gowy. biziň öýdäki diwan-kreslo sebäpli aýnadylyp ulaldylan pişigimiz öýden kowuldy. ýetginjeklik ýaşyna ýetip, dyrnagy ösüp başlansoň (bahajygy ýetik) diwan-kreslomyzy dyrnajaklap zer-zaýa etdi. öýden kowduk. şondan bäri, penjiräň aňyrsynda öýe dolanyp gelmek tamasy bilen gamgyn bakyp dur... eldeki bolansoň ilki-ilkiler köçe pişiklere-de özüni daratdy ýördi... gapy açylsa, maýyny tapyp öýe ylgaýar... ýöne, "migrasiýadan" geçip bilmän yzyna dolanýar... dyrnajaklanan diwan barada-da aýdaýyn... ony bejertdik, mebelçilere. pişigmiziň başga "jenaýatynyň" üstem açyldy. öýdäki güllerimiz guramaga başlady. sebäpkäri pişik eken. umuman, pişigi häzirlikçä bagyşlamadyk. daşarda gününi görýär. oň üstüne iýmitem saýlan bolýar. "täze aýyň" kalbasasyny ysgap oňaýýar. diňe oňa elin farş bermelimiş. eldeki, öýde ýetişensoň aw awlamanam başaranok. näme-de bolsa dözmän et, farş berýäs... azowlak...
gurbannazarda bardyr "söýýän bäşim nuralyny, sadalygyny..." diiýän goşgy, bäşim nuralyn-a tanaýansyňyz. ilkinji türkmen suratçysy diýilýär. ana, şol akademizmi görmedik, dogabitdi suratçy... eserlerem sada, anatomiýa, proporsiýa, perspektiwa... garaz klassik kanunlardan azat... onuň gowulygam belki, именно şonda bolsa gerek. şondan ony gurbannazar "söýýän" diýendir. bäşim agany moskwa okuwa iberenmişler diýip eşitdim, şonda onuň klassik akademik okuw almagyna garşy bolanlaram bolupdyr, gitse okasa zaýalanyp geler diýen ekenler. onuň gymmaty - primitiwliginde. garaz, gepi uzatmaýyn... "ýaz" diýeňsoň jogap berjek bolýan. men ýazyjy däl, ýazyjylyk stilleri, sowady, ugry-utgany bilemok... ýeke halasgär ýa-da umyt – olam, "ýazyber, primitiwist bolarsyňda" diýip özüňi aklaýmasaň. nämede bolsa, primitiwistlerem halanýar ahyryn. primitiwist diýmek dogrumy bilemok, ýöne türkmen primitiwisti - Bäşim aga, gürjilerde-de meşhur biri bar Pirosmani diýip. umuman, ol pişikli, diwanly gürrüň realdyr Serdar kaka. 100-de 100 hakyky. entek ol pişigi çagaka oýe getirişimi aýdamok :-) olam bir duranja история.