17:27 Çigit satýan gyz | |
ÇIGIT SATÝAN GYZ
Köpelmese azalmazdy hatarlar, Gelerdi ýigit-de, gyzdyr gelin-de. Düýn Gün bolup ýanan günebakarlar, Ömrüni soňlardy onuň elinde. Baryn tanamazdy gelenleriň ol, Bu şäherde ony köpler tanardy. Görmegeýdi, ýöne bezenmezdi ol, Egninde-de şol bir köýnegi bardy. Ol azap çekmezdi döküp derini, Ýöne kyn bolardy ýeke galanda. Sananda gazanan köpüklerini, Howury kiparlan Teke bazarda. Arzuwçyl oglanlaň gül sesi nesip Etmändir, gül göwni galkardy weli. Bu uly şäherde oňa hiç kesiň Nebsi agyrmana degenok eli. Dözerdi aýaza, otyr yssyka, Dilgirlikden yş ýok onuň sesinde, Berilmedik gaýtargydyr stakan, Düýşünde görýäni on ýedisinde. Ýyllar näme… onuň çigidin alýan, Howlugyşyp barýan adamlar ýaly Tiz geçdi. Gyz keşbi, köz yşky ýanman, Çigit gabyklarnyň astynda galdy. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |