22:43 Manzara | |
MANZARA
Çalaja tisginip oýansaň säher Ýaprakdan syrylýan damjaň sesine. Köňülde çyrpynyp müň dürli heser, Dyrmaşar höwesiň çür depesine. Günüň çykjak ýeri gyzaryp çala, Golaý geler ak säheriň serhedi. Älem ýüzi bara-bara agarar, (Gudrat şu pursaty baky bersedi!). Guşlar şadyýana saýraşyp başlar, Owazy çesmedir-ýürege ýeter. Tikejiň yzy dek sansyz ýyldyzlar Asman gümmezine siňerde gider. Aý bir çetde görner öýkeli kimin, Hemem öz täsirin ýitiren ýaly. Ahmyrly garaşýar günüň batarna, (Nurly gün ýanynda gowşakdyr saly). Bakarsyn çarýana, gözleriň doýmaz, Tebigi gözellik alar erkiňi. Göreçleňden geçip, kalbyňa siňer, Eglejek bolarsyň alnan her demi. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |