21:14 Buluda ýüzlenmek | |
BULUDA ÝÜZLENMEK
Bulut, näme ýagta bereňok gerim? Günüň yşygyny gysganýarsyňmy? Ýa-da ýuwmak üçin dünýäniň kirin, Al-asmandan ýere gyssanýarsyňmy? Belki-de, sen bir obanyň çetinde, Ýaş-juwanlaň duşuşygny bozarsyň. Belki-de, sen suwa mätäç ekine, Ösmek üçin ýerde yzgar bolarsyň. Eý, bulut, sen gara geýip, ýas baglap, Ölen-ýitenleriň tutýarmyň ýasyn? Ýa köýen söýginiň agysyn aglap, Dökýärmiň sen gökden dury gözýaşyň? Bulut, sende näçe gizlin syrlar bar? Syryň aç, gel bärik daglardan aşyp! Suwsuzlara bolarsyň sen tenekar. Men saňa-da aşyk, güne-de aşyk! Aman NOBAT. | |
|
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |