02:27 Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa | |
ÝAT ŞÄHERDÄKI ÜÇ MYHMAN
Hekaýalar
Uzynly gije menzil söken otly Aşgabada daň agaranda geldi. Adamlar oňa münenlerinde gyssanyşlary ýaly, düşmäge-de gyssanýardylar. Gara reňkli sport torbasyny egnine alan, uzyn boýly, saryýagyz, görmegeý ýigit iň soňundan düşdi. Niräňe seretseň, ýalpyldap duran, biri-birinden owadan ulaglar. Olaryň eýeleriniň dillerine edil bal çalnan ýalydy, “jan” bilen janyňy alyp barýardylar. “Agam jan, nirä gitmeli?” diýen sowallaryň hiç birine jogap gaýtarman, hol aňyrrakda sesini çykarman, gyzyl reňkli ulagyň öň tarapdaky aýnasyny süpürip duran ýigde tarap ugrady. Barmaly myhmanhanasyny aýtdy. Sürüji ýigit: “Birneme garaşyň, ulag dolsun” diýdi. Oňa çenli ala-goh bolşup, üç aýal gelip ýetdi. Ornaşdylar. Ulag ýola düşdi. Sähel salymdan onuň içini aýdymcynyň şirin sesi gaplap aldy. Myhmanyň ýaşlygynyň bäş ýyly geçen şaher, ajaýyp oglan-gyzlar bilen tanyşdyran şäher, mähriban şäher. Göwnüne, ýatlamalar içine girjek bolup, ulagyň aýnasyny kakýan ýaly... - Geldik, ýaşşuly. Sürüji ýigit “ýaşuly” sözüni şeýle bir üýtgeşik aýtdy weli, ol ýylgyranyny duýman galdy. Ine-de, onuň ýylda bir gezek gelýän myhmanhanasy. Iki gatly. Baglyga bürenip otyr. Özi-de ümsüm ýerde ýerleşýär. Myhmanhana entek oýaly-ukuly haldady. Gözleri gyzaran nobatçy aýal pallap, sag elini ýygy-ýygydan agzyna ýetirýärdi. Uzak garaşmaly bolmady. Ol otagyň açaryny alyp, ikinji gata çykdy. Suwa düşdi. Penjiräni açyp, özüni diwana goýberdi. Sähel salymdanam uka gitdi. Ol oýanan mahaly günorta nahary wagty boluberen eken. Ýany bilen alyp gelen täze köýnek-balagyny ütükläp, syrynyp, golaýda ýerleşýän naharhana ugrady. Dolanyp gelip, çalşyrynmaga duranam şoldy weli, gapy batly kakyldy. Içeri gysga boýly, garynlak pyýada girdi. Hüžžük saçly, kiçijik gözli, uzyn burunly, pökgi dodakly, goşa alkymly adamyň keşbi ýekeje gezek göreniň gözüniň öňünden gitjek däldi; onuň gulaklary bir garyş bolmasa-da, şoňa golaýrakdy; köýneginiň çep tarapy balagynyň daşyndady - äkidäge-de, göni gülküli kinoda oýnadybermeli! - Essalawmaleýkim, oturan kişi! - Waleýkimessalam, gelen kişi! Ol hezil edip gülüp başlady. Azy dişleri görünýär. Oturan beýle näme gülkünç zat aýdyldyka? Alla bilsin! Diwana geçdi. - Hany, onda tanşaly-da, oturan kişi! - Baş üstüne. Seýran. - Owadan adyň bar eken. Menem Öwelek. Paýtagta üç günlük iş saparyna geldim. - Men-ä göwün açmaga gaýtdym. - Oňarypsyň. Orta ajy gök çaý aldylar. Derläp ugran garynlak köýneginiň iliklerini ýazdyrdy. Agzy dek duranok. Otluda gören-eşidenleri... Jykyr-jykyr (geň galaýmaly: ýogyn göwreden inçe gülki çykýar!). Bir gezek aýalynyň öýkeläp, atasy öýüne gidişi. Onuň köneje ulagy bilen baryp, ýassykdaşyny yzyna alyp gaýdyşy, ýolda ulagyň näsazlyk tapyp, ýatyp galyşy... Jykyr-jykyr. Goňşusynyň bazara sygyr satyn almaga gidende başdan geçirenleri... Jykyr-jykyr. Garşysynda oturanyň gülmek-hä beýlede dursun, hatda ýylgyrmaýandygam parhyna däl. Ol ahyry gözüniň awusyny almakçydygyny aýtdy. Otagdaşy: - Ilki suwa düşseň-ä, rahat ýatardyň – diýdi. Çykarynman-beýleki etmän diwana süýnen garynlak: - Weý, men düýn suwa düşdüm-ä. Suwdan çykman oturar ýaly, men, näme, balykmy? – diýip jogap gaýtardy.Ýene jykyr-jykyr. Sähel salymdanam şeýle bir horruldy başlady weli, otagda buldozer aýlanyp ýören ýaly boldy. Heý-de, aýaly öýkeläp, atasy öýüne gitmezmi?.. Seýrän daşary çykaýmasa, başga alaç galmady. Ol saýada gurlan oturgyçda ornaşdy. Üç günüň içinde näme etmeli? Elbetde, ýyl içinde bir gezek bolýan zatlar gaýtalanmaly: teatra barmaly, aýaklar ýadaýança şähere aýlanmaly, ümsüm myhmanhanada kitap okap ýatmaly, pikirden agralan kelläni, kärdeşiniň aýdyşy ýaly, boş okara döndermeli. Soňra dogduk mekanyna ugramaly. Onuň paýtagtda golaý garyndaşlary-da, gadyrly garşylajak dostlary-da bar. Ýöne olara barmaz. Hiç kimi azara goýasy gelenok. - Salam. Ol başyny galdyrdy. Eý, Hudaý-eý! Ömründe owadan gelinleri kän görüpdi, emma beýle näzenini görmändi. Melek, asmandan ýere inen melek! Näzik endama syrlaşyp duran ýukajyk gök köýnek, üsti ak güllüje gök köwüş, gök ýaglyk. Dilewar adamlaryň aýdyşy ýaly, Gün garasyny-da, kir garasyny-da görmedik süýt deý beden. Ýylgyryp duran ýüz. - Salam. - Siziň ýanyňyzda otursam bolarmy? Ol baş atdy. Tanyşlyk paýtagtyň barha gözelleşýändiginden, seleň howanyň göwün göterýändiginden başlandy. Gelin tegelek ýüzlüdi, gyýma gaşlydy, gara gözlüdi, inçe burunlydy, çukurjykly eňeklidi. Şeýle enaýyja çukurjyk ýygy-ýygydan elwan öwsüp duran ýaňakda-da peýda bolýardy. Olar ýerlerinden turanlarynda, ol gelni agşamlyk naharyny bile edinmäge çagyrdy. Gelin minnetdarlyk bildirdi, gidip bilmejekdigini aýtdy – şäherde ýaşaýan jorasy öýüne çagyran eken. Hoşlaşdylar. Yzyna dolanyp gelse, garynlak suwa giren eken. Sakgal-murtuny syryp, daranyp, ynha, ýigdelen ýaly bolupdyr. Tirkeşip şähere çykdylar. Naharlandylar. Soňra teatra gitdiler. Gülküli oýun görkezilýän eken. Garynlagyň güni geldi. Jykyr-jykyr, jykyr-jykyr... Tomaşaçylar ilki oňa geň galyşyp seredişdiler, soňra özleri-de jykyrdaşyp başladylar. Garynlak myhmanhanada hem oýnuň parçalaryny ýatlap, özbaşyna jykyrdady oturdy. Seýrän ertesi goňşusyny ukudan oýaryp bilmedi. Onsoň ertirlik edinmäge ýeke özi ugrady. Aşakda şol näzenin gelin aýnanyň öňünde özüne bezeg berip duran eken. Ertirlik edinmäge bile gitdiler. Soňra şähere aýlanmagy makul bildiler. Gelin köwşüniň burnuna seredip barşyna, ýuwaşjadan gürrüň berýärdi: - Men institutyň talybydym. Gyşyň günüdi. Ýerde galyň gar ýatyrdy. Okuwdan çykyp, kireýine ýaşaýan öýüme dolanyp gelýärdim. Edil biziň bolýan myhmanhanamyzyň deňine ýetenimde, aýagym taýyp ýykyldym. Biri elimden tutup galdyrdy. Ynha, uzyn boýly, inçesagt, ýüz-gözi nurana ýigit: “El-aýagyňyz abatmy?” diýip ýylgyryp dur. Ol meni öýe çenli ugratdy. Ikimizem bir welaýatdan bolup çykdyk. Uniwersitetde okaýan eken. Duşuşyp ugradyk. Her gün myhmanhananyň deňinden geçýäris. Okuwy sag-aman tamamladyk. Durmuş gurduk. Bir ogul, bir gyza ýüzümiz düşdi. Günleriň birinde hem... Biziň bilen müdimilik hoşlaşdy... Aram-aram: "Ýüregim bimaza etjek bolýar“ diýse-de, beýle bolar öýtmändim... Durmuş aram-aram juda ýowuz oýunlary edýär... Ynha, bäş ýyl bäri onuň orny boş dur... Wagtyň geçäýşini... Sen-men ýok, bagtly ýaşlygymyzyň geçen şäherini, bileje ýörelen köçeleri, ýaşyl baga bürenip oturan myhmanhanany göresim gelip, birden ýüregim gursagyma sygmady. Ine, onsoň ýola düşdüm. Ýüregim düşüşdi. Ertirem yzyma ugramakçy. Siz haçan gaýtmakçy? - Menem ertir ugraryn. Gürrüň alyşyp gidibermedi. Her kim öz pikirine gümra. Myhmanhana dolanyp geldiler. Garynlak otagda ýok eken. Ol eline kitap alyp, diwana gyşardy. Ýöne kellesine hiç zat girenokdy. Goňşusy giçlik geldi. Ýene gören-eşidenleri. Ýene jykyr-jykyr. Indi ikisi bile gülüşýärdiler. Ol ýatmakçy bolanlarynda: “Ine, şeýle adamlar dünýä bezeg berýärler” diýip içini gepletdi. Seýrän irden garynlagy oýarjagam bolmady. Aşakda gelin özüne garaşyp duran eken. Bileje ertirlik edinmäge ugradylar. Gelin: - Näme kän, ulag kän, men-ä otla garaşjagam däl. Ertirlik edinäge-de, çagalara sowgat almaga bazara gitjek. Soňam bäri gelip, goş-golamymy alyp, ýola düşjek – diýdi. Juda owadan ýylgyrybam, aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: - Siz maňa kömek edersiňiz-ä! - Elbetde. Hammal siziň gullugyňyzda, hanym! Gelin hezil edip güldi. Bazardan sowgat-salam alyndy. Çykalga ýöneldiler. Gelin birden aýak çekdi. - Eger men sizden bir zady haýyş etsem, edepsiz saýyp, üstümden gülmersiňiz-dä! - Ýok. - Siz maňa sowgat alyp beriň! - Baş üstüne. Yza dolandylar. Gelin enaýyja gurjagy: içi bally çelejigi gujagyna gysyp oturan aýyjygy görkezdi. - Ine, şuny maňa sowgat beriň! Myhmanhana bilen bazaryň arasy golaý bolansoň, gelin ulaga münmek islemedi. Ol ýolda: - Goý, bu aýyjyk maňa hemişe bir gowy adamy ýatladyp dursun! Men ony öýde görnükli ýerde goýjak – diýdi. - Siz meniň gowy adamdygymy näbilýäňiz? Belki... - Synçylykda erkekler hiç wagtda aýallar bilen deň bolup bilmezler. Ol myhmanhananyň öňünde uzak garaşmaly bolmady. Welaýatlara gatnaýan ulaglaryň ýygnanýan ýerine ugradylar. Sürüjileriň biri bilen ýoluň bahasyny ylalaşdylar. Goşlary ýüklediler. Gyra çekildiler. Gelniň näme üçindir birden ýüzi gyzardy. Ol ýere seredip durşuna ýuwaşjadan: - Siz meni kämahal ýatlap durarsyňyz-a? – diýp sorady. - Elbetde. Ýaşuly adamlar bolup geçen her bir wakany ýatlap gezmegi halaýarlar. Gelin onuň göni ýüzüne seretdi: - Beýle diýmäň, siz ýaşululykdan kän bärde. Men çynymy aýdýan. Ol demir ýol menzilinden myhmanhana ulag bilen gelendigini, sürüji ýigdiň “ýaşuly” sözüni şeýle bir üýtgeşik aýdandygyny, henizem gulagynda ýaňlanyp durandygyny gürrüň berdi. Gelniň gaşlary bildirer-bildirmez çytyldy, owadanja dodagyny towlady. Hoşlaşdylar. Gelin aýyjygy gujagyna alyp, ulagyň öňüne mündi. Başyny aşak goýberdi-de, soň galdyrmady. Seýran myhmanhana dolanyp geldi. Garynlak diwanyň üstünde hat goýan eken: “Meniň işim bitdi, gardaşym. Seniň bilen hoşlaşyp bilmändigime gynanýan. Hudaý meni juda gowy görýär öýdýän: nirä barsam, hökman ýagşy adamlar bilen tanyşdyrýar. Teatra äkidendigiň üçin sag bol, hezil etdim. Ýaşaýan salgymy görkezýän, gezelenje gel. Biziň obamyza bir gelseň, yzyňa gaýdasyň gelmez. Çynymy aýdýan. Garaşjakdyryn. Sen – gowy adam, gardaşym! Ýöne näme üçindir ýüzüň tutugrak. Köpräk gül – uzak ýaşarsyň!” Ol ýylgyrdy. Soňra ruçka aldy-da, kagyzyň boş ýerine: “Senem gowy adam, gardaşym!” diýip ýazdy. Goş-golamyny ýygnady. Otagyň açaryny nobatça tabşyrdy. Agşamky otla alan petegini ýyrtdy. Taksä mündi-de, welaýata gatnaýan ulaglaryň ýygnanýan ýerine ugrady. Sürüji janygyp, nämedir bir zat gürrüň berýärdi. Ýöne Seýran ony diňlänokdy... Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||