21:23

Dünýewi Ýewropa we dinden daşlaşmalar

Категория: Publisistika | Просмотров: 202 | Добавил: Gökböri | Теги: Emile Amin | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Tankytçy  
1595
Pikriňizi we düşünjäňizi açyk manyly beýan edipsiňiz, berekella, ýöne Ýewropanyň bu mesele babatda daşary ýurtlardan gelýän migrantlardan görmeli däl. ýa döwrüň üstüne atmaly däl. Indi näçe asyr bäri dowam edip gelýän "Ynsan maýmyndan döredi, milliýon ýyl bäri ewоlýusýa bolup geçdi" diýen ýaly pikileri öňe sürdüler. başgada kän pikileri öňe iterdiler. Başga-da kän erbet zatlara adamlaryň islegi bar diýip ýola goýdular. Bu bolup geçýän zatlaram olaryň eken bagynyň miwesimikä diýýän.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Özgerişlerdir öwrülişikler Ýewropa üçin mydama mahsusdy we soňky asyrlarda dünýäni özgerdiji güýçleriň merkezi hut Ýewropa boldy. Özi hem mydama özgerýärdi, galan dünýäni hem özgermäge mejbur edýärdi. Mahlasy, XVIII asyrdan bäri dünýä taryhynyň lokomotiwidi Ýewropa. Bu ýerde bolsa ony diňe häzir ukudan oýanyp, dünýewilige geçip ýören ýaly görkezilýär.

Ýewropa belli bir manyda hristianlygyň merkezi bolsa-da, edil hristianlyk bilen bir zat däl. Hristianlyk Ýakyn Gündogarda döredi, ilkinji hristian döwlet Ermenistan bolan, häzirem Aziýada, Afrikada we aýratynam Latyn Amerikasynda hristianlygy ýewropalylara garanda has berk tutýan ýüz millionlarça ilat bar.

Onsoňam bu ýerde Günbatar Ýewropadaky hristianlyk (katolisizm we protestant akymlar) göz öňünde tutulýar. Balkanlarda we Gündogar Ýewropada kommunistik sistema ýykylandan soň hrisriançylyk formal taýdan dikeldildi. Katolik Polşada formal taýdan din, maşgala gatnaşyklary ýaly meselelerde häzir günbatarlylara garanda berk ýörelgeler gaýtadan dikelýär.

Eýsem-de bolsa, makalanyň temasy Günbatar Ýewropa. Emma bu ýerde-de, hristianan ýörelgeleriniň şu wagta çenli agdyklyk edip gelendigini çürt-kesik tassyklamak ýöntemlik bolardy.

Rim imperiýasy hristianlygy V asyrda, franklar VI asyrda kabul etdiler. Şol wagta çenli hemmesi pagandy (язычник). Halk köpçüliginiň aňyna hristiançylygyň X asyrdan öň doly ornaşmandygy belli, muny K.Marksam ýazýar. Diýmek, Ýewropada hristiançylyk müň ýyl ýaly agalyk edipdir, bu agalyk hem jedelli ýagdaýda.

30 ýyllyk gandöküşikli din urşy ilatyň hristian bolandygyny subut edenok, fanatik bolandygyny subut edýär, bular başga zat. YŞYT-çylar fanatikdi, emma özleri kän dindar däldi.

"Ýewropa Renessansyň mekanydy" diýip awtoryň özi aýdýar, hristiançylygyň düýbünde goýlan haýal bomba bolan Renessans bolsa orta asyrlarda ýüze çykypdy we soň şonuň esasynda aýdyňlaşma, erkin pikir, pozitiwizm, sosial utopiýalar, klasiki filosofiýa, dialektiki materializm we taryhy materializm, ýagny marksizm, nigilizm, ylmy ateizm, darwinizm, freýdizm, anarhizm, kommunizm, faşizm, feminizm, seksual rewolýusiýa, LGBT, satanizm, dürli sektalar we ýene gaýry bela-görler ýüze çykyp, ýuwaş-ýuwaşdan şu ýagdaýa gelipdi. Bu zatlaryň köpüsi eýýäm XIX-XX asyrlarda bolupdy.

Awtor bolsa "kempir Ýewropany" şu wagta çenli takwa hristian bolup, indi hamala migrantlarmy-kimler tarapyndan üýtgedilip ýörlen ýaly edip görkezýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]