20:47 Basnýa | |
BASNÝA
Goşgy ýazyp bir goýun Tilkä okap beripdir. Oňat baha garaşyp, Umyt bilen durupdyr. Tilki diýen: "Gulaga Ýaman bolup ilenok. Arman ýöne, goşgyda Hilegärlik duýlanok". Soňra goýun goşgysyn Durna okap beripdir. Şarpyldadyp ganatyn Guş bir sellem durupdir. Dillenipdir ahyry, "Çeperçilik öwerli. Ýöne watan mährini Aňlap bolmaz degerli". Iň soňunda ak goýun Şir ýanyna barypdyr. Tokaý şasy bir arlap, Şygra gulak geripdir. Diýipdir ol "ýaman däl, Yhlas bilen ýazypsyň. Arman, güýçden-gaýratdan Arasyny üzüpsiň". Goýun lapykeç bolup, Dolanypdyr yzyna. Onuň özi ýolboýy Seslenipdir özüne. Goýun, goýun, haý, goýun, Goşgy ýazdyň goýunça. Baha berdi her jandar Öz arçyny boýunça. Emma, goýun gylygmy Siňdiripdim şygryma. Ony ýugrup ýazypdym Göwün, ýürek, bagryma". Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |