08:45

Dana Pyragy hakda gymmatly kitap

DANA PYRAGY HAKDA GYMMATLY KITAP

Magtymguly Pyragynyň ýyly atlandyrylan 2014-nji ýylda şahyryň köptaraply döredijiliginiň ähli ugurlary barada makalalar tapgyry yzygiderli çap edildi. Onuň ummany ýatladýan döredijilik älemi hakda ýene-de ençeme makalalar ýazmak mümkin, çünki  ol älem örän köp ugurly. Onuň döredijiligine baha bermäge synanyşan güýçli alymlardan biri, gühdogary öwreniji Ýe.E. Bertels  onuň adamzadyň ruhuna ruh goşýan gymmatly söz hazynasyny Jemşit patyşanyň ýüzünde bütin älem görnüp duran tylla jamyna deňäpdir. Mahlasy, onuň döredijiligini öwrenmäge synanyşan her bir alym onuň döredijilik älemine baha bermek üçin üýtgeşigräk bir pikir gözläpdir. Her kim özüçe bahalandyrypdyr. Ajaýyp pikir gözlegleri şol dowam edip dur, dowam edip dur. Onuň döredijiligini öwrenýän her bir alym onuň gymmatly ruhy mirasyny ummanlara deňemäge synanyşýar. Has dogrusy, ol gymmatly hazynanyň tarypyna söz ýetenok.
Dana şahyryň  hormatyna Magtymgulynyň ýyly diýlip yglan  edilen 2014-nji ýylda hormatly ýurt Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atlandyrylan ajaýyp kitaby halka gowuşdy.  Kitap beýik akyldaryň ummany ýatladýan döredijiligi barada hormatly Prezidentimiziň aýdan gymmatly sözlerini bir ýere jemläphalka hödürlemek maksady bilen neşire taýýarlanylypdyr.Biz bu kitaby okap, beýik Pyragynyň döredijiligine berlen üýtgeşikden üýtgeşik, gymmat bahaly sözler bilen tanyş bolýarys. Söz älemine gutarma ýok, gözlän tapar, “Yhlasa myrat” diýleni-dä.   Öňi bilen kitabyň ady hakda, hakykatdan-da, “Magtymguly ynsan kalbynyň öçmejek nury”, elbetde, beýle baha bermek üçin şahyryň ummany ýatladýan, ynsanlaryň  ruhuna ruh goşýan, kalbyna şatlyk çaýýan döredijik älemi bilen jadylanmaly, ylymdan ýüküň ýetik bolmaly.  Kitabyň içinde ýerleşdirilen pähim-paýhas siňen sözler sanardan kän, özi hem üç dilde. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gyzyklanýan  türkmen, rus, iňlis okyjylary üçin iň zerur gollanmabolup hyzmat edip biljek her kimiň ýan kitabyna öwrülmeli gymmatly kitap.
Kitapdan käbir paýhas siňen sözleri mysal almakçy. Ine, olardan biri: “Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi. Bu çeşme gözbaşyny Oguz han Türkmenden, Gorkut ata Türkmenden, Görogly beg Türkmenden alyp gaýdyp, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelge edinen ynsanperwerliginden, ahlak we edep ýörelgelerinden, yşkdan we gözellikden ylham alýar”( 14 s.).
Bu sözleri okap, öz-özüňden oýlanmalar ummanyna çümeniňi duýman galýarsyň, dogrudan-da, Magtymgulynyň döredijiliginiň gözbaşy ata-baba ýörelgelerimizi ile ýaýmakdan, ynsanlara öwüt-ündew etmekden başlanýar. Şahyr “Ýörgün ata-baba ýörigen ýola” diýýär ahwetin! Akyldaryň bu sözleri şu günki günem nesiller üçin öwüt-ündew bolup ýaňlanýar. Şahyryň ähli dana sözleri danalardan, şeýle hem halkyň döredenfolklor dürdänelerinden – atalar sözüdir nakyllardan gözbaş alyp gaýdýar.
Gysgaça makalada hormatly Prezidentimiziň gymmaty hiç wagt egsilmejek sözleriniň haýsy biri barada durup geçjegiňi biler ýaly däl. Ol sözler biri-birinden täsirli, tüýs beýik Pyragynyň döredijiligine berlen gymmatly baha. 

“Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy” (47 s.). 

Bu sözleri öz halkyna iňňäň belet, halkynyň “ody bilen girip, küli bilen çykýan”, halkyň durmuş ýörelgelerine belet beýik Ynsan aýdyp biler. Beýik Magtymgulynyň sözleri her bir türkmen üçin hakykat, her bir türkmeniň gürrüňçilikde “Magtymguly hem şeýle diýýär”, “Magtymgulynyň ynanýan zatlaryna biz hem ynanýas”, “Magtymguly aýtdy, tamam, şol dogrudyr” diýýän sözlerini kän gezek eşitýändiris. Diýmek, Magtymguly “iň beýik ynanç”, “mähek daşy”, “Ynsanlaryň göreçlerine öçmejek nur” . Bu sözleriň gymmaty hiç wagt egsilmez.Bu ajaýyp sözler her bir türkmeniň kalbynda orun tapar.
Sözlerden ýene-de biri: “Magtymgulynyň şygyrlary ynsan ýüreklerine em, argyn bedenlere kuwwat, sussypese ruhy ganatdyr. Hut şonuň üçin hem halkymyz Magtymgulyny agyran-ynjan, aljyran, gussa batan gününde dertlerden gutarjak lukman tutunypdyr” (54 s.). Hut öz segsenden geçen kakamyň Magtymgulynyň hala geçirilen suratyny duldan asyp, ýüzlerçe goşgularyny ýat tutup, hemmelere ýatdan okap berip oturşy göz öňümden gidenok, şol ýaşulular Magtymgulynyň şygyrlary bilen dem aldy, şol şygyrlar bilen ýaşadylar, hakykatdan-da, Magtymgulyny  “ruhy lukman” tutundylar. Öz halkynyň ýürek urgusyna belet bolan hormatly Prezidentimiziň kalbyndan çykan bu sözler ýönelige döränok, her bir sözüň aňyrsynda çuňňur hakykat ýatyr. Hakyky sözler arassa kalpdan çykyp, arassa kalplara ornaşýar. Bu hili gymmatly sözler Magtymgulynyň adyny has hem  ebedileşdirýär, dünýä ýüzüne ýaýýar, Magtymgulynyň kimdigini bilmeýänlere bildirýär.

“Magtymgulynyň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir” (53 s.). 

Magtymgulynyň şygyrlarynyň gymmaty barada aýdylan bu sözleriň täsiri, jadylaýjy güýji hem akyldar şahyr Magtymguly Pyragyny ýürekden söýýän, oňa uly sarpa goýýan ynsanlaryň kalbyny heýjana salýan, hiç wagt gymmaty peselmejek sözlerdir.Beýle sözler kitapda örän kän, olaryň diňe birnäçesi mysal alyndy. 

Gurbanjemal Ylýasowa,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty,
TYA-nyň Milli golýazmalar instituty.

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 863 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanjemal Ylýasowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]