21:33 Gar ýagýar | |
GAR ÝAGÝAR
Gar ýagýar, nur ýagýar ene topraga, Täze ýylyň täze rysgaly ýagýar. Bir aklyk bar bolsa ýeriň ýüzünde, Şolaryň barynyň nusgasy ýagýar. Gyşky ukusyna çümen tebigat Ýapdy bu gün ak çäkmenin egnine. Diňe ýaşyl arça sülmüräp otyr, Çalym edip ak öýmeli geline. Hanha ak öýmeli gelinler bolsa, Arça ýaly syrdam ýarlary bilen Garly günde bir ýere-hä çykypdyr, Nirä barýanlaryn özleri biler. Gar syraýar, Onuň üçin parhy ýok, Gelinmiň sen, Ýigitmiň sen, Başgamyň, Kim bolsaňam gömýär seni aklyga. …Synlap näme diýjegimi bilemok, Agarşyny juwan ýaşly başlaryň. | |
|
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |