Şu "kitapçy" saýtynda Gumlygelin agzanyñ, ýagny Gyzylgül Annagylyjowanyñ "Dymasyň gelýär" atly goşgusy ýerleşdirilipdir. Şygyr durmuş häsiýetine baglylykda yrga göwünli adamyň kalbynda berç baglap ýatan bimany nogsanyň ýangynly gürrüňini janyagyrmak bilen ahmyrly beýan edýär. Eýsem her hili nädürsliklere dymmak adamyň adamçylyk mertebesine şikes ýetirmeýärmi!? Elbetde ýetirýär. Ýagşy zada-da dymmak, ýaman närsä-de ýagşy-ýaman sesiňi çykarmazlyk-bu ynsanyň biri-birine bolan mylakaty ýer bilen ýegsan edýär. Adam başgalaryň özüne bolan garaýşynyň agram ölçegini bilip bilmeýär. Adam töweregini gurşap alan durmuş sredasyny, jemendäniň uly ýa kiçi ýaşaýyş hadysalaryna bolan nuktaý nazaryny aňlap bilmeýär. Çünki, adamda özgeleriň garaýşyna esaslanyp, özi netije çykarmakdan ýalňyzlykda ejiz gelýär. Onsaň çykgynsyzlyga düşen adam näm bolsa şol bolsuna urmaga mejbur bolýar. Ýagny, öz göwnünüň tersine gidip, jemendäniň yzyna eýermeli bolýar. Gumlygelin uýamyz ajaýyp şygyr ýazypdyr. Sag bolsun, okap täsirlendim.