10:27

Eýran we onuñ öwrülişikleri

Категория: Publisistika | Просмотров: 186 | Добавил: Gökböri | Теги: Muhammet Rumeýhi | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Eger şonça ýyllap radikal mezhepçilik syýasatyny ýöredip, öz rewolýusyýasyny eksport etmek üçin sebitiň döwletleri bilen yzy gelmeýän "gyzgyn" we "sowuk" çaknyşyklary alyp barýan Eýranyň elitasy "strelkany" üýtgedip, rasionalizme, kadaly, döwrebap döwlet modeline ugur almaga üçünji gezek synanyşyk edýän bolsalar, onda, meniň pikirimçe, pursaty nädogry saýlapdyrlar.

Şunça ýyllaryň dowamynda Angela Merkel ýaly syýasatçylar Russiýa we Eýran ýaly döwletleriň öz-özünden düzelip, häzirki zaman sistemasyna sazlaşyp goşulmagy üçin olar bilen hyzmatdaşlykda ýaşaşmagy öňe sürüp, boş umyt beslediler. "Haýsy sistemanyň gowudyny özleri görüp, syýasatyny üýtgederler" diýdiler.

Häzir bolsa (2022-nji ýyldan) söz nobaty top-tüpeňe berildi. Haýsy sistemanyň gowy işleýändigini indi şolar "çözmeli". Şu wagt hiç zady gep bilen subut edip oturmagyň wagty däl.

Sebäbi dünýä jemgyýetçiligi tomaşaça öwrülip, netijä garaşýar. Olar pikir edýär: eger Ukraina we onuň arkasyndakylar ýeňlişe ýa-da eglişige sezewar bolsalar, onda Russiýa, Eýran, Hytaý, D/g Koreýa ýalylaryňky dogry bolup çykýar. Onda şolaryň diýeni bilen bolmaly ýa-da şolaryňka meňzeş syýasat alyp barmaly. Onda gün güýçliniňki, utanmasaň суверенный döwletleriň üstüne çozup, ilaty bilen isläniňi edip bolýar. Onda Eýran hem öňki ýoluna ýüz esse berk ýapyşar. Ýeňiji Russiýa hem ýaranyna dag ýaly arka durar. Ikisiniň öňünde duran özüň bolma.

Eger beýleki tarap ýeňse, onda umumydamzat gymmatlyklary, universal hukuk kadalary dabaralanar, halkara kanunlary agalyk eder, zorlugyň, ýaýylmaçylygyň, höküm sürjek bolmagyň netijesizligine göz ýetirip, döwletler ylalaşyga, hyzmatdaşlyga geçerler, öz güýçlerini ykdysady, ylmy, medeni ösüşe gönükdirerler.

Şu wariant bolsa, Russiýa we Eýran ýaly döwletlere içinden-daşyndan gep düşündirip oturjak adam bolmaz. Olaryň formaty gaty tiz üýtgär. Birki žurnalistiň makalasy bilen däl, dünýä düzgüniniň täzeçe ýola goýulmagy bilen. Elbetde, ideal dünýä bolmaz, emma her ýagaýda-da тем более bu urşa gatnaşan döwletler öňküligine galmazlar.

Так что, "güzerde at çalşylmaýar" diýilýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]