19:00 Russiýada №2 kim? | |
RUSSIÝADA №2 KIM?
Publisistika
Putin bäşinji prezidentlik döwrüne aýak basanda, häkimiýet basgançagynyñ iñ esasy ikinji kürsüsi bolan premýer-ministrlige kimiñ bellenjeginiñ çaklamasy urulýar. Çepden saga: Russiýanyñ öñki prezidenti Medwedew, premýer-ministr Mişustin, prezident Putin, Goranmak ministri Şoýgu Kremliñ golaýynda geçirilen dabarada Russiýa Federasiýasynyñ ilkinji prezidenti Boris Ýelsin 1999-njy ýylyñ iñ soñky güni wezipesinden gidýändigini mälim edip, ýerine premýer-ministr Wladimir Putini belläpdi. Şol günden häzirki wagta çenli geçen çärýek asyr bärem Russiýanyñ iñ güýçli lideri, ýagny "birinji belgili" adamy Putin bolup geldi. Putin wagtlaýynça bellenen gününden üç aý çemesi wagt geçenden soñ geçirilen 2000-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda sesleriñ 53,4%-ni alyp, ýurduñ döwlet ýolbaşçysy bolupdy. 2004-nji ýylda bu gezek 71,9% ses bilen prezidentlige saýlandy. Putiniñ "Yzly-yzyna iki gezek prezident bolunýar, men konstitusiýany bozup bilmerin" diýip, 2008-nji ýylda öz ýerine kandidat görkezen Dmitriý Medwedewi 71,2% ses alypdy. (Käbirleriniñ pikiriçe şol döwürde-de häkimiýetiñ hakyky eýesi premýer-ministr Putiniñ özüdi). 2012-nji ýylda Putin 63,6% ses bilen Kremle gaýdyp geldi. Dört ýyldan alty ýyla çykarylan prezidentligiñ 2018-nji ýyldaky ýeñijisi 76,6% ses bilen ýene Putindi. 2020-nji ýylda Putin 2008-nji ýylda öñe süren pikirinden dändi we täze konstitusiýa bilen birlikde öñki wezipe ygtyýarlyklarynyñ möhletini gaýtadan başladyp, täzeden iki fezek prezidentlige kandidaturasyny görkezmäge hukuk gazandy. Mundan iki aý çemesi wagtdan öñ geçirilen 2024-nji ýylyñ prezident saýlawlarynda Putine berilen sesler rekord derejä ýetdi: 78,2%. Öññin Moskwada geçirilen dabarada resmi taýdan bäşinji gezek döwlet ýolbaşçysy diýip yglan edilen Putin ýetmiş bir ýaşynda. Ol şu möhleti-de sag-salamat geçirse, 2030-njy ýylda täzeden prezidentlige kandidat bolup 2036-njy ýyla, ýagny segsen üç ýaşaýança Russiýany dolandyryp biler. Iñ bolmanda teoretiki taýdan-a ýagdaý şeýle. • Rus hökümeti düzümini çalyşýar Kanuna laýyklykda täze prezidentiñ" saýlanmagy bilen birlikde Russiýanyñ hökümetiniñ öñki düzümi işden gitdi. Indi Putiniñ kimler täze ministrler soweti üçin göz öñüne tutýandygy gyzyklanylýar. Garaşylmadyk oýunlary etmegi beter halaýan we geçmişde muny telim gezek subut eden rus lideriñ kimi wezipä bellejegini hiç kim anyk aýdyp bilmese gerek. Şeýle-de bolsa, häzirlikçe tutjagy-tutmajagy näbelli "çaklama" oýnuny oýnap bileris. Federal Salgyt gullugynyñ öñki başlygy Mihail Mişustiniñ 2020-nji ýylyñ başlarynda Medwedewiñ ýerine premýer-ministr bellenmegi şeýle sýurpizleriñ biridi. Syýasy taýdan Putine hiç hili garşydaşlyk edip bilmejek "işbaşarjañ teknokrat" tarapyny saklaýan we uruş şertlerinde ykdysadyýeti gowy dolandyryp bilen premýer-ministriñ edil häzir üýtgedilmezliginiñ gowy boljakdygyny pikir edýän hünärmen köp. Russiýanyñ Konstitusiýasyna laýyklykda ýurduñ ikinji belgili ýolbaşçysy premýer-ministr. Emma menden "Eýse, düýnki güne çenli Russiýanyñ ikinji belgili lideri Mişustinmidi?" diýip sorasañyz, muña "hawa" diýmäm kyn bolsa gerek. Hökümetiñ ýeke adama baglanyp goýlan häkimiýetlerinde şol adamdan başga ýolbaşçy tapaýmak hakykatdanam añsat düşenok, emma FSB-niñ (öñki KGB) sözi geçginli adamy, 2008-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyñ Howpsuzlyk Geñeşiniñ sekretary (ýagny iş ýüzündäki başlygy) Nikolaý Patruşew Putinden soñky iñ güýçli şahs. Onuñ ogly we 2018-nji ýyldan bäri Russiýanyñ Oba hojalyk ministri bolup işläp gelýän Dmitriý Patruşewiñ "prezidentlige taýýarlandygy" hakda hem bireýýämden bäri gep-gürrüñler bar. Russiýada geljegiñ lideri we ýakyn wagtyñ premýer-ministrligine kandidat hökmünde adyny iñ köp tutduryp bilen şahslaryñ birem Moskwa şäher sowetiniñ başlygy Sergeý Sobýandygyny aýtmagym gerek. Putiniñ öñki janpenalaryndan, häzirki Tulanyñ häkimi Alekseý Dýuminiñem ady wagtal-wagtal "prezidentluge kandidat" hökmünde agzalýar. Soñky wagtlar rus mediýasy Dýumini has köp agzap başlady. Käbirleriniñ pikirine görä, prezident bolnasa-da, premýer-ministr, içeri işler ministri ýa-da goranmak ministri ýaly wezipeleriñ birine bellenip bilner. Russiýanyñ prezidenti Putin we Goranmak ministri Şoýgu bilen bile dynç alýar • Kimiñ galyp kimiñ gitjegi näbelli? Şu ýerde ýeri gelende, Putiniñ 2012-bhu ýyldan bäri Goranmak ministri edip "A" toparynda saklaýan, aram-aram bile awa we dynç almaga bile gidýän egindeşi Sergeý Şoýgunyñ gürrüñini etsek gowy bolar. Hususanam, Ukraina uruşynyñ başlan wagtyndan bäri we gitdigiçe artýan NATO dartgynlylygy bilen baglanyşyklylykda Russiýanyñ Goranmak ministriniñ aýratyn uly rolunyñ bardygyny nygtamak gerek. Düzen "Wagner" hakynatutma goşun bölümleri bilen 2023-nji ýylyñ 23-nji iýunynda daşyndan göräýmäge Şoýguwa garşy, emma iş ýüzünde öñki dosty we ýolbaşçysy Putine garşy gozgalañ turuzmaga synanyşan, tegelek iki aýdan soñam şübheli uçar heläkçiliginde aradan çykan Ýewgeniý Prigožin sebäpli Şoýgunyñ köp utuk ýitirendigi aýdylýar. Şol wagtdan bärem Goranmak ministrliginde birugurly çalşylmagyna garaşýan adamlaryñ sany kän. Goranmak ministriniñ orunbasary Timur Iwanowyñam ady geçen aýyñ 23-nji aprelinde duýdansyz tussag edilen wagtyndan bäri dilden düşenok. Onuñ birnäçe ýylyñ dowamynda uly-uly korrupsiýalary edip gelendigini aýdýanlar bar. Şol aýyplamalaryñ näme üçin aýratynam täze hökümetiñ düzülmegine az wagt galanda şeýle ýakymsyz wakalara sebäp bolandygyny dürli hili görnüşde düşündirýänler bar. Käbirleriniñ pikiriçe bu ýagdaý Şoýgunyñam gidip barýandygynyñ yşaraty, käbirleri üçinem "iñ ýakyn egindeşleriniñ biri tussag edilen Goranmak ministri mundan beýläk rus lideriniñ gysymyndan sypmaz ýaly edildi". Russiýa-NATO uruşynyñ turma ähtimallygynyñ jedeli edilýän häzirki günlerinde Putiniñ hiç bir aýdanyna garşy çykyp bilmez ýaly edilendigi üçin onuñ wezipesinde galmagy-da ahmal. Bir döwür Putiniñ iñ ynamdar adamydygyndan şübhe duýulmaýan Medwedewiñ kagyz ýüzünde möhüm ygtyýarlyklary baram bolsa, känbir syýasy agyrlygy bara meñzemeýär. Prezident bolan döwründe "Günbatara we liberal gymmatlyklara ýakyn ýaly" bolup görünen Medwedew soñky ýyllarda "Russiýanyñ iñ gajaman lideri" görnüşini bermek üçin her gün diýen ýaly sosial mediýadan Günbatara we Ukraina garşy gazaply çykyşlar edýär. Göreliñ hany, ol "poçtalýonyñ gapysyny ikinji gezek kakyp bilermikä?" Ýetmiş dört ýaşly Sergeý Lawrow bolsa eýýäm ýigrimi ýyl bäri Daşary işler ministri wezipesinde işläp gelýär. Öñler ol barada "galýarmy ýa gidýärmi?" çaklamasy urulardy. Soñky wagtlarda şeýle çaklamalara seýrek gabat gelinýär. Belki-de, Russiýanyñ daşary syýasatynyñ kesgitlenmeginde daşary işler ministriniñ onçakly uly agramynyñ ýoklugy sebäpli şeýle bolýandyr. Makalamyñ soñunda islendik ähtimallyga garşy tekrarlap aýdýaryn: Putin garaşylmadyk öwrümleri etmegi beter gowy görýär, bu onuñ hemme zady ýeke özüniñ çözýändigini görkezýän möhüm taktikasydyr. Hakan AKSAÝ. @AksayHakan aksayhakan@gmail.com "T24" internet gazeti, 09.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |