17:09

Diktofon / satiriki hekaýa

DIKTOFON

Dogrusyny dogry aýtsam, begenjimiñ çeni-çaky ýokdy. Ýyrşaryp, näçe günläp ernim bir ýerik gelmedi. Neneñ begenmejek?! Gyzylly halta el ildirdim ahyryn. Hawa, haçandan bäri arzuw edip ýören zadymy ahyry ele saldym. Biler bolsañyz ýañy birki günlükde maña ýörite žurnalistler üçin niýetlenen täzeje ýapon diktofonyny berdiler. Indi meniñ birhili dilim gijäp durdy, kimdir biri bilen söhbetdeş bolup, onuñ sesini ýazga geçiresim gelýärdi. Elim täzeje diktofonly köçä çykdym. Öz işleri bilen haýdaşyp barýan adamlaryñ ýaltaklap ýüzüne seretdim. Hiç kimiñ meniñ bilen işi ýok. Be, näme etsemkäm?!
Ynha, onýança sag ýüzümden gyryljygrak bir ses eşdildi. Ses gelen tarapa seretdim. Agajyñ goýry kölegesinde arkasyny tama ýaplap çigit satyp oturan adama gözüm kaklyşdy. Ol adam ýene-de gygyrdy.
- Gel, inim, çigit al!
Men diktofony işledip, onuñ ýanyna bardym.
- Agam, salawmaleýkim!
- Näçe stakan gerek? Gaty gowy, dok mañyz, iri çigitdir. Her haýsy edil şänik ýalydyr. Özem arzanjak satýan.
Görýän welin, gürrüñdeş tapylaýjak ýaly-la. Goltugyna garpyz gysdyryp başladym.
- Bä, bi çigidiñ, agam, importnyý öýdýän...
- Bildiñ - diýip, ol meniñ sözümi böldi. - Öten ýyl turis bolup Bolgariýa gidemde, iller pombarh diýip ylgasa, men tohumlyk günebakar çigidini gözledim. Alyp geldim, ep-eslijäni. Getiribem, ekdim mellekde, edil başyna gögeren ýaly boldy.
Bu adamynyñ gürrüñi meni gyzyklandyryp başlady. Bir görseñ-ä ol jahankeşde adama meñzeýär. Edip oturan pişesine seretseñem... Düşnüksiz. Men ony ýene-de gürletmek isledim.
- Agam diýýän-ä, dünýede işsiz adamlar kän-ow. Hana, ýaplanyp oturan diwaryñyzyñ ýüzüne serediñ, paýyş sözleri ýazypdyrlar. Şo zatlary edýän kimkä? Siziñ pikiriñizçe onuñ günäkäri kim?..
Ol meniñ soraglaryma edil öñden garaşyp oturan ýaly eken. Sözümi soñlatmady.
- Oñ günäkäri kim bor öýdýäñ? Elbetde, mollum. Çagalara aslynda hat öwredýän mollum ahyryn. Dogrumy?! Mekdepleriñ işi gaýtdy. Çagalara terbiýe berenoklar. Diñe aýlyk almany bilýärler. Men, ynha, şu şäheriñ etegindäki obalañ birinde ýaşaýan. Biziñ kolhozymyz gök ekerançylyk bilen meşgullanýadar-aý. Ýylyñ-ýylyna gowja hasylam ýetişýä, tüweleme. Ýöne oñ bary ýere siñip gidýär-dä. Özüñ bilýäñ, kolhozçylañña näme, o zatlara eli degenok, olañ öz işleri bar. Çagalaram indi öñküler ýaly okuwdan goýberenoklar. Mollumlar kolhozyñ ýolbaşçylary bilen dikleşip, ýaka tutuşyp durlar how, okatmaly diýen bolup.
Okadyşlarynam-a, ynha, özüñ görýäñ. Iñ bärkisi tamlañ, partalañ ýüzüne ýazýan zatlarynam dogry ýazyp bilenoklar, ýalñyşdan doly, how. Bular gaty sowatsyz. Meñ diýjek bolýab zadyma düşünýäñ dälmi?! Kolhozlañ önümçilik planlarynyñ ýerine ýetmezligine-de ýene-de mollumlar günäkär. Okuwçyny işe goýberenoklar.
Be, bendäñ çagasy mugallymdan beýle ýangynly eken-aý, edil ary köýen ýaly. Näme mugallym onuñ berenini iýmedimikä?! Ýok, munuñ añyrsynda bir jukguldyjyga bolmaly. Hany, urman-sögmän muny entek gürledeýin.
- Ýogsa-da, agam, nähili, çigit geçýämi?
Ol ýüzüni ýokary galdyryp ýüzüme seretdi. Meniñ soragyma sorag bilen jogap berdi.
- Bi elindäkije zat näm-aý?
Dogrymy aýtsam sygryñ guýrugynda pyçak döwlermikän öýdüp gorkdum.
- Az, bi-de bir ýöne radiojyk-laý.
- Çigit bilen çalyşsañ-a aýt bahasyny?
Men ýylgyrdym-da, ýene-de öñki soragymy gaýtaladym.
- Näme, çigidiñ geçenokmy?
- Hawa, geçenok. Oña-da mollum günäkär. Mekdepleñ agzynda satdyranaklar, ýogsam çagalar ölemen aljak-laý. Umuman, akylly-başly mollum bolmasa, oñ köp zada zeperi ýetýä...
Men durup bilmedim.
- Bagyşlañ, ýogsa-da siziñ öz asly käriñiz näme?
Ol göwünli-göwünsiz jogap berdi.
- Mollumdym-laý. Söwda-satyk edýäñ diýen bolup gyraklatdylar işden. Bu işimiñem düşewündi şondan az däl.
Içimden, pyzan bolsalar oñaraýypdyrlar diýdim. Daşymdanam:
- Siz özüñiz baradaky "Çigitçi" diýen felýetony ýakyn günleriñ birinde radiodan diñläp bilersiñiz - diýip, diktofonymy öçürdim.
Meniñ aýdan zatlarym onuñ gulagynyñ ýele ýanyndanam geçmedi öýdýän. Gürrüñdeşimiñ gara gaýgysy çigidi eken.
- Wiý, sen asyk yradýañ işgärimi? Edarañyz nirede, köşek. Şo ýerde çigit gowy geçmezmikä, hä? - diýip, ol zöwwe ýerinden galdy.
Onuñ aýdanlaryny eşitmediksirän bolup o ýerdeb ýeñsäni el ýaly edäýdim.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 417 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Täçmämmet JÜRDEKOW | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]