08:57 Eziz mugallym | |
EZIZ, MUGALLYM!
Mugallym gursagynda ynsanperwerligiň gülleri gunçalaýan älem gözelliklerini kalbynyň gözi bilen görüp bilýän üýtgeşik ynsan. Olaryň ýüregindäki ýaşaýşa söýgüsi ýüzlerini nurlandyrýar. Mugallymlaryň adyny eşitmegem käte ynsany tolgundyrýar. Olaryň öz ömründäki paýyny diňe ylym bilim däl durmuşdan beren sapaklaryny ýatladygyňça çuňňur minnetdarlyk duýgusy oýanýar kalbyňda. Ýokary okuw jaýyna giriş synagyna girenimde nurana ýüzli mugallymlary görenimde talyp bolmak arzuwdan ötri hyjuw bolup ornady süňňüme. Şonda serime şol nurana ýüzli ynsanlar bilen didarlaşmak hem bagtdyr diýen pikir dolupdy. Ine bu gün men bagtyýar talyp. Her säher başym gültahýaly iki örüm saçly egnimde türkmen milli nagyşlary bilen keşdelenen çabytdyr köýnekli instittumyza gaýdanymda arzuwlary wysal bolýan ýurtda ýaşaýandygyma buýsanýaryn. Ynsan haçan özüniň mynasyp durmuş ornuny eýeläninde bagtly bolýan eken. Men diýseň bagtly. Oguljennet AGAMYRADOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli düňýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |