15:35

Garrygala-Ganlygala / poema

GARRYGALA-GANLYGALA

• Awtory hakynda kelam agyz

Amangözel Hudaýberenowa 1939-njy ýylda, Garrygala etrabynyň Garakel obasaynda dogulan. Ol şahyr hökmünde, döredijilik ýoluna 1990-njy ýylda başlaýar. Onuň köp goşgulary etrap, welaýat, respublikan gazýet-žurnallarynda çap edilip, giň okyjylar köpçüligine tanyşdyr. Amangözel ejäniň bu "Garrygala-Ganlygala" poemasy ilkinji gezek, "Sumbar säheri" atly etrap gazýetinde 1994-nji ýylda çap edilýär.
Amangözel Hudaýberenowanyň "Garrygala-Ganlygala" poemasynda 1858-nji ýylda Garrygalada bolan gandöküşükli söweş barada gürrüň berilýär. Eýran şasy Nasreddin Büžnürdiň häkimi Japarguly hana Günorta Türkmenistany, ilkinji nobatda Sumbar jülgesini we Garrygalany eýelemek barada buýruk berýär. Eýranyň uly goşunynyň gelýänini eşidip, Sumbar jülgesiniň gökleňleri tekelere we ýomutlara kömek sorap, ýüz tutýarlar. Durdyhan ýanygyň ýolbaşçylygynda kömek gelýänçä gökleňler duşmana garşy durup, ilkinji çozuşlary yzyna serpikdirmegi başarypdyrlar. Kömek aýny wagtynda gelip ýetişipdir. Teke atlylarynyň ýolbaşçysy Nurberdi han, ýomutlaryňky Mahmyt işan bolupdyr. Söweşde tekeleriň, ýomutlaryň we gökleňleriň birleşen güçlerine Ahaldan gelen Nurberdi han ýolbaşçylyk edipdir. Uzaga çeken söweşde türekmen taýpalary: tekeler, ýomutlar we gökleňler birleşip, duşmanlary kül-peýkun edýärler.


GARRYGALA-GANLYGALA

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygun, erär topraklar daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Magtymguly.

G I R I Ş

Belent-belent, ylgam-ylgam,
Baýyrlykda ýaşan obam,
Maňa muny gürrüň berdi,
Garrap öten atam-babam.

Geçmişini ýazýan Garrygalanyň,
Gowur bilen ýanan ganly-galanyň.

Söýülhanyň hany, şol Durdyhanyň,
Çünki, şu galada akypdy gany.

Bakanyň sebäbi geçen asyrdan,
Nähakdan gan akan, müňläp ýesirden.

Gan:ym aýak basan, eziz topraga,
Şonda ýara salan, näçe kükrege,

Şol ýara kükrekler baky ýatlanar,
Garaşsyz Watanym öser, batlanar.

Garrygala güýç-kuwwatda dikelse,
Ötenlere aýat-Gurhan okalsa,

Belki, ýadygärlik hormatlap gursak,
Ata-babalary ýatlasyn gursak!.

1 - BÖLÜM

Küren oba bolan, Monjukly depe,
Gelindir-gyzlary gönjükli depe.

Isgender Zülkarnaý söweşen ýeri,
Pytrap galan şonda monjukdyr, düri.

Ylgam-ylgam, depe-depe baýyrlar,
Jülgesinde ýaşyl öwser çaýyrlar.

Gül-gülälek bahar aýy depeler,
Gül yşkynda hak aşyklar köpeler.

Janly-jandar gözelligiň aşygy,
Nurly güneş ýagty salýar yşygy.

Owlak guzy agyp-dönüp, böküşip,
Aşyk-magşuk, gözün-gaşyn kakyşyp,

Gelerdi uzakdan tüýdügiň sesi,
Hatar-hatar öýdi, depäniň pesi.

Şatlyk-şagalaňly bir gün şol oba,
Dostlaryň öňünde palowly taba,

Munuň sebäpkäri inipdi dünýä,
Garyçgaý batyrmyz "Bu gün toý" diýýä.

Garyçgaý batyrmyz Söýünhanlardan,
Sowgat gelip durdy, mähribanlardan.

Ogly durman eken, kyrk ýaşa çenli,
Durdy, Dursun atlaň dakylşy belli.

"Oglum boldy, indi beri dursun" diýp,
"Allajanym uzak ýaşyn bersin!" diýp,

Mätäje nan ýalaňaja don berdi,
Ogul toýda sylag-serpaý kän berdi.

Oglan ösdi, bäbeklikden saýlandy,
Taýagy at edinip, münüp oýnady.

Söweşe giren dek her çana çapan,
Elinde örülen, ýüplükden sapan.

Sapanyny aýlap-aýlap atardy.
Gelen awy çaltlyk bilen tutardy.

Gaty agajyň bilin büküp, ýaý edip,
Nyşana atardy, dogry jaý edip.

Şeýdip-şeýdip boljak ogul ýaşlykda,
Gezdi dostlar bilen göwün hoşlukda.

Adamzatdan dünýä inýär üç ogul,
Aýdýarlar-aýdaýyn, şu hili ogul.

Birisi Şabeser, biri Serbeser,
Ýene biri bardyr, biliň, derdeser.

Şabeser oglumyz Dyrdymyz bolan,
Il-ulusy oňa merhemet kylan.

"Gorarys Watany köpdür sanymyz,
Durdymyz mynasyp bolsun, hanymyz"

Diýip, aksakallar maslahat etdi,
Bu habar ýaýrady, her ýana ýetdi.

Durdyhanymyz boldy, Söýünhan hany,
Il-gün üçin urýar ýürekde gany.

Bolupdyr gaýratly, bolupdyr batly,
Sesi belent, durşy bilen gaýratly.

Syraty nurana Oguzhan ýaly,
Il-güni goramak, onuň hyýaly.

Özüni tanatdy, Oguz han nesli,
Ata münmek, gylyç syrmak-höwesli

2-nji BÖLÜM

"Türkmenlere gerek, goramak Watan,
Aýagyn basmasyn, her bir öňýeten" -

-Diýip, gerek ýerde gala saldyran,
Wagty bilen seňňerlerem galdyran.

Gitdikçä, bozulýar ne gözel durmuş,
Görüplik, açgözlük, salgydam barmyş.

Mazenderan hany Japarguly han,
Eşdilýär, türkmenden akdyrjakmyş gan,

"Hak Allajan penasynda saklasyn,
Ýigitlermiz iýen duzun haklasyn".

Pir-ahynlar diläp-okady, zýat,
"Ruhlardan bolawersin, hemaýat".

Agyr salgyt isläp, gelen tynaýak,
Oňuşman yzyna giden hol-baýak.

Japarguly hana habar getiren,
Il-halkyna näletini ýetiren.

Han doňbagyr, ýokdy pähim-paýhasy,
Türkmeniň başyna inderjek ýasy.

Baýlyk, betnebislik gurşaldy, aldy,
Gazap donun geýip, ýerinden galdy.

Topy, tophanasyn, baryn edip, jem,
Etmişidi hanyň, nähakdandy jeň.

Buýruk bilen ugradylar, ot açyp,
Agyr leşger gaýtdy, Gürgenden geçip.

Türkmensähra galdy, uly alada,
Habar ýetirmeli, Garrygala-da.

Keýmirköp ýürekli gerekdi batyr,
Bellidi ýollarda gan:ymlar ýatyr.

Derrew ýaşulylar geldi jarara,
Habar ýetirmeli, wagt ýok durara.

Gürgende belli bir arap atyndan,
Saýlap iberdiler ýeriň astyndan.

Üstündäki ýigit örän gaýratly,
Edil Görogly dek, uçýan Gyratly.

Habarnama Durdyhana gowuşdy,
Asman ýüzi tot-tozandan bulaşdy.

Ähli kethudalar üýşdi, bir ýere,
Çapar ibermeli, gerekli ýere.

Maslahat gyssagly, gaty tiz bolan,
Hanymyz dostlaryn, ýadyna salan.

Galamyza taýýar, üýşüp baralyň,
Kem-käs ýerlerini barlap göreliň.

Hanymyz jemledi bütin goşuny,
Iberdi garyma eli boşuny.

"Hile hem batyrlykdyr, ýerinde,
Telpekler oýnasyn, ähli galymda"-

Diýdi: "Derileri togalap daňyň,
Bildiräýmäň, gaty hatyjem boluň!"

Çapar atly gitdi, çar tarap sary,
Hanlara ýetirdi, gelnen karary.

Dürli uruş tälimlerni öwredýär,
Ýigitlerden atly goşun döredýär,

Batyr, mergenleriň bary jemlendi,
Goşun azdy, şoňa biraz gamlandy.

Geljek duşman kyrk müň atlydan kändi,
Gökleň üçin bu san, uly bir sandy...

Bu şum habar ilki Çendire düşdi,
Şonuň üçin Çakan batyr ýetişdi.

Çakan batyr Çendir jülgäň hanydy,
Onuňam goşuny bäş ýüz sanydy.

Hanlar köpdi, her tiräniň hany bar,
Watan, toprak-bu sözlerde many bar.

Ýöne hanlar hany ahal ilinde,
Nurberdi han hemmeleriň dilinde.

Oňa ilki bilen baryp ýetmeli,
Bu ahwaly tizlik bilen aýtmaly,

Biziň arkamyzyň belent dagydyr,
Türkmenleriň ýüreginiň bagydyr.

Şoldur bizi azat etjek serkerde,
Hökman ýetişer ol gerekli ýerde"

Diýip, Durdyhanmyz pikire gitdi,
Çaparlaryň bary menzile ýetdi.

Batyr-mergenleriň bary jemlendi,
Gyssanyp hanymyz, biraz gamlandy...

Ýomut garyndaşa, Mahmyt işana,
Çapar atlyň biri gitdi şol ýana.

Kellebatyr atly goşunyň başy,
Çagyrdy gyssanmaş, töwerek-daşy,

-- Gökleň garyndaşyň üstüne duşman,
Ar alyp, duşmandan, etdiriň puşman.

Batyrlarym, ok-ýaragly şaýlanyň,
Kesgir gylyç, arap atlyň saýlanyň!--

--Diýip, Mahmyt işan ýüzlenip aýtdy,
Ähli merdanalar jeň ýere gaýtdy.

Jeň habar ýetişdi, Nurberdi hana,
Öz goşunyn ugratjakdy, bir ýana.

Ugramaly- Marydanam çakylyk,
Ýaman habar, uruş, dawa, gykylyk.

Ýöne weli, ilki bilen Garrygala,
Arkajyň açary, şol köne gala.

Şony azat etmek, ilkinji çäre,
Duşman dagdan geçse, ýakyndyr ara...

Duşmana daglykda daramak gerek,
Ganym dag içinde bolsun janserek.

Çopan Kirdir. Dykma Serdar ýanynda,
Türkmenleriň dost-doganlyk ganynda.

Kesearkaç, ahal ili birleşip,
Eňýärdiler sap-sap bolup, ýerleşip.

Ýigitleriň bary ýüwrik atlydy,
Galkan, gylyç-ýarag, goly batlydy.

Agyr goşun raýtdy, Garrygala sary,
"Entek garaşmaly bolarsyň-Mary".

Diýip, ýigitleriň düşdi öňüne,
Hanlar hany göz ýetirdi soňuna.

Agyr leşger Sakargädikden eňdi,
Gije ýagan ýagyş ýaňyja diňdi.

Sumbaryň ilersi gohdy, galmagal,
Bütin oba hereketde şol mahal.

Aýallar, çagalar bary galada,
Her kim pikir edýär, kömek barada.

Aýallaň elinde gyrkylyk pyçak,
Garrylaň dilinde mukaddes ojak,

"Oglan-uşak kem durmaýar uludan,
Ynsan däldir, Watanyny unudan.

Galanlaryň daga-daşa siňmeli,
Duşman gelse, daş togalap zyňmaly.

Galan-gaçan tiziräjik gitmeli,
Şunda galňan, Ýollydepä eňmeli.

Arkaç ili bize howandar bolar,
Ynanýarys, hökman kömege geler."

Diýip, hemme oba habar ýollady.
Nurberdi han şonda ýakyn ýoldady.

Ganly uruş başlanypdy ir säher,
Serkerdämiz buýruk berdi, şo mahal.

Abdykerim işan okap ak pata,
"Imanňyz okaryn, bolsaňyz hata.

Watan üçin hata bolanlar Şegit,
Allanyň işidir, bolsun-da bähbit"

Ýigitlermiz kasam etdi Alladan,
Hemaýat ýetirsin, Kulhualladan!

Topuldy ýigitler aç gurt mysaly,
Batyrlykda edil, Keýmirkör ýaly.

Ýigitlermiz arslan kimin topuldy,
Älem-jahan tot-tozana gapyldy.

Duşman topy hol depäniň üstünde,
Bar hyýaly gala almak kastynda.

Gümürdisi gulaklary gapýardy,
Mert ýigitler öz ornuny tapýardy.

Gorkuzmaýar duşman atsa-da gülle,
Diňe mertlik gerek bolýar, şu nille.

Serkerdämiz ýatman, garaňky gije,
Bar ünsün berýärdi, ýerinde güýje.

Ýagşy mergen seňňer gurdy nazarlap,
Magtymguly hanam duşman yzarlap.

Çünki, batyr at oýnadan goç merdan,
Ony has-da eý görerdi Durdyhan.

Magtymguly Sakgar obaň hanyanydy,
Ogly bilen bular iki sanydy.

Mert ýigitler duşmana maý berenok,
Hanlar, begler gol gowşuryp duranok.

Ine, Sakar obaň Magtymgulysy,
Ýagmyr handy, ogullarnyň ulusy,

Ýigitleri bardy, algyr guş ýaly,
Beýlekiler ondan alýar mysaly.

Ýüzbe-ýüz göreşde bäşine taýdy,
Ýöne, ykbaldandyr, gylyjy taýdy.

Batyrlarmyz giden eken, has öňe,
Elinde galkany galypdyr diňe.

Duşman köpläp, alypdyrlar kellesin,
Okyjylar şuny pugta bellesin!

Merdana oglumyz tijendi hasam,
Göwräniň ýanynda etdi ol kasam:

-Bir ýerine ýüzüsini alaryn.
"Wellemşaha" oýnun size salaryn.

Magtymguly hanyň habary geňdi,
Pähim-paýhasynda özüne deňdi.

Neneň ele düşendigin bilende,
Ogly atasyny jaýlap gelende.

Durdy hanmyz şonda başyny egen,
"Uruş pidasyz bolmaz-dözmez" diýen.

Ömür-ylla aglamadyk hanymyz,
Gaty gamlanypdy mähribanymyz.

Batyrlaryň sany sanardan kändi,
Hemmesi agzybir,bir jan, bir tendi.

"Duşman güýji köpdi, aldym-da-berdim,
Galamyz gabaldy, men şony gördüm"

Diýip, seňňer ýere habary düşdi,
Galanyň gitmegi iň ýaman işdi.

Topuň oky Abdyjana degipdir,
Galada mert ýigit başyn egipdir.

Eşdende hanymyz boldy dergazap,
Bolawersin Allahym, ahyrýet azap.

Batyr Ýagşy mergen atýar seňňerden,
Çakan batyrmyzam, gerekli ýerden.

Mert ýigitler gylyç, galkan gapýarlar,
Söweş ýerde şirler kimin gopýarlar.

Naýzalar, gylyçlar näçe işledi,
Ganym kellesini kesip taşlady.

Ýöne gala galdy, ortada gabaw,
Çäre ýok, mertleriň ýollary ýabow.

Habarlaryň bary serkerdä aýan,
Gozganyp bolmaýar, bir ädim bu ýan.

Galamyz duşmanda, gabawda ýesir,
Güýç toplamak üçin, yzyna tessir.

Bütin gije Serkerdämiz ýatmady,
Ýagdaý agyr, kirpiginem gatmady...

Wagtlaýyn süýşeliň, Galalygöze,
Daglar, daşlar kömek bererler bize.

Ýesirlerem takdyryndan görerler,
Watan üçin şirin janyn bererler.

Elbetde, bu uruş hatasyz bolmaz,
Geler doganlarmyz, beýlede durmaz.

Degmäliň duşmanlar hoşlasyn göwün,
Yza çekileliň, bereliň orun.

Ähli güýçlerimiz Galalygöze,
Garaşyň, belki, kömek ger size.

Algyr şirler häzir dagyň daşynda,
Agyr ýitgi bardy, ynsan başynda.

Duşmanlar begenip, göwün güldürýär,
Bagtyndandyr - ajallysyn öldürýär.

Ýöne bire onuň alarys başyn,
Doganlar pytradar nehisleň läşin.

Türkmenlere mahsusdyr, ruhy baýlyk,
Zyýany ýok, Allam bersin saglyk,

Haý-haý aýdyp, ýesirleriň gününe,
Top atylyp, oklar düşýär deňine.

Yzan-çyzan çagalaryň sesleri,
Ganymdan doludy, galaň pesleri.

Japarguly gelip, ederdi haýbat,
Türkmeniň başyna düşen musallat.

Galamyz dolupdy, ýetim-ýesirden,
Näçeler armandan geçip dur serden.

Geljege ýesirleň ynamy uly,
"Näçe dyzasa-da han Japarguly,

Şehit öleris, emma boýun egmeris,
Topragmyzy asla size bermeris.

Duşmanlar berse-de, agyr jezany,
Mertlerçe ýesirler alýar kazany,

Gijeler gizlenip, gazyşdy gala,
Gaçalyň biz, görmäwersin şu bela".

Diýip, ogryn ýerden gazyp çykalga,
Bildirmän ýetmeli, gaçybatalga.

Şu ýagdaýdan ýesirlermiz habarly,
Nobat-nobat bolsun, boluň sabyrly.

Gizlinlikde, ilki gitsin ýaşlarmyz,
Kesilse-kesilsin, garry başlarmyz".

Diýip, gojalarmyz etdi nesihat,
Allahym, ýetişgin, bu ne ahwalat?!

Diýipdirler, "Oba ogrusyz bolmaz,
Nälrtkerde hiç wagt oýnamaz, gülmez.

Hally nar obanyň näletkerdesi,
Agyr gün syryldy, ýüznüň perdesi.

Haýynlykda onuň bolmandyr taýy,
Heý bir duşmandanam bolarmy daýy?

Bütin gije galaň ýary boşady,
Irden Hally naryň sesi daşady.

"Waý, ýetiş, daýy jan, ýesirler gaçdy,
Ýesiriň bir ujy daglardan aşdy.".

Diýip, galaň burçunda dur, tumaýak,
Maňlaýyna degdi, şonda bir taýak.

Onýança-da ganym atlysy ýetdi,
Yza galanlary bir-birden atdy.

Galanryn urup, etdiler heläk,
"Görjegiňiz gandyr, indiden beýläk".

Galamyzyň içi dolup dur gandan,
Misli guduz itler gelip dört ýandan.

Guduz gelip, ýençýär guba ejäni,
Ýatman geçiripdir, bütin gijäni.

Ýarawsyzdy, ýaşlygyny geçiren,
Agtyklaryn şu galadan gaçyran.

"Gidiberiň iýjek duzumy iýdim,
Armanym ýok, agtyk-çowlugam söýdüm".

Diýip, agtyklaryn ýola salypdy,
Ganym onuň alkymyndan alypdy.

Guba ene darykmaýar, arkaýyn,
Nähak ganyn döküp, duranda haýyn.

Ol durup bilmedi, gepledi dili,
Ar-namysdan ýaňa, kükregi doly.

"Dagdan agdardym men, ýedi nerimi,
Watan üçin bagyşlaýan serimi.

Indi men ölsemem, armanym ýokdur,
Nehisler, bilseňiz, sözlerim okdur!"

Guba ene mertlik bilen berdi jan,
Ony görüp güldi, Japarguly han.

Bu gülküler uzaklara gitmez-le,
Gaýgy-gamdan hiç bir işem bitmez-le.

Giden ýesirlermiz daglardan aşdy,
Hemmesi zenandy, hemmesi ýaşdy.

Bilýäňizmi, Ýolly deräň ýoluny,
Belent daglar tutýar, sagy-soluny?!

Uzukjemal ýaramandyr, galypdyr,
Gujagyna bäbejigin alypdyr.

Bir gaplaňyň ýatanyny görýär,
Bialaç ýaş ene şol ýerde durýar.

"Ýagydan gaçdym-da duşdum belaga,
Daglara çykmaga, bar elde çaga.

Mysapyr enäniň gözünde ýaşy,
Şol ýerde otyrdy, aýlandy başy.

"Şirimsiň, pirimsiň" diýip, ýalbaran,
Rehimdar şir naçar enä ýol beren...

Nurberdi han indi, dagyň üstünden,
Düşlejekdi Ýollyderäň pesdinde.

Han tisgindi, görse, gelýär ýesirler,
Oňa aýan boldy, ählije syrlar.

Atdan düşüp, garşy aldy baryny,
Deň çekişjek, iliň-günüň zaryny.

"Galada "salpaýak" berýärmiş perman"
Nurberdi han şoňa ah çekdi, arman.

Ýesirlere berdi, taýýar nahary,
Ýetişmänine gaty geldi gahary.

Gökleňleriň iň bir ýakyn hossary,
Goýberdi ýesiri, Ahala sary.

Ýanlaryna saldy, on, on bäş atly,
Saýran ýigitleri gaty gaýratly.

Han, gyssanmaç ugradylar jeň ýola,
Daşda däldi, indi görüner gala.

Eşdilenok dürli guşlaryň sesi,
Ýa täsir edipmi, deräniň ysy.

Nirä gitdi, saýrap ýören käkilik,
Ýa-da, onam gorkuzdymy gykylyk?!

Janly-jandar, hemmesi-de bukuda,
Ýa-da, olar bimarmyka ukuda?

Bahar aýy gülläp duran gülälek,
Depelenip ýatyr, misli gum ýalak.

Tebigatyň bolup dursy gaty geň,
Göýä diýýäň ýaly, "Tiziräjik ýeň!"

Garrygalaň üsti gara bulutdy,
Janly-jandar gorkup, uzaga gitdi.

Agyr goşun egdi, aç-gurt mysaly,
Okyjylam, görmäň, beçle ahwaly!

Diňe merdanalaň başlary beýik,
Oguz han nesli özüne seýik.

At salyp gelende, misli ýyldyrym,
Tizden-tiz göründi, wagta ýok durum.

Batly-batly sesler gelýär uzakdan,
Meňzäp, ýigitlermiz boşan duzakdan.

Gyzylarbatdan gelýär, ýene uly güýç,
Paly mergen bardyr, gamlanmagyn hiç.

Kim tanamaýar, Öwezli tentegi,
Magruply merdanyň bolmaz entegi.

Hol görünýän gara, şonuň goşuny,
Syryp gaýdan eken dagyň başyny.

Günbatardan ýeter, Mahmyt işanmyz,
Kelle batyr gorar, degre daşymyz.

Söweşlerde aç-gurt bolup daraýan,
Ýomut garyndaşlarmyz biseňiz, aýan.

Uly goşun, hanlar gelip ýetişdi.
Hersi öz gelmeli ýerne düşdi.

Jemlenişip, boldy uly maslahat,
Turup ýerden, Nurberdi han şol halat:

"Salymyny bermän, gireliň jeňe,
Serkerdelik, ynanýaryn, men şoňa.

Buýruga garaşyp, birden ot açyň,
Gerekli ýerinde, jandanam geçiň!

"Ýurdy belet çapar" diýen nakyla,
Mert ýigitler, goldap gidiň akyla!

Durdyhan şu ýeriň arslany-gurdy,
Topragy gorady, dag ýaly durdy.

Şonuň üçin mertler, ediň diýenin,
Doly berjaý ediň, aýdan-goýanyn!"

Diýip, göreş tugun ýanyna aldy,
Batyr Durdy hany söweşe saldy.

Durdy hanyň indi eli boşady,
Ata münüp, bilini berk guşady.

Mert ýigitler aldy ele gylyjy,
Halka saldy, Gündogarda bir ujy.

Maý bermän mertler girdi uruşa,
Atlar ganat baglap, dönüpdi guşa.

Goçaklarmyz at çapyşyp, haý-da-haý,
Duşmanlaryň sesidi, häzir "Waý-da waý".

Olar tapmadylar girmäge deşik,
Şonda ganhor hanam bolupdy pişik.

Zordan gaçyp, özün atdy çadyra,
"Akdyrmasaň ganyn, bolmaz gadyra".

Diýen batyrlarmyz kän boldy gaty,
Gylyçlary kesgir, ýüwrükdi aty.

Yzly-yzyna söweş gala boşatdy,
Mergenlermiz sapançasyn daşatdy.

"Gözüň aýdyň, boşatdyk biz galamyz,
Sumbardan ileri, gaçdy belamyz.

Monjuklyda bardyr, Mahmyt işanmyz,
Kelle batyrmyzdyr, örkden boşanmyz.

Paly mergen bilen birleşdirip güýç,
Duşmana gaçmana, goýmazlar hem hiç.

Duşmany goýmarys, dagdan aşyrys,
Nesip etse, läşlerini çäşiris"

Diýip, buşluk etdi, Çopan Kirimiz,
Durdy handyr, Gülten Batyr-nerimiz.

Dykma serdar Eşrep galada galdy.
Duşmanlaryň geljek ýoluny aldy.

Duşman ýesirleri köp düşdi ele,
Eden arzuwlary sowuldy ýele.

Nurberdi hanymyz bir gez beýgeldi,
Ymam Abdykerim ýanyna geldi.

Edepli hanymyz ilki Salamy,
Okatdyrdy soňra, aýat-kelamy.

"Goçaklarym, kowga salyň duşmany,
Ganymlara etdiriň siz puşmany!"

Diýip, pir-ahun etdi towakga,
Ençe ýyllar ýatdan çykmaz, bu waka.

Ýesirler janyny edipdir gurban,
Gaýtawul beripdir, müzzerip durman.

Galamyzda ganlar garalyp ýatyr,
Ajaly ýetmänler galada otyr.

Hossarlary ony öýüne getir,
Elbetde, ýarawsyz düşekde ýatyr.

Gamlanmagyn türkmen, ýeňişe tarap,
On atlylar ýene duşmana garap.

Bu gezekki buýruk gaty täsirli,
Hiç kim duýmaly däl, şeýle bir syrly.

Dynmaly biz ilki topuň sesinden,
Gije gizlinlikde depäň pesinden.

Sumbar akymyndan gelmeli ýüzüp,
Aç-gurtlaram gije awlaýar çozup.

Duşmany etmeli gije güpbasdy,
Şoňa serkerdämiz berk gulak asdy.

Meniň bilen gerek, bäş-alty adam,
Diňe gylyç alyp, goýalyň gadam.

Beýlekiler bolsun, şonda hatyrjem,
Taýýar bolup dursun, bolar hökman jeň.

Atlarmyzy goýup gitjek çakada,
Ähli goşun dursun, Sumbar ýakada.

Habaryn ýetiriň sesli gygyryp,
Şoňa çenli sabyrly boluň, dymyp!"

Diýip, batyrlarmyz gündogar taýdan,
Ýylgynly öwülýäniň ýanyndan gaýdan.

"Ölseň şehit borsuň, galsaňyz kazy,
Japarguly diýen masgarabazy.

Uralyň mertlerim, süýji ukuda,
Ýigitlermiz garaşsynlar bukuda!"

Gaty şowunady, ýigitleň haly,
Ganym duşmanlaryň ýatan mahaly.

Günem günortandy, atlar ýadady,
Öwran-öwran gaýdyp urşmak kadady.

Birden günbatardan gelýär ot açyp,
Paly mergen gelýär, Sumbardan geçip.

Tüýs gerek mahaly gelip ýetişdi.
Ýomut baturlary oňa gatyşdy.

Monjukly depeden gaýdan gyýalap,
Iň öňünden algyr, şirleri ýollap.

Algyr şirdi, batyr-batyr ýigitler,
Çarpaýa galyp dur, gör, arap atlar!

Edil Göroglynyň "Wellemşa" oýny,
Duşmanlar ýan berip, sallady boýny.

Alaçsyz ganymlar gözün ýetirdi,
Şonda Japarguly özün ýitirdi.

Onuň indi diňe gaçmak küýünde,
Heý, durup bilermi, mertleň deminde?!

Nurberdi han muny görüp begendi,
Nan batyryň atly gaçyşy geňdi.

Indi mertleň söweşleri şowuna,
Üstün çykyp, topuldular awuna.

Giden giň meýdanda duşmanlaň läşi,
Ýigitleri ýygnap, serkerde başy.

Diýdi: "Indi besdir, aldyk arymyz,
Watan üçin etdik, elde barymyz.

Olja aldyk, müňläp-müňläp ýesiri,
Arman, Japarguly gaçypdyr diri".

Dumly-duşa habar bardy, jeň ýatdy,
Nurberdi han ýeňiş okuny atdy.

Şatlyk hem armanly boldy goçaklar,
Toý naharyn bişirip dur ojaklar.

Watanyna neneň barjak, namart han,
Heý-de, ony ýaşadarmy nähak gan?

Ody ýakdy, onuň özü-de bişdi.
Okyjym, ýesir top ýadyma düşdi.

Kim bolupdyr sary topuň eýesi,
Gökdepäň urşunda çykypdyr sesi?!

"Kömür depe", "Gül gyrylan" baky at,
Görkezmesin, Alla, uruş diýen zat!

***

Ýatlap ýazan dagly gyz,
Il-halkyna bagly gyz,
Amangözel ady bar,
Nesillere ýadygär!

S o ň l a n m a

Köňüller, ýürekler üýşdi bir ýere,
Ajap eýýam geldi, oýan Şahyrym!
Aşlar bir suprada, ýetdik iýere,
Geljegi öňünden duýan, Şahyrym!
Категория: Poemalar | Просмотров: 607 | Добавил: Мylayym | Теги: Amangözel HUDAÝBERENOWA | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

"Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024
"Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]