10:29 Daýhanyň guwanjy | |
DAÝHANYÑ GUWANJY
Al-asmanda gaýyp ýören guşlaryň Ýere düşýän kölgesinde saýalap, Daýhan kişi dowam edýär işini, Haşal otlaň tohum-tijin "zaýalap". Ýere damyp duran alyn derinden Goşant goşýar bol hasylyň suwuna. Ekinçilik sagatsaýyn boý alýar Burgy berip murtlarynyň towuna. Daýhanyň zähmeti, aýdaly, zamça Reňkin saraldyp, ysyn kükedýär. Töweregi gaplap alan hoşroý ys Özi bilen işdäleri dok edýär. Säginip syn edýär zähmet aşygy, Gök öwüsýän peller üste küýlenip. Pi:liň dessesinde yzin goýupdyr Gabarçakly eller dere eýlenip. Elbetde, her işe yhlas gerekdir, Onuň goldawy kän düşeňde yşka. Her goltugňa bir gawuny göterip, Giçläp Öýe gaýtmaň lezzeti başga. Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |