21:31 Duşuşyk | |
DUŞUŞYK
Zemin içip ýatyr Aýyñ süýdüni, Gaýmagyn ýalaýar awara şemal. Akmaýañ süýdüne ýuwlan agşamda, Ýigidi synaýar gaşlary keman. Ýigidiñ göwnüne ara daş ýaly, Lälesinden göýä ýyldyzlar ýakyn. Gyzlar bolýar çyn söýginiñ hudaýy, Şol hudaýyñ ýalkamasy juda kyn. Gyzlar ýigitleri şol synap ýörler, Añryña geçirseñ olar düşbüdir. Ýigit ýüregini aýada goýsa, Ol ýürek däl, magşugynyñ keşbidir. Dünýäde hiç zada çalyşyp bolmaz, Duşuşygyñ şeýle şirin wagtyny... Aşyk ýigit häzir magşugyny däl, Gözi bilen görüp otyr Bagtyny! TER DUÝGULAR Ah, derdime dert goşan, Tutulmadyk ak goşar. Öpülmedik gül lebiñ. Aýym, ýokdur bir kemiñ. Ysgalmadyk al ýañak, Bu ömre ykbal ýañak. Sypalmadyk saçlaryñ, Boýuna deñ aždaryñ. Ogşalmadyk gözleriñ, Ne owadan gözlediñ! Duýgularym terlendi, Kalbyñ maña berlenmi? Eger bilsem başaryp, Tutsam akja goşaryñ, Öpsem gül deý lebiñden, Ýigit bolmaz deñimde. Ysgasam al ýañakdan, Erär gider doñaklar. Sypasam tüm saçlaryñ, Şonda ýaşap başlaryn. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |