23:04 Çäç | |
ÇÄÇ
Goşgular
Ýyldyrym çakdymy? Gök gübürdedi? Ýa-da daglar gozgandymy ýerinden? Magnidiñ çekdimi? Gujurly çignim Iki büklüp, Düwme-düwme derledi. Magrupdan Maşryga sergezdan kimin Ygyşýan bulutlar Däli serimden Ýüz ýylyñ arzuwy, hyýaly birden Süýthatynyñ sanajyndan dikaşak Müñzäp gaýdan ýagyş ýaly pöwşüldäp Ähli kitaplarmy, Goş-golamlarmy, Asyl-ha özümi ylham siliniñ Girdabynda ikiýana bulady. Fyrgun ýaly gark bolsamam deñizde Manamanyñ gerişlerne direlen Nuhuñ gämisinden aman diledim. Saña haýal etmän gowuşmak üçin Düýnden, öññinden syýymda ýek-tük Asylyşyp galan harpyk-hurpygy Yşkyñ guşgöz eleginde eledim. Aýama üýşende bir goşawuç çäç Jemalyña bolsun diýip sadaka Jüýjesine berdim Humaý guşlaryñ. Bir boş depder alyp, hem galam bilen Ýazmak üçin seniñ şirin düýşleriñ Dek şu gije gidip barýan ýanyña, Ähli gunduzlarym, garalam bilen... | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |