20:28 "Dad-u-bidat..." | |
"DAD-U-BIDAT...“
Ýalançyň ýarany köpelip barýar, Ýaşyňy, garryňy kökerip barýar. Hem seni, hem meni çökerip barýar, Dad-u-bidat, Dad-u-bidat. "Kyýamat gün goňşudandyr“ diýleniň Sözlerinde apy-tupan, Gözlerinde demir gapan... Dad-u-bidat, Dad-u-bidat. Diýseň eger "ýalanyň bar“, "Ýalanyňda ýananyň bar“. Şo wagt, onuň jogaby nagt: "Dünýäň özi ýalançy, Dünýäň özi talaňçy...“ Dad-u-bidat, Dad-u-bidat. Bolup men bitap, Bolup men bitap... Boş biriniň hoş sözüne Hoşlugyna ynam ýokdur. "Goç“ biriniň goç sözüne, Goçlugyna ynam ýokdur. Atam diýdi başyn ýaýkap, "O kişide iman ýokdur“. Aldanda gözüňe garap aldaýar, Ýylgyryp aldaýar, aglap aldaýar. Özüňem bilmersiň, ýaglap aldaýar. Dad-u-bidat, Dad-u-bidat, Dad-u-bidat, Allaýar... 07-09. 10.2016. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |