23:01 Biziñ Ýunusymyz / hekaýa | |
BIZIÑ ÝUNUSYMYZ
Bu gün sähra dymmak üçin ant içen adama çalym edýär. Ýaýylyp ýatan barlyk göýä alp kişileriň hormatyny saklaýan ýaly. Hatda ataşda köwsarlaýan odunlaram töwereginde döwre gurap oturan kişileriň mesawy gürrüňlerini bölmezlik üçin sessiz-sedasyz alawlaýar. Ýunus oduň öz ahwalyna çalymdaş halda elewreýän ýalnyndan öň hiç haçan duýmadyk bir syrly ýakymy duýdy. Bu ýakym indi ençe gündür şöwür çekip ýörmeginiň sebäbini bilýändigi üçin onuň süňňüne siňip barýan ýalydy. Agşamyň golaýlamagy ony hasam hopukdyrdy. Öten ýedi günüň her agşamynda bir weliniň dilegi bilen supra bereket eçilipdi. Bu gün bolsa gezek Ýunusyň özüniňkidi. Howy basmarlanan ýigit gollaryny açyp, köňül töründen dileg etmäge durdy: — Eý, Biribar, bu kişiler kimiň hormatyna dileg edýän bolsalar, şonuň hormatyna-da supramyza bereket ber! Olaryň ýanynda meni utandyrma! Göge göterilen gollaryň dilegi boş galmady. Dilegler keremli dergähde ýer alyp, sähra mediwanlarynyň suprasyny naz-nygmatdan doldurdy. Ýedi weli göwnühoş halda Ýunusa sowal berdi: — Kimiň hormatyna dileg etdiň! Ýalan sözlemek onuň başarnygyndan has ýokardaky ukyp bolansoň, ol sowala sowal bilen jogap berdi: — Siz kimiň hormatyna dileg etdiňiz? Ol keremli ynsanlaryň dileglerini bereketlendiren kişini çyny bilen tanamak isledi. Onuň tanamak islegi ýöne bir gyzyklanma däldi. Özüni halas eden kişä hoşallygyň alamatydy. Hümmetli kişiler: — Biz Tapdyk ussadyň gapysynda otuz ýyl hyzmat edip, wepadarlyk görkezen asylzadanyň hormatyna dileg etdik – diýip, jogap berdiler... «Dil — ýüregiň açary». Hümmet eýeleriniň sözi Ýunusyň otuz ýyl hyzmatda durup, ýegşeren ýagyrnysyna däl, göni ýüregine tokundy. Mejalyny ebşitledi. Öýke-kine zerarly baslygan söýgüsine täzeden jan berdi. Halypasynyň huzuryna howlukdyrdy. Zybanyna gazal berdi: — Şeýh-u, danyşmend-u weli, jümlesi birdir, er ýoly, Ýunusdyr derwüşler guly, Tapdyk kibi serweri bar. Indi goja Tapdygyň gözleri görmekden galypdy. Ol daşaryk şägirtleriniň hemaýaty bilen çykýardy. Halypasynyň ýagdaýyna Ýunusyň ýüregi awady. Ol ussadynyň huzuryna dolanmasyna dolandy-da, onuň alnynda niçiksi durmagyň ebeteýi hakynda köp oýa batdy. Ýunus derhal baryp, näler özüni bagyşladasy gelýärdi, ýöne welin ussadyň köňlünde nämäniň bardygy nämälimdi. Şonuň üçinem ol çekinýärdi, ýygrylýardy. Emma çekineniň bilen iş bitip, ünjiň kemelýärmi näme?! Diňe wagtyň deňiňden geçip gitmegine meýletin ýol bereniň galýar. Şonsuzam wagtyň iň seresaply adamy hem ahmala salyp, puryjasyny elinden gaňryp alýandygy mälim ahyry. Ýunus Aksaraý iline baryp, halypasyna ýakyn bolan şägirde sygyndy. Ondan dalda isledi. Sadyk şägirt şeýle diýdi: — Tapdyk säher bilen tagat-ybadatyny berjaý etmek üçin daşaryk çykar. Sen onuň işigindäki sekiniň üstünde ýatyber. Ussat hökman duýar hem-de ol ýerde kimdir biriniň bardygyny gürrüňsiz sorar. Men ol kişiniň sendigiňi aýan ederin. Ýunus: — Onsoň ol meni bagyşlarmy? — diýdi. — Entek sözümiň soňuna gulak goý. Men hormatlymyza işikde tükge düşüp ýatanyň Ýunusdygyny aýdaryn. Şonda ol: «Haýsy Ýunus?» diýse, bil ki köňlünden çykmyşsyň. Lekin «Biziň Ýunusymyzmy?» diýip sowal berse, seniň tagallaň myradyna gowuşdygydyr. Ondan aňyrsyny öwretmek bizlik däl, byradarym. Köňül. Köňül bermek, köňülde galmak, köňül bilen galmak — bu närseler Ýunusa aýan zatlar ahyry. Meger, ol bu ýoluň içdedigini bilensoň, «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» eden däldir. Muňa sebäp juda kän. Olaryň ählisine düşünmek üçin, iň bolmanda Ýunusyň ýüreginiň üçden biriçe ýüregiň bolmaly. Onuň ylmynyň ondan biriçe ylmyň bolmaly. Iň bolmanda, onuň söýgüsiniň saýasy üstüňe düşmeli. Öz sözleri bilen aýtsaň: — Geliň tanyşlyk edeliň, işiň golaýyn tutalyň, Söýeliň, söýüleliň, dünýä kimseýe galmaz — diýip bilýän kämil ynsan bolmaly. Asyl-ha, Ýunusyň özi bolmaly... Aýdylyşy ýaly, Tapdyk hezretleri säher bilen daşaryk çykdy. Şo-ol sypaýy şägirt bolsa onuň goltgyçysydy. Mürşidi-kämil bir ädim ädip-ätmänkä kimdir biriniň bardygyny duýdy. Gözleri batyl ussat: — Bu kim? — diýip, şägirdinden sorady. — Ýunus! Goja Tapdyk şägirdine ýene sowal berdi: — Biziň Ýunusymyzmy? — Biziň Ýunusymyz! *** Köňülbirlik üýtgeşik zat. Onda-da halypa-şägirdiň köňülbirligi. Ol kämilligiň müňlerçe sütüniniň biri. Bu ýolda Ýunus Emreden — biziň Ýunusymyzdan öwrenere-alara näçe diýseň ybrat bar. Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |