18:15 Dileg | |
DILEG
Säher çagynda dünýäniň Namalarymdan aýyrma. Kitap manydyr diýýänim Danalarymdan aýyrma. (Ýürek, bilýän, öňem bar sen), Deňi-duşy, dosty-ýardan, Balam diýip saçy gar deý Agaranymdan aýyrma. Bar umydym – toý-tomaşam, Arzuwlary goşa-goşa, Gözmonjugy ýaly goşa Balalarymdan aýyrma. Ýüregim il aýasynda, Dilegim il barasynda, Il-günümiň arasynda, Agalarymdan aýyrma. Sazagy mert, güli üşek, Hydyr ataň demi düşen, Dünýäde iň ýumşak düşek Ak alaňymdan aýyrma. Gurbandurdy ORAZOW | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |