Bir ýaşulynyň aýdanlary
Ýyl-ýyldan yranyp, ýuwaş-ýuwaşdan
Kemala gelipdir Gimalaý dagam,
Ýöne Gimalaý dek belent bolsaň-da,
Ýerde duranlygyň bilginiň, balam!
***
Ýerlikli jogap
- Reňki solup, görk-görmegi ýitipdir,
Söpül-söpül bolupdyr-a sapagam!
A how, başyňdaky şu galňas mata
Neneňsi şlýapa diýýärsiň, agam?!
- Şlýapaňam oňat, köwşüňem oňat,
Asyl üst başyň-a kemi ýok welin
Şlýapanyň astyndaky şu kädä
Neneň kelle diýip bilýärsiň, inim?!
***
Ýaş şahyra
Saklanma, ýöräber, uzakdyr ýollar,
Durmuş gitdigiňçe ulalar gider.
Käte çyn duşmanlaň gol berer, goldar,
Käte çyn dostlaryň duzuňy deper.
Ýürek bir agaçdyr, göwün hem kökdür,
Agaç köke görä berýär hasylyn.
Ýer şarynyň suwy toprakdan köpdür,
Emma suwuň düýbem toprak ahyryn.
***
Bir bilen million
Ol ynsapsyz adam, ýöne pulunyň
Tükenjek gümany ýokmuşyn asla...
Ýeri ,,million'' sanyň nämesi köpmüş,
Birligin aýyrsaň, alty nol galsa?!
Onda köp pul-a ýok, ýöne sorasaň
Ýarpy göwresinem berer çyn dosta...
Ýeri ,,birlik'' sanyň nämesi azmyş,
Ýüz noluň öňüne bir goşup bolsa?!
***
Iki şahyryň gürrüňi
- Saňa duşmazdan öň, dogrymy aýtsam,
Pikir çöwürmekde garypdym, dostum!
Indi men bergili..., sebäbi maňa
Sen zehin galyby bolupdyň , dostum!
- Saňa duşmazdan öň, dogrymy aýtsam,
Men hem takrap ýatan galypdym, dostum!
Ýöne bir dünýäni gursaga salyp,
Seniň zehiniňden ganypdym, dostum!
***
Adam bilen ,, adam''
Dostunyň derdine ýarajak bolup,
Teninden synasyn goparan adam
Asyr sepgidine ýyllary goşup,
Bu gün özgeripdir öňküden hasam.
Gol gowşuryp, salam berjek bolanda,
Ak köýnege degdi syýaly galam...
Bir bölek matany has beýik saýyp,
Dostunyň tenini gopardy ,,adam''.
***
Men şahyr...
Gundagly çaga deý sallançagymda
,,Baky uka batsam bir gazaply gyş'',
Durmuşymyň güýz paslynyň ýolunda
Galdyrylsa sallançagym bir garyş...
Men diňe şondan soň berk düşünerin
Bahasyna şeýle uly Dünýäniň.
Göreçlerim ýumup, hyrçymy dişläp,
Şondan soň özüme şahyr diýerin.
Maksat Seýitliýew.