bolsa uz, Bal ýaly, zagara çalynan bolsa. Bir söz kereminden dünýe nurlanýar. Ruhuň kuwwatlanýar, aklyň gorlanýar. Nirden yzlajagmy bilmeýärin men, Aýtsaňyzla, o söz kimde gizlenýär!? Oňa duşup bilmän, yzaly göwün, Şypa gözläp gapy-gapy gezip ýör. Her gapyda düwülensoň bir düwün, Sabyr käsesine atyp ezip ýör. Bilýärdim geljegiň, bolupdy bir çen. Ýakup kimin intizardym ýoluňa. Ýa-da Ýusup kimin zyndandamyň sen? Gandal geýip baraýyn sen ýanyňa. * * * Hak emrine ýüwürip Bulut geler gübürdäp. Jan berer bu topraga Ýagyş ýagsa şabyrdap. Adam-adyny gazanar Kemini dolup, gyrdap, Ýagşy gylyk ynsany Öz aslyna çekip dur. Bir adam hemmelere, Hemmeler hem birege, Salam berip ýüzlense Em dälmi bu ýürege. Ýagşy niýet şineläp, Öwrülipdir çörege. Egsilmez nygmat bolup, Biziñ sary akyp dur. Hak duşmany şeýtanyñ, Hilesi ýok zeminde. Waw was edip, ynsany Azdyrmagyñ çeminde. Sabyrsyz bikararlar Onuñ duzak-damynda, Mertebesin gaçyryp, Ýaman ýola çykyp dur. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |