21:28

Goñşularym bar meniñ

GOÑŞULARYM BAR MENIÑ

Arkalaşyp özara,
Gerek zadyň sorara,
Gitsem öýüm gorara,
Goňşularym bar meniň.

Käte çyksa zeruryň,
Soraý, kelte etmez diliň,
Daňmana boşan malym,
Goňşularym bar meniň.

Sen ýoksuň, myhman geler,
Gelinçäň öýne salar,
Hormatym göge galar,
Goňşularym bar meniň.

Käte öýşüp çaýlaşýan,
Oý-pikirim paýlaşýan,
Gollaşyp menzil aşýan,
Goňşularym bar meniň.

Açyk, öýüm onuňky,
Onuň öýi meniňki.
Toý günde myhmanyňky,
Goňşularym bar meniň.

Goňşokaram datlydyr,
Kesilmez, nobatlydyr.
Egsilmez hormatlydyr,
Goňşularym bar meniň.

Aşyr SALYH OGLY.

Категория: Goşgular | Просмотров: 391 | Добавил: Нawеran | Теги: Aşyr Salyh | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

К 16 января 1814 года / Goşgular - 16.01.2023
Февраль / Goşgular - 31.01.2023
Men indi gidýärin / Goşgular - 15.01.2023
«Плывущий за руном по хлябям диких вод…» / Goşgular - 03.02.2023
Geçdigiçe geň göremok / Goşgular - 24.01.2023
Ýitirdim! / Goşgular - 30.01.2023
«Нет, правды не оспаривай…» / Goşgular - 08.02.2023
Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023
Тени А.С.Пушкина / Goşgular - 09.01.2023
Зимой / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]