20:22

"Dünýäni söýgi halas eder!"

Просмотров: 693 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Adalat19  
3
Menä telewizorda görkezilýän zatlaryň birinede ynanamok.

0
2 Adalat19  
3
Gluhowskiň kitaby metro 2033 we oň dowamy metro 2034 bolmaly

0
3 Bagabat  
43
Dostoýewskiý-ä: "Dünýäni gözellik halas eder" diýipdir... wink

0
4 Bagabat  
43
Aristotelden: "Dünýäni saklaýan güýç näme?" diýip soranlarynda: "Adalat" diýip jogap beripdir. "Adalat näme?" diýip ýüregine düşmeklerini dowam edenlerinden soň bolsa: "Her kime öz mynasybyny bermek" diýip jogap beripdir. cool

1
5 Raýdaş  
130
Elbet-de Isra suresinde "We lakad kerramna beni Ademe fil berri wel bahri..." diýilşi ýaly adamogluna Ýaradan hem ýerde hem suwda hem-de howada açyşlar etmäge, täze-täze ylmy öwrülşiklerdir özgerşikleriň sebäpkäri bolmaga ýetjek derejede akyl-mantyk nygmadyny beripdir. Ýöne 1960-njy ýyllarda ABŞ-nda Afrika aslyýetli Amerikanlaryň deňhukuklygy ugrunda göreşen gahryman Martin Lýuter Kingiň agzyndan aýtsak "Adamogly guşlar ýaly uçmany we balyklar ýaly ýüzmäni öwrense-de entek-entegem ynsan bolup, ynsan ýaly ýaşamakdan ejiz..."
Öňem biri tebibe baryp "barmagym bilen nirämi ellesem şol ýerim janymy alyp gelýär" diýen ekeni, tebib ýaňkyny barlaşdyryp görse bendäň barmagy çykan ekeni... Nirä gitseňem ýüregiň bilen kelläňi çalyşmasaň soňuň "Hajy Pişik agaňka" meňzär... Oturup-oturup haýran galýar adam. Utahda, Gobide ýa Antarktikada tejribe koloniýalaryna sarp edilen zähmet we çykdajylary "Ребята, давайте жить дружно!" temaly halk köpçüligine açyk seminarlar, konferensiýalar geçirmek üçin sarp eden bolsalar dünýämiziň ykbaly üçin has peýdaly bolardy...

1
6 Raýdaş  
130
Ýapon aslyýetli ykdysadyýet sosiology Fransiz Fukuýamaň ykdysadyýet meselesi boýunça ýazan geň-enaýy kitaby bar. Kitabyň ady "YNAM". Aslynda bu kitap onuň dünýä röwşenpikirlerini aýaga galdyran "Dünýäniň soňy we iň soňky adam" eseriniň dowamy ýaly bolup dur. "YNAM" kitabynda ýazyjy ykdysadyýet babatda ösen jemgyýetleriň özeninde birek-birege bolan ynam esaslarynyň ýatandyyny belläp geçýär. Germaniýa, Ýaponiýa we ABŞ (Bu ýerde bellemeli nokadymyz ABŞ soňky 25 ýyllykda möwç alan 'kişiçilik' hereketi bu ynam duýgusyny gowşadýar) ýaly ösen ykdysadyýete eýe ýurtlarda adamlaryň, guramalaryň, edaralaryň we şereketleriň birek birege bolan ynamly gatnaşyklary ýurduň ösmegine bat berýar diýýär. Haçan-da esasy maýanyň-sermaýanyň jemgyýetdiginiň aňyna ýetsek ykdysadyýetimiz Ewereste çykar, kyýamatam gopman geçer...

1
7 Raýdaş  
130
Gurbannepesowyň "Biziň işimiz" goşgusyny şugün ýene bir gezek okap görüň. Gyzykdyrmak üçin fragment bereýin:

"Gurhanda "Magşarda gopup harasat
Asman-ýer çöwrüljek!" diýilýämişin.
Ýer çöwrülmez. Birden çöwrüläýse-de,
Ýeri çöwürjek zat:
"Meniň nä işim!"

0
8 Şirhan  
49
Mmmbäh...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]