11:07

Gazagystana we Orta Aziýa bil baglaýar

Категория: Publisistika | Просмотров: 268 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Nik Alipur | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Babay  
1481
Gazagystanyň sebitde uly güýç (ykdysady) bolmagy üçin ähli mümkinçiligi bar. Ol mümkinçilikleri nähili peýdalanjagy welin, diňe Gazagystanyň özüne bagly bolup galýar. Umydym Gazagystan özüne düşen bu uly mümkinçilikden doly peýdalanar we Merkezi Aziýanyň göwher daşyna öwrüler we ýuwaş-ýuwaş Özbegistany hem-de bizem ýokary çeker.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Häzir halkara guramalarynda Merkezi Aziýa diýip köplenç 6 ýurdy - Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Owganystany göz öňünde tutýarlar (käte Pakistany hem goşýarlar, emma ol geografik taýdanam, medeni taýdanam Merkezi Aziýa kän sygyşanokmyka diýýärin. Sap geografik nukdaý nazardan Mongoliýa, Hytaý Türküstany hem Merkezi Aziýa bolmaly, emma biz şol 6 ýurtda saklanaýaly).

Meniň diýjek bolýanym Merkezi Aziýa öň köp siwilizasiýalary başdan geçiren, indem täze siwilizasiýa gurmak üçin potensiýasy bar sebit. Emma howply faktorlar hem ýetik.

Eger Merkezi Aziýa döwletleri Owganystanyňky ýaly bulaşyk, çözgüdi kyn ýola düşseler, bu köp pajygalary getirer. Emma Gazagystanyňky ýaly esasan endigan, pragmatik ýoly saýlap alsalar, bu ösüşe we rowaçlyga getirer. Ylaýta-da, Gazagystan, Özbegistan, Türkmenistan tebigy baýlygy we uglewodorod gorlary bolany üçin şeýle mümkinçilige eýe ýurtlar.

Munda köp zat adamlaryň aňyna bagly. Adam gory diýlende, adamlaryň mukdary däl-de, hili göz öňünde tutulýar. Adamlaryň raýatlyk duýgusy güýçli bolmaly. Gazagystan bu babatda umuman gowy mysal bolup durýar diýip hasap edýärin. Elbetde, birkemsiz däl, emma ýurduň we adamlarynyň imiji dünýäde-de erbet däl ýaly.

Umuman, kim-de, näme-de bolsa öwübermegi halamok, ýöne Gazagystanyň ýolunyň beýlekilere nusga bolup biljekdigi we onuň ösmeginiň bize-de diňe haýyrdygy bilen ylalaşýaryn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]