13:25 Gahrymanlary bilen adygan ýazyjy | |
GAHRYMANLARY BILEN ADYGAN ÝAZYJY
Alekseý Maksimowiç Gorkiý 1868-nji ýylda Nižniý Nowgorod şäherinde eneden dogulýar. Onuň döredijiligine ser salanymyzda dogrusy gahrymanlarynyň mähirli, il üçin dörän, hakykatdan hem adamzat üçin alada edýän gahrymandygyna göz ýetirýärsiň. Munuň özi ýazyjynyň beýik medeniýetleri özünde jemleýän, beýik garaýşynyň bardygy bilen düşündirilse bolar. Beýik medeniýetleriň aňyrsynda duran beýik portretler bolsa, ýazyjynyň eserlerini müňýyllyklaryň arasyndan geçirip, asyrlar boýy herekete getirýän edebi güýje ýakynlaşdyrýar. Gorkiý iň uly proza eserleriniň awtory hökmünde rus ýazyjysydyr hem-de watançylyga öz eserleriniň üsti bilen köp ýüzlenen ýazyjydyr. Onuň döredijiligi dünýä edebiýatynda örän tanyş beýik gahrymanlary goýdy. Her gezek eserlerini diňe bir kitapdan däl, kino sungatynyň üsti bilen hem bilmäge mümkinçiligimiz bar. Gorkiniň babasynyň uly bolmadyk mata reňkleýji dükany bolupdyr. Munuň özi onuň çeperçilik pikirlerini, reňkleriň arasyndaky sazlaşygyň dürler deňzine batyşyny görkezmäge kömek edendigi onuň eserleriniň köptaraply we içi-içine gidýän manylardan dolylygy bilen tapawutlanýandyr. Iň köp rus ertekilerini diňlemegi bolsa, rus tokaýlyklarynyň, ýaşyl zolaklarynyň şapak batandaky aýdymlaryny ýazyjynyň ýüregine doldurypdyr. Babasy we ejesi ýaşajyk Alýoşa okamagy, ýazmagy öwredipdirler, mamasy agtygyna rus ertekilerini, rowaýatlaryny, aýdymlaryny we nakyllaryny aýdyp berip, ony rus halk döredijiligi bilen tanyş bolmagy eserlerinde mifiki keşpleri gözlemäge, şeýle- de şol keşplerde öz içiki dünýäsini, çagalygyny görkezmäge çalyşmagyna itergi beripdir. Dogrusy ýazyjynyň döredijiligine nazar salnyňda onuň çagalygynyň hem edil döredijilik ýaly geçendigine göz ýetirýärsiň. Çünki ýazyjynyň hakykaty onuň eserlerine siňýändigi düşnüklidir. Ýazyjy bolsa, hakykatdan hem eserleri kibi mähriban gahrymanlary öz ýüreginde jemläp, onsoň okyjysyna hödürleýändir. Maksim Gorkiý «Çagalyk» diýen powestinde bu barada ýatlap: «Ejemi jaýlanymyzdan birnäçe gün geçeninden soň babam maňa ýüzlenip: «Näme diýsene, Alekseý, sen meniň boýnumdan asyp gezer ýaly bir medal däl, indi adamlaryň arasynda öz günüňi özüň gör!» diýen sözlerini getirmegi bilen ýazyjy ilkinji gezek özbaşdak bolup başlandöwrüni ýatlaýar. Ýazyjynyň durmuşynda tebigat hadysalary, tebigat, dürli ýerler, suwly ýerler, tokaýlar örän uly aýratyn orunlary eýeläpdir. Ene temasy hem ýazyjy üçin ýokary derejeli gahrymanlary döretmäge mümkinçilik berýär. Onuň döredijiliginde birnäçe eneler ýüze çykyp, şol eneler bolsa, bu günki gün nusgalykdyr. Şol eneler hem gahryman, hem durmuşyň gahrymançylygyndan nusga alynan hem-de bu gün bir perzent bagtyýar bolsa, şol perzendiň aňyrsynda beýik bir enäniň bardygyny subut etmek hem gerek däldir. «Ene» diýlip atlandyrylýan romanynda öz enesiniň gahrymançylykly başdan geçirmeleri barada ýazýar. Häzirki döwürde hem özüniň temasy boýunça wajyplygy saklaýan bu eserleriň üstünlikli okalmagy we bu eserlerdäki gymmatlygy saklaýan temalar bizi hemişe tolgundyrýar. Maksim Gorkiniň «Edebiýatyň maksady bu adama öz-özüne düşünmäge kömek etmek, onuň özüne bolan ynamyny artdyrmak we onuň hakykata ymtylmagyny gazanmak, adamlaryň ahlaksyzlygy bilen göreşmek, olaryň gowy häsiýetlerini tapmagy başarmak, olaryň kalbynda utanç-haýa, gahar, mertlik duýgularyny oýarmak, ýagny adamlar adamkärçilikli bolup, mukaddes gözelligiň ruhy bilen öz durmuşyny ruhlandyrar ýaly ähli zady etmekdir» - diýen sözleri onuň öz eserleriniň jemidir. Ýazyjynyň döredijiligi bu günki gün giňden okalyp, ol dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda at aldy hem-de bu gün ol aýratyn öwrenilýän edebiýatlaryň biri boldy. Şol sebäpden-de ýazyja goýulýan hormat ýer ýüzünde hem uludyr. Şu günki günde edebiýatyň adamzat üçin wajyplygy hem hut şundan gelip çykýandyr. Çünki edebiýat adamlary birleşdirýär. Ol adamlara ýol salgy berýär we şol ýoldan öz durmuşdaky meselelerine ýagty saçýan ýagtylyklary görkezýär. Aýgözel ALTYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |