07:43 Durmuşa buýsanç | |
DURMUŞA BUÝSANÇ
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyñ hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ tagallalary netijesinde türkmen halky bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Ýurdymyzyñ islendik pudaklaryna seredeniñde-de ýokary derejede ösüşlere şaýat bolmak mümkin. Halkyñ Watana bolan söýgüsi çyn gursakdan çykýan çeşme diýip aýtmak bolar. Bu çeşmäniñ durulygy bolsa gözleri guwandyryjydyr, buýsandyryjydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan ýurdumyzda ähli taraplaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriñ ählisinde halkyñ bähbidi ýatyr. Agzybir we parahat durmuşymyzyñ miwesi hökmünde ýurdymyzyñ ýokary depginde ösüşlere beslenmegidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyñ abadan durmuşda ýaşamagy üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýär. Biz hem şol edilýän zähmete jogap edip, ýurdumyzy ylym-bilim babatynda dünýä ýaýjak geljekki nesil bolup ýetişmelidiris. Bize okamaga, döretmäge giñ gerimde ýokary derejelere ýetmäge, ähli babatda ösüşlere eýe bolmaga mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyñ we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ janlary sag, ömürleri uzak belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! Körpe ÝAKUBOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |