06:04 Durmuşym, Ykbalym, Ömrüm / goşgular | |
DURMUŞYM ,YKBALYM, ÖMRÜM
(Goşgular toplumy) ▶ SÖÝGINIŇ DERGÄHINDE Söýgi! Saňa baglap, ygrar-u-ähdim, Ak baharlaň sährasyna düşmüşem. Käbelik söýginiň, metjitlik mähriň, Haka uzan mährabyna düşmüşem. Ýazgydy sen, ýaşlygymyň, ýazymyň, Nedir seniň huzuryňda ýazygym, Öz-özümden, täleýimden tazygyp, Galagoply ykbalyňa düşmüşem. Baglap yşgyň ula giden aýlawyn, Alan barmy söýgiň bagt baýragyn, Herhal dünýäň allaryndan aýlanyp, Yşgyň synmaz yhlasyna düşmüşem. Uçdum ganat alyp seniň periňden, Saglygym sen, sagadatym-serim sen, Gaçyp gylyç kibi kirpikleriňden, Gözleň düýpsiz derýasyna düşmüşem. Ýylgyrşyň ýaý, hoş sözleriň ok ýaly, Bendi etdiň bu biçäre ykbaly, Sen kalbymyň iň ajaýyp ahwaly, Näzik göwnüň telwasyna düşmüşem. Käte bagta, käte gussa birigip, Kä özüň süýjetdiň,käte irizip, Sen—bakylyk, Sen—zemine dirilik, Çyn ýaşaýşyň dergähine düşmüşem. ▶ GEL, SYRYMY AÝDAÝYN… Seň näzik göwnüňe degmekden gorkup, Syrym saklap gezdim şu çaka çenli. Bu gün bolsa bire baglap ýüregim, Saňa bir zatlary aýdasym geldi. Gel,janym, kalbymy açaýyn saňa, Isle-hä ýaz eçil, Isle-de ýazgar. Barybir gözleňden gitme ýok maňa, Bu söýgi kalbyma ebedi ýazlar. Ynan, kän gezdim men bir özüm söýüp, Indi ýürek bu ahwaldan iripdir. Düşünýärmiň, gara gözüň güldürip, Öten agşam düýşüme-de giripsiň. Ah, şo-ol gün diýsene, duşupdygam biz, Gelipdem şo-ol sözi diýmeli halat. Ýöne ýüzüm kesä sowanym üçin, Şol gün ýygralygma okadym nälet. Hawa, kän oýlandym, ölçerdim, dökdüm, Ýöne munu sen birjigem aňmadyň. Wiý, ýogsa-da, näbilýärsiň diýsene, Belki senem meňki ýaly haldasyň. Hut şonuň üçinem giç dälkä heniz, Bu söýgi armana dönmänkä bir gün. Gyzgyn ýüregimi aýama alyp, Gel, saňa bar zady bereýin gürrüň… ▶ ÝYLGYRYŞ Egne zerbap begres geýen güýzleriň, Aýly gijesidi bizi duşuran. Seni gören çagym gözlem gamaşyp, Başymdan uçupdy akyl-huşumam. Erändirin öýtdüm söýgiň öňünde, Nerkes gözleň mähir bilen bakanda. Seniň üçin aýap ýören sözlerim, Ah, nädeýin uçdy gitdi dahandan. Şeýle bir örtäpdi gara gaşlaryň, Herne,halas etdiň meni ýylgyryp. Ynan, meni munda ýaşadyp ýören, Şol ajap gün, şol ajaýyp ýylgyryş. ▶ ÝAŞLYGYŇ HUZURYNDA Heniz mekdebi-de tamamlamankak, Söýüp taýly boldy deňi-duşlarym. A men weli seň gelerňe garaşyp, Hiç bir gyza söz gatmadym, Ýaşlygym. Ne beýle köp garaşdyrdyň sen meni. /Men senden kän bir zat hantama däl-ä / Indi bir eglenme, gideli tizräk, Münüp, mähir atly ullakan gämä. Müdimilik mekan tutaly indi, Söýgiň ho-ol görünýän täsin adasyn. Yşgyň gözleginde ýadamaly biz, Goý, çyn söýgi gizlenmekden ýadasyn. Düşünýärmiň, söýgiň didelerinde, Bir mukaddes heýkel bolup galaly. Şonda synmaz ömür diläp özüne, Bize tagzym eder söýgi şalygy... ...Bilýän, bu arzuwma ýeterin ynha, Ýöne Ýaşlyk, senden haýyşym tenha – Ýaşlygyňy edip, çapyp salgyma, Meni aldama!.. ▶ NEÇÜN Soňky wagt maňa bir zad-a bolýar, Düşüp ýörmükäm ýa yşga – beýlekä. Sözlesene, janym, gözlerme bak-da, Neçün beýlekän?!. Ynjalyk berenok nämedir bir zat, Ýogsam aladamam ýog-a beýle kän. Salgym gol bulaýar başymy aýlap, Neçün beýlekän?!. Ýesir düşüpdirin düşnüksiz dünýä, Meniň bolup ýörşüm garaz şeýle-dä... Öz ýürek sözüňi aýtsana, dünýäm, Neçün beýlekän?!. 17. 10. 2003. ▶ ŞOL GÜN... Ýaňy ymyzganan hasraty gozgap, Ýene göz öňümde janlandy şol gün. Neçün, henizlerem bilip bilemok— Şol gün juda-juda göründiň solgun. Durnalaň toýnugna dikip nazaryň, Sypalap durşuňa güýzüň güllerin. Bir zat diýmekçidiň, başarmadyň sen, Eda bilen gozgansa-da lebleriň. Ýöne aýdyp başarmadyk sözlerňi, Seň ahmyrly gözleriňden okadym. Şeýdip şemal ýaly ýitdiň gözümden, Goýup söýgimiziň soňky nokadyn. Haýran bolup galdym salgymyň bilen, Şo-ol äpet agajyň aralygynda. Şeýle bolýarmyka bu öçli ykbal, Bigünä söýgüden ar alanynda... 19. 11. 2003. ▶ GEL, DOSTUM... KLASDAŞ DOSTUM MYRADA Şu gün nämüçindir tapamok karar, Düşnüksiz güýç kalba çekipdir serhet. Ownuk aladalaň üstünden ätläp, Gel, dostum azajyk edeli söhbet. Gezen bolup ýörüs başagaýsyrap, Günler bolsa geçip barýar eglenmän. Kän oýnapdyk gök baýyrlaň üstünde, Indi bizem şo-ol körpeje oglan däl. Ýyldyrym dek aý-günleri kowalap, Girip barýas uly dünýäň çetinden. A-how, söýgi diýen bir zat bar eken, Erkiň aljak, bolsaň sähel çekinjeň. Ýöne bu seň üçin täzelik däldir, Ir çapypdyň söýgiň ýyndam atynda. Ýene gaýta-gaýta bersene gürrüň, Şo-ol ilkinji duşuşygyň hakynda. Siňip ajap ýatlamalaň goýnuna, Çalyp mekdep ýyllarmyzyň yzlaryn. Okaly-la, küt kitabyň gatynda, Goýan söýgi hatlaryny gyzlaryň... Ýaz dek ýatlamalar ýakymly dünýä, Ýarysy aýdym oň, ýarysy—owaz. Ýör, şol ajap aýdymlardan ganaly, Ýogsam, nämüçindir tapamok karar... 04. 05. 2004. ▶ GELÄÝDIŇMI?!. Ömür asmanyna sapa gelipsiň, Ilkinji söýgimiň parlak ýyldyzy. Men gijeler ýatman, saňa garaşdym, Garaşdym, daň öwseninde gyrmyzy. Bahar jümle-jahan bolanda porhan, Güýzler gelip saralanda gözýetim. Men bu gözellikleň üstünden ätläp, Ah, seni gözledim, seni gözledim. Bu gün bolsa, özüň kalbymy yzlap, Geläýdiňmi, şo-ol köneje ýol bilen. Sada ýürek dynman böküp dur welin, Bir zatlary syzýardym-la häldenem. Geläýdiňmi ahyr, Düýnüň üstünden, Köpri çekip huzuryna erteleň, Men-ä bu kelebiň ujun ýitirdim, Bu ýollary sen tapypsyň entegem. Salgym bolup kän göründiň gözlerme, Golum uzatdygym gidýärsiň uçup, Hernä, indi hemişelik geldiňmi, Başyň beri dikmi, ahwalyň niçik?! Mähir bilen ýylat üşän kalbymy, Asmanymda ýalbyramyş Aýymsyň. Äkit ykbalymy ak säherlere, Ýol bolsun!!! 19.08.2004. ▶SENI GÖZLÄP... Aý-günleriň arasynda alňasap, Bir gözüm bagtda, biri wagtda. Men henizem seni agtaryp ýörün, Senden uzaklarda, Senden alysda. Birden-ä hemme zat düşnükli maňa, Birdenem hiç zada ýetenok aklym. Birmahalky saňa barýan ýodalar Indi neçün maňa ýowuz hem çapgyn. Söýgümi, duýgymy, ýa boş gaýgymy, Näme boldy bu ýüregi eýelän?! Seni gözläp, özüm ýitip barýan-la, Eý aman, aman... 08.2005. ▶YKBALYMA Ykbalym! Men mydam şükür edýärin, Ýar bolanym üçin sen deý ykbala. Arkamda sen barkaň gamlanyp bilmen, Hakym ýokdur saňa gyýa bakmaga. ...Ýöne gelip- gelip, yşgymda aldap, Näme meni dar ýollarda örtediň?! Dek düýnüň özünde söýeniň hon-ha Gidip barýar başa atyp kürtesin... Hut şu güne çenli, henize çenli, Syndyrmandyň meniň umyt- ynamym. Ýeri, päk söýgime nobat gelende, Tükendimi täleý ýazýan galamyň?! Ýa-da halys ýakyn saýyp özüňe, Meni söýgüden-de gabandyňmy ýa? Gara gözler köz goýdumy gursakda, Bu söýgüden halys awundyňnmy ýa? Belki-de, bu söýgi zeruram däldir, Seň ýaly müň yşkdan zyýat ykbala. Söýgi meni ýakybersin ataşsyz, Hakym ýokdur seň göwnüňi ýykmaga... 28. 05. 2005. ▶SÖÝGIM Bagtymy gözlegläp geçip barşyma, Bu ýazlaryň, bu barlygyň deňinden. Söýgim, sen yranmaz bagtym bolduň-da, Dömüberdiň täleýimiň teýinden. Özüň-ä bäş harp, ýekeje jümle, Bu bäş günlük dünýäň özümidiň ýa?! Otdan dörän perişdeleň ezelden, Gursagyma salan közümidiň ýa?! Söýgi bilen ömür taýly köwüşdir, Düşün-dä, ýeke taý köwşümi süýräp. Bu ymgyr ýollarda, gyzgyn ýollarda, Gideýin niräk ?! ▶ÝENE SEN ÝADYMA DÜŞDÜŇ Hol-ha, asman gara şalyn örtünip, Zemin ýene süzüp barýar gabagyn. Şu pursat ýene sen ýadyma düşdüň, Ilki söýgim—kalba düşen talaňym. Tämiz dünýäsinde ajap ýaşlygyň, 18-iň gapysynyň öňünde. Gülgün ýaňaklaryň, köz deý lebleriň, Ot ýakypdyr bu howurly köňülde. Kalbymyň gözýaşy sile öwrülip, Gije-gündiz aksa-da oň üstüne. Ýürekdäki oduň öçenok asla, Ynan, janym, ol ot şeýle yssy-la. Özüň bilýäň söýgiň oýun däldigin, Yşgyň ýoly kötel, hem juda ymgyr. Bu ýollarda ykbalyma taý bolup, Meniň gül dünýämde Gün bolup ýylgyr. Hon-ha Aý hem saňa meňzeş ýylgyryp, Goja dünýä süzüp barýar gabagyn. ...Şu pursat ýene sen ýadyma düşdüň, Ilki söýgim—kalba düşen talaňym... ▶ YNHA, BIR GÜN GELER... Şu pursat şemimem ýanyp gutardy, Öňkiňiz dek kalbyň şemin ýakyň-da. Geliň, duýgularym, geçiň gaşyma, Sözleşeliň, täleý-ykbal hakynda. Duýgulam, dowully dünýämsiňiz siz, Hemem özgä baş egmejek mertebäm. Ýöne şo-ol ilkinji söýgini yzlap, Haýyş, meni mundan artyk örtemäň. Köňül, ah, senem-ä dymma bolupsyň, Dymybersin daglar, sen bir seslen-dä. Ýa aýralyk bagladymy dilleriň, Düşün, dünýä—çekinjeňe mesgen däl. Bilýän, ýüregňize düşendir indi, Nätanyş aýralyk, tanyş pursatlar. Ynha, arzuwlarym ak ýola salar, Hyýallarym gurap galmaz gursakda. Azajyk sabyr ediň, garaşyň biraz, Münüp söýgi atly äpet kejebä. Gideris ak ýoldan şol ýara tarap, Goşgularmyz çar tarapa seçeläp. Sizi garşy alar üýtgeşik dünýä, Galkynar taýyndan tazygan ykbal. Bizi şu ahwala ýetirmek üçin, Ynha, bir gün geler, geler ol hökman... 04. 05. 2004. ▶ÝEKE BAKYŞ... Ýeke bakyş bu köňle, Zulmat boldy-la, dünýäm. Gözleň kä ataş, käte Jennet boldy-la, dünýäm. Guwdum deňzinde yşgyň, Birden saňa sataşdym, Ykbalyma gül keşbiň Çeňňek boldy-la, dünýäm. Ýanmyşam yşk alawna, Söýýän diý, gel golaýma, Ýeke sözüň ne beýle Gymmat boldy-la, dünýäm. Bir perwana öwrüle, Ýanyp barýan, heý göre, Duýgular sen serwere Ymmat boldy-la, dünýäm. Gözleriňe aldana, Baglandymmy salgyma, Yşk gülleri kalbyma Ýandak boldy-la, dünýäm. Haýyşym, söýme diýme, Galmasyn kalpda kine, Bu söýgi on ýedime Kysmat boldy-la, dünýäm. Arşdan arap- aýanym, Gowuşmazmy azabym, Niçüýn maňa jogabyň Dymmak boldy-la, dünýäm... 14.07.2005. ▶ HYÝALLARA ÇENLI... Özümi ýitirip, kalbym ýitirip, Ýitirip aňymy, ýitirip aklym. Ötlem-ötlem duýgularyň teýinden Janym, saňa barýan ýodany tapdym. Şol ýodany yzlap saňa ugradym, Terk eýleýip asman-zemin arasyn. Ýöne kabul etmän sada yşgymy, Näme maňa beýle ýowuz daradyň?! Gaýtdym düňderilip, ýüzme urlan dek, Orun tapman seniň köňül törüňden. Ýalňyzlykda ot bolamda nädeýin, Diňe öz-özümi ýakyp ýörün men. Dünýe maňa ýüz berenok, sebäbi Sen diýip dünýeden ýüzüm öwrüpdim. Şeýdip söýgiň allaryndan aýlanyp, Şo-ol öňküje özüm bilen höwrükdim. Bilýärin, häzirem gözlermi ýumsam, Kalbymy duýgulaň tüýtmelejegni. Şoň üçin, gel, äkit meni, bolmanda, Hyýallara çenli, düýşlere çenli.. 17.07.2005. ▶ SEN GELELIŇ BÄRI... Sen geleliň bäri özgerdi dünýä... Sen baryňda günler-aýlar başgaça. Seniň hoş sözleňden siňip ýüregme, Ykbaly özgerden ýazlar başgaça. Sen geleliň bäri menden ýadyrgap, Ýüz bermänsoň, köne gaýgy-hasratym. Saňa çynym bilen köňül berdim-de, Ýuwaş-ýuwaş gamlanmanam taşladym. Sen geleliň bäri... yşk doldy kalba, Sen öwgüden beýik! Söýgüden beýik! Geldi-geçer duýga aldanan köňle Çyn söýgi bolduň-da, bagladyň seýik. Sen geleliň bäri... ümmülmez Zemin, Öňümde kitap deý açylyp barýar. Eý – ho, näme hakdan nur barmy sende, Ýa pynhan syrmydyň?! Men saňa haýran. Sen geleliň bäri... düşündim ömre, Sen meniň täleýme adyl terezi. Wagtynda gelipsiň, ýetişdiň dada, Sen—ömrüme Hakyň ýollan melegi. 08.2005. ▶ SENSIŇ Beg başymy bendi eýlän klasdaş, Dünýämde Gün bolup ýalbyran sensiň. Sen meň çüwen ykbalyma kybapdaş, Ömrüme ýaz bolup, gül bürän sensiň. Mekdep ýyllarmyza aýla nazaryň, Ah, söýýän diýp, niçe hatlar ýazanym, Jadyly güýç bolup alyp ýüregim, Gözde gözýaş bolup bulduran sensiň. Mekdep ýyllarymyz geçip gitse-de, Sönmez söýgim, duşdan heňňam ötse-de, Şol ýyllar her jaňda, arakesmede, Bagrymy paralap sülmürän sensiň. Düşmesin ykbala ajy aýralyk, «Söýýän» sözüň meniň toýum-baýramym, Bol sen meniň soňlanmajak aýdymym, Ýüregimiň soňsuz mukamy sensiň. Goşa göreçlere sygýan dünýe bu, Diňe çyn söýgä baş egýän dünýe bu, Saňa berdim ykbalymy, köňlümi, Kalbymda yşk odun ýandyran sensiň. GÜÝZ, 2004. ▶ ÇYRMAŞYK Birmahallar lowlap duran güldüň-ä, Giň meýdana şugla paýlaýan nurduň. Indi näme sary gussa öwrülip, Birhili göwünsiz ýygrylyp dursuň?! Ýa-da gül ömrüňi otlap gitdimi, Bilbilleň içinde taýdyr öýdeniň. Ynandyňmy, onuň saýrak sesine, Bilmediňmi, allar bilen öwsenin?! Şondan soň görküňden nyşan galmandyr, Adamlaram diýýär saňa çyrmaşyk. Sen şonda-da näler ýaşajak bolýaň, Ýanyňdaky ot-çöplere çyrmaşyp. Ah, seniň derdiňden, gamyňdan ýaňa, Galtaşan gülüňem saralýar, synýar. Onsoň, göwündeşem galmandyr saňa, Garaz, bu durmuşda seniňki kyn-da. Käte-de şemalda uçasyň gelýär, Ýanyna çen şol biwepa bilbiliň. Ýöne uçarganat adamlarda-da, Ykbaldaşyň az däldigin bilginiň. 2005. ▶ SÖÝGI Söýgi! Şu gün bir ýerlere gidesim geldi, Gujagyňy bir pursatlyk terk edip. Ýöne başarmadym, Asyl ömrümi Baglapsyň sen, zynjyrlarňa berkidip. Şeýdip, söýgi, seniň ejir-ezýetiň, Gutulgysyzdygna düşündim şu gün. ...Söýgi lezzet bilen ezýet ekeni, Däl eken oýun. *** Ynha, meň öňümde ýaýylyp ýatyr, Yşgyň aýak basylmadyk meýdany. Ýöne goýbermedi onuň goýnuna, Ho-ol birmahal ýiti-ýiti seredip, Bir gözeliň kalba atan peýkamy... 10. 09. 2003. ▶KALBA URAN AKRAP SEN... Diňle, janym, yşgyň gara dagyndan, Ýürege ot çabyradan çakmak sen. Göni kalba urýar ataşyň, sowguň, Göwnüm, näme, beýle ýuka, çyplak sen. Duýgularmy dara dartyp dat eden, Söýgi, aryň näme men dek sadadan, Käte nurly bahar ýaly, käte-de Ykbalymy aýaz eýlän akrap sen. Ah, biçäre köňlüm – talanan şalyk, Arzuwy, ahmyry gözünde galyp, Ýaşlyk tupanynda azaşyp, gaýyp, Söýgiň girgdabyna düşen ýaprak sen. Göwnümi bulutlaň üstünden aýlap, Sözleriňde doňup, gözleňde gaýnap, Bu ykbaly özüm almadym saýlap, Eýleme, gyz, yşgymyzy çapraz sen. Aýdaýmaly sözden aýlap öwrümi, Aýt, çyn söýgä gyýa bakmak dogrumy?! Ýykma, Ýalňyşarsyň, Ýykma göwnümi, «Metjidi ýykylsa, mährap tapmaz sen». 13. 11. 2005. ▶AMAN-AMAN Iller, bu söýgiň ne geňsi, Kysmaty bar, aman-aman. Ýazsaň, äleme berimsiz, Kyssasy bar, aman-aman. Soňy görünmez derdeser, Diýdiýr: «Elheder, elheder», Saýa gözledip enteden Yssysy bar, aman-aman. Derdin berip, emin bermän, Çekinjeňe çemin bermän, Dar ýollarda demiň bermän, Gysmasy bar, aman-aman. Alnyňda müň dert, müň sowal, Düşersiň oňa bendiwan, Aşyk gözün kör eýleýän, Şöhlesi bar, aman-aman. Gaçyp öýke-kinesinden, Geçip bilseň synagyndan, Nury öçmez, hiç sowulmaz, Uçmahy bar, aman-aman. Ganat baglap, ömrüň içre, Uçmasy bar, aman-aman. 1. 12. 2005. ▶ ÝENE UKLADYŇMY?! Gyşa uçrap, buza dönen dünýäme, Ýyljak umytlary edinip ýorgan. Ukladyňmy ýene, eý, sada göwnüm, Nedir seň yşgyňy asmana sowran?! Şol garamyk gözler, syrly bakyşlar, Göýä ýyldyrym dek tutaşyp, süýnüp, Seni bir pursatda ýakyp ýandyryp, Yşgyň zyndanyna taşlapdyr güýlüp. Ýakan bolsa seni yşk ýyldyrymy Guwan päkligiňe, Taşla ahyňy. Göwnüm! Ýyldyrymlar tebigatda-da Diňe ak zatlary urýar ahyry… *** Bu soňsuz oýlara bäs gelip bilmän, Aklym çaşdy, serim sämedi dünýäm. Bu gursaga ýürek diýip salanyň NÄMEDI, DÜNÝÄM?!. 8. 12. 2005 ▶SENSIŇ ÖÝTDÜM... Sensiň öýtdüm, ho-ol gök baýyr daglara Eňdim oňa, Yzyn tutup hyýalyň. Ýöne dagam sen deý gedem däl eken Gara daşam bolsa aldy salamym. Sensiň öýtdüm Päk asmana, Aýa-da, Dünýä kümüş nurun saçan halaty. Ýöne Aý hem dözmän meniň halyma Bulda siňip, hünibirýan aglady. A sen bolsa gynap yşgyň darynda Ýüzüň göge tutup ýörmüň, henizem. Şonda-da hiç bir zat tutanok ornuň , Men ýeke-täk saňa aşyk, ezizim… 8. 12. 2005. ▶GÖRMÜŞEM Duýgularyň giň çölünde, Göwün atly külbe görmüşem. Içinde baslygyp giden, Ah, müňläp dünýe görmüşem. Bäş barmagyň deňmi näme, Bu adamlar geňmi näme?! Kalby doly aldaw-hile, Hoş sözün dilde görmüşem. Gara gözler – ýyldyza deň, Sekuntlarym – ýyllara deň, Düze çykyp düldüreden Çyn yşgy kanda görmüşem. Sada yşgyma ýüz bermän, Kyldy ugrunda sergezdan, Bu ömri diňe ondan däl, Dünýeden aýra görmüşem. Çöşleýip ýollaň syryny, Ahmyrymy, arzuwymy, Söýgi üçin aýralygy, Aýrylmaz kölge görmüşem. Çeksem-de şunça jepany, Duýdum söýgüde ne many?! Allam! Çyn yşgy, wepany, Ýeke-täk sende görmüşem!!! 13. 01. 2006. ▶ GÜÝZ GÖRNÜŞI Bilmedim, kalbyna agram saldymy, Gursakda saralyp giden gussasy. Güýz ýene-de ýapraklaryn galgadyp, Söýgüsine pal atmaga başlady. Keç boldumy, oň palynyň ýorgudy, Güýz sowuk dem alyp, sessiz aglady. Her kimse başagaý öýüne ylgap, Onuň halyn hiç bir adam aňmady. Arşdan seçelenýän güýz gözýaşyna, Durlandy dag-depe, dünýäň nepesi. Eý-ho, köýen yşgyň harasady-da, Bir zatlara bähbit boljak ekeni... 2005. ▶ NÄMÜÇIN ÝENE SEN... «Bes indi, bar zady, undaly, hoş gal!», diýip soňky sözi aýdanam bolsam, Sähel zada çişip gaýdanam bolsam, Nämçünkä, ýene sen ýadyma düşýäň?! Arzuwlaň, ahmyrlaň ýumagyn çöşläp, Bar duýgular meň daşyma geçende, Çyrpynyp-çyrpynyp kalbyň içinde, Nämçünkä, ýene sen ýadyma düşýäň?! Kämahal öz-özüm özüme duşman, Göwnüme, giň dünýe daralýan ýaly, Hut şol pursat menden ar alýan ýaly, Nämçünkä, ýene sen ýadyma düşýäň?! Durmuşyň bagt derýasyny gulaçlap, Bu baharlar ömre ömür paýlanda, Sal-sal bolan köňli alyp aýaňa, Nämçünkä, ýene sen ýadyma düşýäň?! Nämüçin bu söýgiň täleýi keç, ýar, Senden ara açdym diýip ýörün men, A sen bolsa mydam köňül törümde, Muny giç duýanym üçin bagyşlaň! Wagtal-wagtal, ah, sen ýadyma düşýäň?! 21. 01. 2006. ▶SEN Aňrybaş gözellik, görk-ä ýok sende, Men seň dünýäň, päk ýüregiň aşygy! Ah, görüp otursam, seň gözlegiňde geçiren ekenim ýaşan ýaşymy. Ahyry-da sylyp gözden ýaşymy, Sataşdyň, duşaýdyň, hernä wagtynda. Hudaýjana şükür, bar eken paýym, Söýgiň bagtynda! Men bu gül ömrümden müň keren razy. Haýyşym, bu söýgä başyň eg senem. Unutmagyn, dünýäm blen söýýänim, Gabanjyrap kän göwnüňe degsemem, GÜLSENEM!!! 21. 01. 06. ▶SYNPDAŞ GYZA Ynan, saňa tarap bakmazlyk agyr, Gözlerňe seretmek has-da kyn maňa. Syrly bakyşlarňy duýmadyk bolup, Dymyp ýörşüm –gutulgysyz müýn maňa. Bu göwün bir gedem gyzda galypdyr, Tükenmez gussa ol, meniň kalbyma. Juda agyrdygyn bilsemem şunuň, Seni nämçün salyp ýörkäm şol güne?! Göwnüm, şirinmi ýa, elýetmez zatlar, Niçün, daşdan gözleýäris bagty biz? Asla söýmedigiň yzynda selpäp, Söýemzok, nämüçin, söýlen wagtymyz?!. 19. 02. 2006. ▶ KAKYP ÝÖR Ýene-de güýz sary gussa öwrülip, Ýalňyz kalplaň gapysyny kakyp ýör. Göwnüm bolsa, bulut bolup sowrulyp, Al-asmanda gözýaşlaryn döküp ýör. Saklanyň-a uçup barýan eý, guşlar, Siz ömrümiň ýyllaryna meňzeş-le, Gizlesem – ahmyr-ah, aýtsam –zeýrenç deý, Soňsuz sözler bu gursagy ýakyp ýör. Ýazdyrdykmy ýüki ýetmän menzile, Aýralykdan dag süýşüpdir köňlüme, Gör, bu güýzler ak sabalaň meňzine, Söýgimiziň suratyny çekip ýör. Durmuşdyr bu, eder ýörer islänin, Seljermez ol ýüregiňde besläniň, Sözlesene, eý, tutuksy asmanym, Niçün Aýyň Nur-kuýaşdan gaçyp ýör? Ulumsy boldummy, gedem boldummy, Durmuş bilen oýun eden boldummy, Ah, bu hyýal henizlerem ter gülli, Şo-ol ýollarda seň ýoluňa bakyp ýör. Dönüp gözýetimde sary salgyma, Garagöz ýar, sen aglama, aglama, Dolanmazmyň, her gelende ýazlaram, Seniň ajap toý köýnegňi tikip ýör... 18. 01. 2006. ▶ YNANARMYŇ? Gitme, janym, bagtymdan, Gal – diýsem, ynanarmyň?! Sen bu ömri ýagtyldan Aý – diýsem, ynanarmyň?! Pyşyrdyň – bagta perman, Oňmanam, seni görmän, Jebriňden bagrym girýan – gan – diýsem, ynanarmyň?! Tagzym! Ajap keşbiňe, Ah, yşgyňa, yşgyňa, Sen köňlümiň köşgüne – Han – diýsem, ynanarmyň?! Ýalkadygyňmy, ykbal, Örtedigiňmi, ykbal, Ah, sensiz bu ýürek sal- sal – diýsem, ynanarmyň?! Seni söýüp ýürekden, Galdym kalpsyz-küreksiz, Sensiz asla gerekmez jan – diýsem, ynanarmyň?! Eýleýip däli-telbe, Neýlediň, meni dünýe?! Söýgim – derýadyr, Gel-de gan – diýsem, ynanarmyň, ynanarmyň, ynanarmyň?!. 25. 02. 2006. ▶BILMÄNDIRIN... Bilmändirin, gözläpdirin alysdan, Seni öz kalbymdan tapdym ahyry. Söýgi, söýgi! Paýymmy sen bagtdan, Ýa ýüregiň soňlanmajak ahymy?! Ah, sen başbermezek onýedimdäki, Şo-ol gözlerden syçran ot ekeniň-ä. Bir görsem sen soňsuz hasratym-gamym, Hem gamym paýlaşjak dost ekeniň-ä. Belki, begenç ýaşy, belki, gussadan ýaş ekeniň, öňde-soňda diňmejek. Derdimi aýdara syrdaş tapmadym, Ýa senmidiň, ahwalymy diňlejek?! Söý gim! Melegim sen, ýalňyz mydarym, Gözüme – nur, ýar egnine – keteni. Munda ömür bolup çykyp alnymdan, Özüm bilen gitjek ykbal ekeniň!.. 25. 02. 2006. ▶SENSIZ DÜNÝÄŇ MAZASY ÝOK... Gün bolup dogup ýürekde, Sen bagtly etdiň ömrümi. Örte meni ýandyryplar, Ýöne ýykmagyn göwnümi. Çünki o göwünde sen bar, Ýakmagyn özüňi, janym. Kakyp ykbalyň gapysyn, Diýmezmiň, «Nedir, ahwalyň?!». Sen bolup owsun atyp dur, Ah, bu äpet zemin maňa. Seň baryňda bu söýginiň Hasraty-da eziz maňa. Sensiz dünýäň mazasy ýok, Seň ýoluňda didelerim. Mähribanym, meni saňa Gowşurmazmy, bijelerim. Ýerde goýma, umydymy, Garaşýaryn, Bagtym, saňa! Täleýim, ykbalym, ömrüm, Soňlanmajak aýdym saňa! 02. 03. 2006. ▶KALBYMYŇ ŞASY Pitiwa etmesem-de, senli oýlara, Diýsem-de, «Häki bir hyýaldyr-da bu». Meni öz goýnuna düýrüp barýar-la, Ah, duýdansyz gelen yşgyň girdaby. «Aklyňa gelmeýän başyňa g:ermiş», ...Yşgy akla gelmez nysak saýardym. Ýöne Haýran saňa... Seni göremde, Keşbiňi öz gözlerimden gabandym. Ýap-ýaňja-da işiginde söýginiň, Durdum-a men, syn kylyplar yşyklap. Duýmankam, gözleriň ýesir alypdyr, Meni yşgyň gujagyna itekläp. Saňa görünmäge çekinýän juda, Agşam bolsa... Bak, pelegiň işine. Ah, göwnüniň döwük penjiresinden, Öz-özüň giräýipsiň meniň düýşüme. Birhili, düşnüksiz oýlara çümüp, Gezip ýörün açylmadyk syr ýaly. ...Halym şygra öwrüp, saňa ýollaýan, Sen bir diýäýmäwer: «Hyýaldyr-da bu...». 04. 2006. ▶SENI UNUDYP BILEMOK... Keşbi Aýa meňzeşim, Nerkes gara dideler. Sizi ýadyma saldy, Ah, gijeler, gijeler... Gözýaş bilen suwalyp, Kerpiçleri günleriň. Ägirt haýat gurulmyş, Aramyzda, dilberim. Aýralyga gark bolmuş, Bu ýyllaryň näçesi. Gysylypdyr keç bagtyň Bäş atarly mäşesi. Kalbymyz bir bolsa-da, Ah, ykballar başgaça. Terstäleý söýgim bilen, Galyberdim baş-başa. Seni undup bilemok, «Ýazgytdyr-da...» diýsemem. Garalan bagtymyzmy, Bu gijeler, gijeler... 03. 04. 2006. ▶ GEŇ GÖRME, JANYM Göwnüm her dem seň ýanyňa atygsar, Goşulyp, duýgulaň kerwenne, janym. Zarymy çekmegil, ýoluma garap, Ah, bu dünýe gama degmez-le, janym. Asman gözleriňde açdym ganaty, Behişt maňa, arş-u-zemin arasy, Ok atylmaz, çyg çekäýse därisi, Hergiz gözýaşlara per berme, janym. Özün ölçäp bilmezmişin terezi, Gözem özün görüp bilmez ekeni, Seniň yşgyň – çyn ýaz, Hakyň keremi! Ötegçi ýazlara imrinme, janym. Ýüregiň – ömrüme açylan dergäh! Ahyr tapdym ony, kän ýyldyr gözläp, Yşk hatlaryn ýazyp, her sözüm zerläp, Ýolladym, ho-ol guşlaň perinde, janym. Dünýä içre iki adamlyk dünýä, Söýgim gül-gül açyp, dünýeler gülýär, Älem durşy bilen çyn yşga çümýär, Ho-ol alysdan keşbiň görnende, janym. Nirä baksa, seni görýär görejim, Berdiň maňa şatlyklaryň seresin, Gelýär begenjimden aglaberesim, Sen meniň bolşumy geň görme, janym. 30. 05. 2006. ▶ÝENE SEŇ ÝANYŇA ÝETMEK ISLEDIM Ýalňyzlygy ýalňyz goýup bu ýerde, Ýene seň ýanyňa ýetmek isledim. Şapakdyryn yşk arşynda çyzylan, Seniň gül göwnüňde batmak isledim. Suw almaga gelip umman gözlerňe, Oňa ýüregimi gaçyrdym gaýta. Näme dymdyň, gözlerime seredip, Ýagşydan, ýamandan bir sözüň aýd-a! Syrlarymdyr munda ýalňyz syrdaşym, Munda täk umydym umytlarymdyr. Yşgyň tolkunynda galgap barşyma, Maňa hondan salgym bolup göründiň. Bu tüm gijeleri ýorgan edinip, Başym goýup ak sabalaň döşüne. Dünýäm bilen siňip gidesim geldi, Seniň hyýalyňa, seniň düýşüňe. Häzirem söýginiň soňsuz deňzinde, Saňa barýan, hiç küreksiz, gämisiz. Delmuryplar gözläp seniň keşbiňi, Bolup ýörşüm saňa aýan dälmidir?! Aýralygy aýra goýup bu ýerde, Ýene seň ýanyňa ýetmek isledim. Söýgiň kenarynda ýanan şapak men, Mawy gözleriňde batmak isledim. 26. 05. 2006. ▶YŞGA UÇRAMYŞ GÖWNÜM Maňa şondan eziz, şondan ýakyn ýok, Maňa iň ýürekdeş syrdaşdy göwnüm. Gamlansam – har, Şatlanamda şat bolup, Meň bilen gör, näler çytraşdy göwnüm. Şeýdip ümsüm gezip ýördük bileje, Ah, dünýeler üýtgäp gitdi birdenem. Bir täsin duýgular eýeläp göwni, Bilmen, nämäň ýüki indi gerdene. Nätanyş pikirler, nätanyş oýlar, Basyp aldy üstün şatlyk-hasratyň. Göwnüm olar bilen birleşdigiçe, Men özümi ýalňyz duýup başladym. Olar meň dünýämde meni ýekerip, Soň soňsuz hasrata açdylar gapy. Üstüni duýdansyz basdyran göwnüm, Ýok, men senden asla göremok gaty. ...Bu zatlary aýdyp berseň birine, Derdinişseň durmuş, ykbal barada. Ýöne ýüregiňi alyp ellerne, Pynhan syryn duýjak gözel nirede?! Diňläp ýürek sözüm, aňlap halymy, Yşgyndan derdime eýlese melhem. Iň eziz baýlygym, ýalňyz baýlygym Göwnümi-de oňa bererdim şol dem. 13. 05. 2006. ▶ Sen - umydym, arzuwym Bu gijeler pynhanlyga çümüpler, Seçelände şamar gara saçlaryn. Soňra ir säherde ýylgyranda Gün, Syryp tylla öýmesiniň ýaşmagyn, Sen hakda, yşk hakda ýazasym gelýär. Hesere dönüpdir günler, gijeler, Bu söýginiň kalba salan dowlundan. Kän küýsedim seniň yssy dünýäňi! Gaçyp dünýäň aýazyndan-sowgundan, Gözleňde ot bolup ýanasym gelýär. Yşgyň çabga bolup kalbyma ýagýar, Soň şygra öwrülip ýagýar kagyza. Pyntyk ýaran gül sözlerden ýol ýasap, Dönüp seniň sowulmajak ýazyňa, Gül dünýäňi bagra basasym gelýär. Ýa-ha juda inçe yşga garaýşyň, Ýa yşgyma juda sowuk-sala sen. Arzymanym, sen – umydym, arzuwym, Meni soňsuz heseriňden halas et, Ýolumy ýoluňa sapasym gelýär. Kalbyma ýygnanan gara bulutlar, Pagyş-para, Seniň ýeke demiňde. Ýitiren ykbalym, ýitiren söýgim, Galypdyr ählisi seniň eliňde, Ony ýüregiňden tapasym gelýär! 4. 06. 2006. ▶Säheriň ak arzuwlary Söýginiň ilkinji ady hormatdyr, Söýgi bolsa, onuň soňky lakamy. Söýüp, bir-birege hormat goýalyň, Yşgymyz gark etsin jümle-jahany. Yşk şuglasyn saçyp dursun göwünler, Ýagtylyga aşyk, toprag-u-asman. Danalar aýtmyşlaý, sönük yşyga, Çybyn-çirkeýlerem gonmaýar asla. Kalp garaňky bolsa, tämiz duýgular, Gidäýmesin gursagmyzdan azaşyp. Munda ýaşamaga kän zat gerek däl, Bir-birege ynam gerek azajyk. Gyşyň ak garyna bäs etsin ýürek, Yssy mähri ýazdan bolsun, doganlar. Ýylgyryş bagyşlaň, gülki bagyşlaň, Aglatmagy başarýandyr sogan-da. Bilýäňiz-ä, uzyn-uzyn jümleler, Gutarýandyr birden, ýeke nokatda. Şol soňky nokada ýetýänçäm, Allam, Meni yşkdan, hak hormatdan çet etme! 9. 07. 2006. ▶ Ynha, ýazlar geler... Şeýle doňak bozlukmydy ýüregiň, Taýyp gitdim oňa ýeke bakyşda. Sowuk zatlaryňam ýakyp bilýänin, Bildim kalba inen soňsuz ataşda. Gün nurun görenden galyň buzlaram, Pagyş-para eräp gider, Eý-aman... Daşyňda ot bolup lowlap ýörsemem, Sen nädip, sen nädip dursuň eremän. Ýanar oda düşeninde damjalar, «Jyz-jyz» eder, soňam buga öwrüler. Gyzgyn gözýaşlarmyň sowuk kalbyňda, Perýat eden owazydyr şygyrlam. Bize ertirki gün näme garaşýar, Aýan däldir ne-hä maňa, ne saňa. Doňaklykdan soňra gelýändir ýazlar, Şu umyt ses goşýar kalbyň sesine. 30. 05. 2006. ▶ BU GIJE Bak-a Aý bolup dogmuş, Ýar bu gije, bu gije. Yşga gark bolan durmuş, Nur bu gije, bu gije. Ballar ýaga garyla, Ýar gowuşmyş ýaryna, Olar bagt dutaryna Tar bu gije, bu gije. Şükür kylam, Taňryma, Geldim yşga tagzyma, Giň dünýeler ýalňyza, Dar bu gije, bu gije. Söz artyk, göz ýanynda, Aç ýüregňi ýaryl-da, Ýürek yşgyň dagynda, Şir bu gije, bu gije. Yşk deňzi lemmer-lemmer, Ganypdyr ondan kimler?! Bu gije gözel çenden, Hüýr bu gije, bu gije… ▶ BILGIN! Dünýe togalakmyş, dälmişin heýkel, Aýlanyp, ahyry duşurar belkem, Daň şemaly söýgi habarym elter, Saňa sary barýandygym bilginiň! Säherlerden-sabalardan idänim, Dileglerden-dogalardan idänim, Hem şuglasy munda goşa didämiň, Hem kalbyma armandygyň bilginiň! Söýgiň jübütlerne jennetdir Zemin, Hatda duşmanyňam görnermiş eziz, Ýöne bu ykbalyň söýgime heniz, Beýle bagty bermändigin bilginiň! Seni ýüregimde göterip ýörün, Eşdeňok, şonda-da ýüregmiň zaryn, Çyn yşga bermişem kalbymyň törün, Şonsuz dünýäň arzandygyn bilginiň! Gör-le, tylla Güni gabanyp asman, Bulutlar ýene-de galdylar basga, Sen undup bilersiň! Men welin asla! Ömrüň saňa gurbandygyn bilginiň! Diýsem-de, “Sen – meniň ýyldyzym aý, gyz!”, Ýyldyzlar müňlerçe, sen welin ýalňyz! Käteler özüňi duýaýsaň gamgyn, Bir ýerlerde meň bardygym bilginiň! ▶ Doglan günüň! Güýz güni, şo-ol ýoda, saralan baglar… Geçip barýan dükanlaryň ýanyndan. Ynha, sowgatlary daşlamak üçin, Dürli-dürli owadanja kagyzlar. Şolaryň iň gowsun alasym geldi, Seni bir ajap gün gutlaryn diýip. Sowgadymy şoňa salyp bererin, Pyşyrdap, “Sen meniň ykbalym diýip”. Bu gün doglan günüň, dünýe alaýaz, Guş-gumrular hiňlenip ýör aýdyma. Saňa netlän sowgadymy daşlara, Şgüllüje kagyz düşdi ýadyma. Ýöne onuň nepi degmedi asla, Bermedi peýdasyn şunça saklanym. Çünki meniň saňa netlän sowgadym, Ol adaty däldi, Ol – meň ykbalym! Tolkunyplar ýere-göge sygmadyk, Ol äpet yşgymdy ýürekde güllän. Ony sowgat edýän, bir söze dolap, “Men seni söýýärin”, Kabul et, dünýäm! ▶ BIR SEN... Meni bu gün terk edipdir duýgulam, Kalbymyň çuňunda galypsyň bir sen! Maňa bu dünýede hiç zat gerek däl, Saňa päk yşgymy gowşuryp bilsem. Göwnümiň üstünden assa basyplar, Ynha, ýene geçip barýaň duşumdan. Ýürek bir gobsundy: „Aýt, aýdýan bolsaň, Belki, günler gaýdyp sizi duşurmaz.“ Dogrusy... ýanyňa ýakynlaşdymam, Aýtjak-aýtjak bolýan, ýene ýaýdanýan. Nämüçinkä, iň bir zerur jümleler, Kynlyk bilen aýdylýar... ▶ ÖZGERIŞ Durun, ýene seniň ýoluňa garap, Diýenmi edenok, gözüm-görejim. Sen nireden gelip, meniň kalbymda, Bir jogapsyz matal bolup dörediň. Hon-ha, seýle çykan nurana Aýa Sensiň öýdüp, Ony bagra basmaga. Seretsene, munda meni terk edip, Göwün guşum siňip barýar asmana. Sen gelersiň, Kalbym ellerme geçip, Saçlarňy sypalar, dillerim saýrar... Soň bolsa, ýene-de gelip özüme, Beýle batyrlygma galaryn haýran. Hawa, meň öňküje sadalygym ýok, Günbe-günden üýtgäp barýan, serediň! Ah, sen nädip, bu pessejik göwünde, Beýle-beýle dünýä bolup dörediň?!. ▶ ÝENE... Ýene bu ömürden bir gün „ogurlap“, Geldim! Meňzäp boýny buruk soraga. Aýlaryň-ýyllaryň üstünden ätläp, Nämçün yza dolananmy sorama! Sen sorama, ýollar, allar hakynda, Gozgama sen bu ýüregiň ahyny. Men öňem soragdan, agyr oýlardan gaçyp, Seň gaşyňa geldim ahyry! Azaşdym men ham-hyýallaň içinde, Men seni gözledim Günden-Aýdanam. Bir haýyşym – gyýa bakma yşgyma, Gün kemsiner, ony bir şem saýsalar. Ah, guşlar!.. Ak guşlar! Duýgyma meňzeş, Sen olardan meň habarym algynyň. Şygyrlarym – saňa barýan ýodada, Galan aýak yzlarydyr kalbymyň. Sen tümdemiň?! Keşbiň görmeklik üçin, Ýüregmi ot edip ýakman bilmerin. Bir zada düşündim: Ýürek urýarka, Men sensiz ykbaly ykbal bilmerin... ▶ SAŇA ! Men saňa hiç haçan „Ýarym!“ diýmändim, Saňa owalbaşdan barym diýipdim. Ömrüme nur bolup garyl diýipdim. Men saňa hiç haçan diýmändim: „Dünýäm“, Dünýäňem hilesi ýetig-ä, bilýäň. (bar onuňam käte aldaýan ýeri. Müň hyýalda, süýt kölünde ýüzdürip, Soň umydyň tala baglaýan ýeri) A seň kalbyň bolsa, belent dünýeden, Iň päk duýgularyň ýazlaýan ýeri... Men nädip ýetdimkäm, sensiz şu güne. Kemsiz gözel bolmaz diýibersinler, Ynanasym gelýär kemsizdigiňe! Ötegçi zatlary saklap bolmaýar, Gün dogdugy paýrar gider bulutlar. Şoň üçin men saňa diýmändim asla, Diýmändim hiç haçan „Meni unutma!“ Bilýärdim barybir unutmajagňy, Meni söýýänligiň çyn bolsa eger. Men saňa hiç haçan „Gülüm“ diýmändim, Sen güllerden eziz, güllerden gözel. (Göwne degen bolsam, güller, bagyşlaň!) Men saňa diýmändim üýtgeşik bir zat, Gözleri nur, kirpigi bir garyş ýar! Ýiti jümleleri yzlap ýörmedim, Dessanlardan, kitaplardan idelen... Asyl, sözem gerek bolmaz ekeni, Sessiz-üýnsiz gürleşýärkä dideler.... ▶ UNUT ! Asman garalmasa, ýagyş bolmaýar, Daşlary köwmeseň, nagyş bolmaýar. Hataň ýokdur mende bagyşlanmaýan, Dünýe deý giň göwne baglama gulp, Ählisin unut! Kuýaşmydyň, ykbalyma garylan, Gözýaşmydyň, ýüregime syrygan?! Indi dünýäň gursagyny dörübem, Sen meni tapmarsyň, bilýäň-ä anyk... Şoň üçin unut! Gyşa haýyr ýokdur tomsuň çogundan, Geçen güni ýatlap, keýpiň çag olmaz, Çykyp, bu dar oý-pikirleň çäginden, Diňe ak niýetleň gujagna siňip, Ählisin unut! Hözir bolmaz, ömürden hem, serden hem, Gözüň ýaşlap, yzymda sen örtenseň, Düşün janym, juda iňrik görseň-de, Asman deý köňlüňe dolmanka bulut, Ählisin unut! Näme diýse, diýibersin başgalar, Günä saýýan kölegäňi basmagam. Erkiň alyp, ýüregiňde at salan Päk yşgyňy tämiz ertire goýup, Unut! Unut! Unut!... ▶ ÝAGYŞLY GÜN Ýagyşly gün. Gaýdyp gelýän okuwdan, Garşy aldy ýene tanyş duralga. Gözüm düşdi şonda içiň hümledip, Bir çetdejik ýagşa ezlip duranňa. Synlap dursuň, yşga düşen asmanyň Joşlaryna sygman aglaýanyny. Men bolsa, ýuwaşja saňa süýşdim-de, Tutdum seň üstüňe saýawanymy. Tisgindiň. Men has-da ýitirdim özüm: „Aý, ýöne-le... ezlipsiňiz... Bagyşla!...“. Soň ne men gürledim, ne sen zat diýdiň, Durus, aýdymyny diňläp ýagyşlaň. Soňra bolsa, ýitip gitdiň gözümden, Birden gaýyp boluşy deý hüýrleriň. Sen bilýänem dälsiň, şojagaz pursat, Bu gursaga aýdym bolup gireniň. Bilýärmiň, sadaja jemalyň bilen, Dünýämde üýtgeşik dünýä açanňy. ...Şondan bäri seni agtaryp ýörün, Gowşurarsyň diýip, onuň açarny. ...Ynha, ýene ýagyş, ýene duralga, Golumda-da şo-ol „mukaddes“ saýawan. Sen bu ýolda ýene sataşaýmazmyň, Bir pursatda ýüregimi paralan?!. ▶ SÖÝGI SAZLAŞYGY Göteremde söýgiň meýinden bada, Özüme ynanyp bilmedim bada. Yşk diýilse, şo-ol tazygar ýörerdim, Sen geldiň, mähriban, bat goşduň bada! *** Jowranmyşam söýgiň hile-alynda, Ýaňagyň bar ho-ol şapagyň alynda, Eý, ýüregi pägim, saňa sataşmak, Bar bolsun-da bu bäşbarmak alynda! *** Gözleriň ok ýaly, gaşlaryň ýaý-la, Hany hoş söz bilen göwnümi ýaýla. Hon-ha alnymyzda garaşyp ýatyr, Bagta, yşga çümen owadan ýaýla. *** Gat-gat bilezikler ap-ak goşarda, Aklyň alar, ömre ömür goşar-da. Şo-ol owadan ýylgyryşyň galypdyr, Hon-ha parlap çykan älemgoşarda. *** Duýmadyňmy, Günüň göge galanyn, Duýmadyňmy, sende göwnüm galanyn. Sen maňa yşgyňdan yşk ber, mähriban, Söýgi bilen taparys biz galanyn. *** Ugur nirä? Abraýamy, adamy? Munda ynam adam eder adamy. Men seniň göwnüňe ýetibilmedim, Ýa seň dünýäň aýakbasmaz adamy?! *** Garamyk gözleri äleme taý ýar, Sözle, guluňam men, hökümňe taýýar! Saňa sary ugran umytlam neçün, Buz deý bakyşlaňda büdreýär, taýýar?! *** ...Ýagmyry kalbynda galan, Bir ötegçi bulutdyňmy?! Güýzler bilen dolanaryn – diýeniňem unutdyňmy?! Ýaşap ýörün salgym bolup, Arasynda sowallaryň. Ýaksana söýgiň oduny, Üşemesin hyýallarym! Arzuwlara ölçeg ýetmez, Günler bolsa azajykdyr. Bu ykbal Ummana meňzeş gözleriňde azaşypdyr. Ýaşlygymy päk söýginiň Dergähine zyýarat bil! Hem käteler hyýalyňda Bu dünýäni diňe-diňe Ikimizden ybarat bil! ▶ BIHABARMYŇ ÝA?! Set müň melamata duçar boldugym, Üm bilmeze saýrak dutar boldugym! Dünýäni terk edip, idär boldugym, Çar ýan bakyşymdan habaryň barmy?! Aý-ýyllaryň arasynda alakjap, Ýortup ýörün, Jigerim – sal, ýürek – çäk, Senli hatalarmyň dönüp garakça, Ýolum kesişinden habaryň barmy?! Men başga dünýäde! Juda üýtgeşik, Yzda düýnüm galmyş ýeke üýşmejik. Bu gün diňe ýorgut galyp, düýş geçip, Syryň açyşyndan habaryň barmy?! Her ýeten garantg:a eýläp elheder, Heý, ýetip bolarmy soňky serhede, Aýt sen, bizi ýekän-ýekän terk ede, Günleň geçişinden habaryň barmy?! Syrdaş saýlap, yşgyň sary salgymyn, Derýanyň boýunda suwsuz galdygym, Bilýärmiň, bu dünýäň soňsuz ýoldugyn, Kert-kert uçudyndan habaryň barmy?! Allaň täsin işimidi o ýazlar, Ýaşlygmyzyň düýşümidi o ýazlar?! Göz ýetirdim: sensiz gury owaz men! TÄSIN AÇYŞYMDAN HABARYŇ BARMY?! ▶ GARAŞARYN... Niçik ajap, ganatlaryn galgadyp, Göwnüň her dem müň hyýala münmegi. Ot üstünde lowlap duran kitiriň, Syr bermezden „lakyr-lakyr“ gülmegi. Bilýärin, ýylanyp bolmajagyny, Mydam „ot-ot“ diýip ýöreniň bilen. Şonda-da söýýänňe, ahyr geljegňe Ynanar ýörerin ýüregim bilen. Bu dünýäň bar işi diňe biz däldir, Ýyllar geçer, Gözden uçar keşbiňem. Ýöne, ynan! Entek ýürek urýarka, Hatda goşar sagadymyň sesi-de, Ýüregimiň her bir gürsüldisi-de, Seniň aýak sesiň bolup eşdiler... ▶ „SEN ŞOLMUDYŇ?!“ Millionlarça adamlaryň içinde Özüň ýalňyz duýmak... Niçiksi agyr?! Şu gün saňa duşdum. Hyýallarymda Sen – keşbini çeken taýym-da agyn. „Sen şolmudyň?!“ diýip, sorasym geldi, Geldi kän zatlary haýyş edesim. ...Arşdan idäniňe ýerde sataşsaň, Kesiläýýär eken demiň- nepesiň. Men barybir ony soraman bilmen, Her jogap ber... Göwnüme bir degme sen. ...Soraýmagyň ýeňil däldigi üçin Boýnun burup ýör-ä sorag belgisem?! ▶ MYDAM ŞEÝLE BOLÝAR... Müň bir oýuň gysajynda gysylyp, Bilibilmän, şatlygymmy, armanym. Ýap-ýaňja-da uçup gaýdan ýolumdan, Ynha, ýene ýalňyz özüm barýaryn. Ýöne, seret, men bu ýollardan däl-de, Ýollar meň üstümden ýöreýän ýaly. Biraz öň... ör turup ýol beren baglar, Häzir maňa başyn yraýan ýaly. Göýä diwana deý gaýtalap barýan: „Ah, gaşymda ýene biraz dursadyň!“. Şeýle bolýar, mydam seni ugradyp, Duşuşykdan ýalňyz gaýdan pursadym. Kakamyrat REJEPOW. | |
|
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |