01:24

Ekber Nejep

EKBER NEJEP

Ekber Nejep, azerbaýjan taryhçysy, terjimeçi.
Ekber Nejep (Əkbər Nəcəf) 1975-nji ýylda Azerbaýjanyñ Neftçala raýonynda doguldy.
Neftçala raýonynyñ Astanly oba mekdebini 1992-nji ýylda okap tamamlandan soñra 1993-nji ýylda Türkiýäniñ Ankara uniwersitetiniñ türk dili fakultetini, 2008-nji ýylda bolda Stambulyñ Marmara uniwersitetiniñ taryh fakultetini okap gutardy.
Ekber Nejep häzirki wagtda Azerbaýjanyñ Milli Ylmy-barlaglar assosiasiýasynyñ (AMAA) taryh boýunça gözlegler bölümine ýolbaşçylyk edýär.
Ekber Nejep Türkmenistandaky türkmenler barada türkmen alymy Ahmet Annaberdiýew bilen bilelikde ýazylan "Zakaspi türkmenleri" ("Hazar ötesi türkmenleri") kitabynyñ hem awtorydyr. Şeýle hem belli türkmen taryhçysy Sergeý Agajanowyñ "Oguzlar" we "Seljuklar" atly kitaplaryny türk diline geçirdi.

■ Ylmy eserleri

1). "Hazar ötesi türkmenleri" (A.Annaberdiýew bilen bile). Stambul-2004, "Kaknüs" neşirýaty;
2). "Garahanlylar", Stambul-2005, "Selenge" neşirýaty;
3). "Şa Ysmaýyl Hataýynyñ Külliýaty (Babek Jawanşir bilen bile), Stambul-2006, "Kaknüs" neşirýaty;
4). "Seljuk döwletleriniñ we atabeglikleriniñ taryhy" (Oguzlar orta çykmagyndan XIV asyra çenli", Baku-2010;
5). "İnanc yaddaşı" (Köklər və tarixlər), Bakı, Qanun-İzmedia, 2013.
6). Hun minilliyi (b.e.ə IV - b.e. VI əsrlərdə türk dünyası). Bakı, TEAS Press nəşriyyatı, 2015

■ Terjime eserleri

1). S.Agajanow "Oguzlar" Stambul-2003, "Selenge" neşirýaty;
2). S.Agajanow "Seljuklar". Stambul-2007, "Ötüken" neşirýaty;
3). J.Hasanly. "Sowuk urşuñ birinji çaknyşygy: Eýran Azerbaýjany" Stambul-2008, "Bağlam" neşirýaty;
4). M.Kasymly "Azerbaýjan türkleriniñ milli göreşi (1920-1945). Stambul 2008, 
"Kaknüs" neşirýaty; 
5). I.Mehmetow "Kawkazyñ syýasy we etniki gurluşy: Azerbaýjan gadymy döwürden häzirki wagta çenli" Stambul-2009, "Ötüken" neşirýaty.

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 442 | Добавил: Нawеran | Теги: Ekber Nejep | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]