11:04 Bir şygryñ döreden çekişmesi | |
BIR ŞYGRYÑ DÖREDEN ÇEKIŞMESI
Ýatlamalar
Kursdaşym Arazdurdy Arazdurdyýewem aram-aram şygyr ýazardy. Bir gezek ol “Gözlärin” atly şu goşgyny ýazdy: Bir bakyşda bendi eýlän gözleriň, Ýaşlygymyň ýelgininden gözlärin. Yşk derdine derman bolan sözleriň, Durmuşymyň bal gününden gözlärin. Taparynmy seniň deýin jenany, Agtarsam men asyrlary, zamany, Nirä ýitdi ýaryň gözel jemaly, Nowbaharyň ter gülünden gözlärin. Çöller aşsam, jülgeleri söküp men, Daşglar aşsam, derýalary söküp men, Harç eýleýip, bar baýlygym döküp men, Geçmişimiň aý gününden gözlärin. Yşk bagynda bilbil saýrar men, Ömürbaky seň waspyňy söýlär men, Nädip seni ýitirenime haýran men, Ýanar söýgiň söngüninden gözlärin. Biler bolsaň, yşkyň derdi ýanar ot, Neneň çekip-çydap bilýär adamzat?! Ynsan içre dörän ýalýyz perizat, Ykbalymyň ýangynyndan gözlärin. Arazdurdynyň bu şygry akgynly okalyp, manysy erbedem däl. Ol bu şygryny radioda okady, metbugatda çap etdirdi. Men onuň bu şygryna gapma-garşylykly “Gözle” atly goşguny 2008-nji ýylda ýazyp, onam radioda okap beripdim. Ynha, şol goşgy: Ykbalyňa siňen gara gözleri, Mähir-muhabbeti gözlerden gözle. Aran kalba aram bolan sözleri, Mähir-muhabbeti sözlerden gözle. Tapmarsyň, öýüňdäki deý jenany, Ömür taýyňa bolan mähriň hany, Garrap, samrap ýörme söýgi kelamy, Mähir-muhabbeti öýüňden gözle. Çöller aşma, ýanyňda bar baýlygyň, Dagy sökme, getir öýe aýlygyň, Agzybirlikde bolar baş saglygyň, Mähir-muhabbeti saglykdan gözle. Çar bagyňda bilbil dynman saýra sen, Düşün, ýaşlyk hyjuwyndan aýra sen, Göz düşmez, ýaryňdan başga-gaýra seň, Mähir-muhabbeti ýaryňdan gözle. Dogry aýdýaň, yşkyň derdi ýanar ot, Mydam ýady ýoldaş edýär adamzat, Ynsan üçin ýary gözel perizat, Mähir-muhabbeti periňden gözle. Arazdurdy özüniň şygry esasynda ýazylan bu goşguny ilkinji gezek eşidende: “Döwlet, goşgy ýazar ýaly edeňok” diýdi. Biz häzirem kursdaşym Arazdurdy bilen käte duşuşyp, käte bolsa telefonda uzak wagtlap döredijiligiň gürrüňini edýäs. Täze ýazan şygyrlarymyzy biri-birimize okap berýäs. Dürli ýyllarda radioda okalan, metbugatda çap edilen şygyrlarymdan bölekler: • Läläm Läläm, eý, peri-peýker, Görenler gözelligiň— Sorup bagryna oýkar. Sen ýigitleň sözbaşy, Sen gyzlaryň naýbaşy. Bir-bir sanap nädeýin, Sen ak bagtyň gözbaşy. • Rubagylar: Hak işe baş goşup, dönmedim yza, Gulak germedim galp aýdylan söze. Ýöne çagalarym ýetişdi welin— Olaryň öňünde çökdüm men dyza. Diýýärler, perişde deý ýüregem ak, Dili dogaly, aýdýan sözlerem hak. Ýöne içne girip bolsady onuň-- Dünýäde şondan biedep eşek ýok. Bedbagtlykmy ýa-da bagt, Bu nä geň agyr kysmat. Biz birini söýýäris— Ýassykdaş bolýar bir ýat. Bellik: Soňky rubagym bilen bagly gyzykly waka bolup geçdi. Ony indiki gezek gürrüň bererin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |