14:37

Döredijilik adamy nähili bolmaly?

Категория: Publisistika | Просмотров: 243 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Ol iňlis Jon Serwis ýa-da türk Soner Ýalçyn Stalin "eruditligi", "intellekti", "alymlar bilen söhbeti" barada daş gulakdan eşidip näme diýseler diýibersinler, emma men olardan tapawutlylykda K.Marksyňam, I.Staliniňem ýazan zatlaryny okadym. Marksy okap, hakyky akyldarlygyň nusgasyny görüp, akyldarlykda arşa çykarylýanlaryň köpüsiniň düýbüniň boşdugyny bilip galdym. Stalini okanymda hem, ýüzleýligiň nusgasyny görüp, şoňa göz ýetirdim.

Häzir dünýäde bir zady delillendirmek üçin Stalinden bir sitata alýan ýok. Hany, "intellektinden" bir derek galypmydyr? Staliniň iňňän beýik eser hasaplap, Stalin baýragyny berdireni W.Ýançewskiniň "Çingiz han" eseridi. Okuw kitaby ýaly bir zat. "Sen maňa gowy gören eseriňi aýt, men seniň derejäňi bileýin".

Soner Ýalçyna bir haýyş: Staliniň ummasyz paýhasyna bizi ynandyrjak bolýarsyň, onda onuň aýdan-ýazanlaryndan bize çuňňur manyly, adamzadyň ýadynda galmaga mynasyp bir jümle getirip bilmermisiňiz?

Iwan Groznyý, Stalin, Mao ýaly adamlaryň seýrek duşýan üýtgeşik sypatlarynyň bardygyny bilýäris.

Emma bu ýerde onuň akyldarlyk dawasy öňe sürülýär. Hemme beýik ýazyjylary zibile garan Ýalçyn (olaryň zibili barada men aýdyp başlasam gutarmaryn) makalany Staliniň akyldarlygyny taryplamakdan başlapdyr.

Sensasiýa onuň halaýan zady, ýöne delili barmyka?

Stalinden Mark Awreliý ýaşamak Ýalçyň-ada, hiç kime-de başartmasa gerek. Ondan Neron ýa Kaligula çyksa çykar, Awreliý çykmaz. "Чего нет, того нет" diýýäni.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]