17:43 Dostluk degişmesi | |
DOSTLUK DEGIŞMESI
Goşgular
![]() Kim bu duran pyýada? Kim bu duran kişiler? Ilki söze, elbetde, Aýhan Hajy goşular. "Istäp ki gözel keşbiñ, Ele almyş kistimi. Suratyñ taýýar kylyp, Çagyrmyş köp dostumy. - Nepesmi bu? - diýişip, Tanadylar şo bada". Indi bolsa söz berýäs, Ussat Maýa Myrada: "Biz çekdik keşbiñi halyñ ýüzüne Dolap ony gyzyl-elwan göllere. Seniñ şygryñ, meniñ elim hünäri, Nusga bolup galsyn ilden-illere!" Weli bilen Adrian Çykarman dur sesini. Operada diñläpdik Zöhräñ ariýasyny. "Zöhre-Tahyr" dil açdy, Sazandalar dymsa-da. Kemiljana söz berýäs, (Han-ha dur ol ýeñsede). "Bir ýüz elli ýaşyñ doldy, Oýan, indi, Mollanepes. Horezmli bagşyñdyryn, Men del kişi däl-le, Nepes. Mol-la Ne-pe-ee-s, Mol-la Ne-pe-ee-s!" Kemiljan-a aýdymyny Entek dowam etjek weli, Serediñ: ör boýna galyp Söz soraýar Tañryguly: "Yşk mülküniñ şasy" diýp Oýun ýazdym şanyña. Diñlemäge goşgyñy Gelmişen men ýanyña". Sag bol aýdýar Zöhredir Tahyr Aman Kekile, Alym Aman Kekile, Şahyr Aman Kekile. Aman arşa çykardy, Olar hakda dessany. Gutla, Nepes Amanyñ Ellerini gysdany! Dostluk degişmesini ýazan Berdinazar HUDAÝNAZAROW. Suraty çeken Aşyr ORAZOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.12.1963 ý. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |