15:43 Gözel galyp gözel manyñ ganaty | |
ŞYGRYÝETIÑ TÄZE TOLKUNY
Ýaşlaryñ edebi döredijiligine syn (tankydy makalanyñ dowamy) ▶ GÖZEL GALYP GÖZEL MANYÑ GANATY Edebi dil umumyhalky dildir. Şahyryñ dili baý bolmaly. Sözlük düzümini düzýän kär-hünär, şiwe sözlerinden, alynma sözlerden, ylym-tehnika bilen gelýän sözlerden... giñişleýin peýdalanmaga onuñ doly haky, hatda borjy bar. Ýöne beýle erkinlikden, ähli beýleki meselelerde bolşy ýaly, diñe zerurlyk dörände, juda ýerlikli ýagdaýda peýdalanyp bolar. Başga pursatlarda beýle sözler şygryñ umumyhalky bolmagyna päsgel berýär. Aşakdaky mysallarda A.Hojamuhammedowa bilen A.Gaýlyýewanyñ goşgularda "höwesim" sözüni "höwäsim" görnüşinde almagy üçin zerurlyk ýok. ♣ Ş a h y r a na sintaksise laýyklykda goşguda sözlem agzalarynyñ orunlary çalşylyp bilner. Şunda dyngy belgilerine ünsli çemeleşmek zerur. "Düşmen, bagta barýan hyýal atymdan" (M.Bekgiýew) diýen sözlemiñ dogrusy "Bagta barýan hyýal atymdan düşmen" bolmaly we bu ýerde otur goýmagyñ zerurlygy ýok. Başky we soñky bentlerde pikirleriñ gaýtalanmasy diñe ýerlikli ulanylan ýagdaýynda, tutuş goşgudaky pikiri çugdamlamaga ýardam edýär: Gözleriñi gözlerime garat-da, Sen bir söz diý, elewresin hyýalym... * * * ...Diýenlermiñ dogrulygna baş at-da, Sen bir söz diý, elewresin hyýalym. (A.Hanow "Söýgi söhbedi") G. B a ý h a n o w yñ "Saña garaşyp..." atly goşgusynda bir bendiñ goşgynyñ başynda we soñunda sözme-söz diýen ýaly gaýtalanmagyna zerurlyk görünmeýär. Umuman, şahyrlar hiç bir endige-de erkini doly bermezlige çalyşmaly. Meñzeş harply bogunlary däl-de, dürli söz toparlaryndan bolan sözleriñ s e s s a z l a ş y g yny k a p y ýa hökmünde ulanmak ussatlykdan nyşan: "asmany - asmaga", "bir peri ~ kirpige" (A.Hanow "Gije"); "entek Ýer ~ entekler" (M.Muhamow "Ygrar") ♣ Çe k i m li we çe k i m s iz sesleriñ sazlaşygy, Pyragynyñ "Gara daşdan gara gyly saýlan göz" diýen setirindäki ýaly, diñe tebigy suratda getirilende, şygryñ many-mazmunyny bozman, gaýta güýçlendiren ýagdaýynda peýdaly bolup biler. Ýaşlarda şeýle pursatlar bar: "Duýmasam durmuşyñ dabarasyny", "Ham-hyýallañ hasylyna garaşsam", "Setirleriñ süññün süzer barlygyñ"... (M.Bekgiýew "Köñüp pelsepesi"); "Indi ömrüñ öwrümlerne öwelip...", "Oýalygmy ogurlatdym oýlara..." (M.Muhamow "Ygrar"). "Dek" we "deý" sözleriniñ ikinjisiniñ has owazly, ýumşak ýañlanýandygy baradaky pikir G.Ezizowyñ ünsüni özüne çekipdir. Her sesiñ aýratyn täsiriniñ bardygyny bilmek üçin olary gezekleşdirip okap göräýmeli: "Dutaryñ kirşi dek inçejik ýolda..." (M.Bekgiýew "Hat"). Elbetde, bu gutarnykly netije däl. Ýerlikli ulansañ, dymyk "k" çekimsizniñ hem öz orny bar. ♣S e t ir dö w ü l m e l e ri ýerlikli ulanylanda, şygryñ many taýdan täsirliligini artdyrýar. XX asyryñ başlarynda, esasan, W.Maýakowskiniñ özboluşly joşguny bolan goşgularynda köp peýdalanylan setir döwülmeleri hyjuwyñ barha joşýandygyny, pikirleriñ has nygtalýandygyny añladýar. M.Bekgiýewiñ iki setirde berlen pikiriniñ birinji setiriniñ soñundaky ikuçlulygy añladýan "ýa" baglaýjysyny aýratyn setirde bersek, has göwnejaý bolardy: Biz bagtyñ keşbini görmedikmi ýa, iñ eziz düýşüni gördükmi Hakyñ?! ♣ P u n k t u a s i ý a ny örän ýerlikli peýdalanmaly. A.Hanow "Gije" atly goşgusynda her iki setiriñ başynda hem ahyrynda köp nokatlary ýerlikli ulanmak ýerlikli ulanmak bilen, bir ykbalyñ anyk bir pursadyny aýratynlaşdyrypdyr. A.Hojamuhammedowanyñ "Geñ zat" atly goşgusynda-da köp nokatlar duýgynyñ dürli pursatlaryny açmaga ýardam edipdir. ♣ Bogun artdyrylmasyny ýa-da kemeldilmesini diñe uly zerurlyk dörände, şygryñ mazmuny we formasy şeýle gysgaltmany talap edende, goşgynyñ erkin okalmagyna päsgel bermedik ýagdaýynda peýdalanmak bolar. Başga ýagdaýlarda bu ýagdaý goşgynyñ many-mazmun hem forma gözelligine päsgel berýär. Nädogry bogun kemmelere mysallar: "Gyrmyz pyýalasyn düýşleri bile..." (G.Baýhanow "Saña garaşyp"); "Olar gözelligiñ, görküñem ulsy..." (S.Seýitmämmedow "Hat"). A.Hojamuhammedowa bogun sanyny dogrulamagyñ hem-de "pulsy" sözüne kapyýalaşdyrmagyñ hatyrasyna orfoepiýada-da, orfografiýada-da düşmeli däl bogny düşüripdir: "A nämçüýn özüñ geliberäýeñok!.." ("Bagt"). "Näme üçin" söz düzüminde käte orfoepiýada "e" sesi düşürilip, sözler goşulyp aýdylsa-da, orfografiýada düşürilmeýär. "Üçin" sözi bolsa bütinleý ýalñyş ýazylypdyr. Setiriñ soñundaky bir söze (geliberäýeñok) şeýle köp duýgyny diñe zenan şahyrlar ýükläp bilse gerek. ♣ S ö z l ü k: Şahyrlar täze sözler ýasap, getirip, diliñ sözlük düzümini baýlaşdyrýarlar. Köp sözler dilde ornaşmaýar, käbiri bolsa şol şahyr ulanandan soñ, dile girip gidýär. "Çyn söýgüsin añla serin säm eden..." (M.Bekgiýew "Umyt") diýen setirde "sämemek sözüni bölüpdir" we dogrudanam, sözüñ köki bir bolup, onuñ many etimologiýasyny öwrenmek zerur. M.Bekgiýew käbir setirleri täzeçe düşünjeler bilen bezemek isläpdir. Mysal üçin, "badam gözýaşym" diýlende, gözýaşyñ badama deñelmegini şowly hasaplap bolmaz. G.Baýhanow "Atama" atly goşgusynda "g a r g y l y k" sözüni ýerlikli ulanypdyr we bu ösümlikden at edinip oýnaýyşlary obada ulalanlaryñ her biriniñ ýadyna düşse gerek. Edebiýaty söýüjileriñ arasynda "s e n l i" sözüniñ ulanylyşy, onuñ alynma sözdügi barada dürli pikirler bar. Garyndaş dillerde işeññir ulanylýan sözleriñ diliñ sözlük düzümine aralaşmagynda hiç-hili geñ zat ýok. Bu söz bolsa "s e n s i z" sözüniñ barlygy hökmünde türkmen dilinde, seýregrägem bolsa, öñ hem ulanylýardy. Aslynda, alynma söz diliñ sözlük düzümini baýlaşdyryjy bir çeşme. Dil olary öz kadalaryna laýyk getirýär. Ýaşlaryñ döredijiligine tematiki köpdürlülik, şeýle-de, ynsan häsiýetlerini inçeden açýan, belli bir obrazy janlandyrýan şygyrlar ýetmezçilik edýär. Adam ruhunyñ lukmanlary bolan şahyrlaryñ häsiýetleri kämilleşdirmäge gatnaşmagy, lukmanlaryñ Gippokratyñ kasamyny içip, dost-duşmany bejerişi ýaly zerurlykdyr. Elbetde, her ýaşdaky adamy tolgundyrýan meseleler toplumy hem bolýar. Ýaşlar indiki ädimleri öz wagtynda äderler, nesip bolsa. Herhal biziñ gözlegimiz, ir dogup uzak durýan ýyldyzlar. Ylham atyny ula goşan, bu ýerde syn berlip ýetişilmedik zehinli ýaşlar kän: A.Jumaýew, Laura Maksymowa, Mätgurban Mätgurbanow, Maksat Hudaýberdiýew, Sapa Hommadow, Allanur Çaryýew, Aýsapar Emelowa, A.Aşyrmädowa... Ähli ýaşlar ýol başynda. "Köp külpetli kötel ýollar" (G.Ezizow) entek öñde. Kimiñ yhlasy näçe menzile ýeter?! Ylahy gelýän zehini edinip bolmaýar. Ýöne ol zehiniñ berilmegi hem entek seniñ şahyrdygyñy añlatmaýar. Y h l a s, g ö z l e g, o k u m y ş l y k... Ine, ýaşlaryñ hupbatly hem lezzetli ýodasyny gadymdan gelýän baş ýola ulaşdyrjak häsiýetler. Uly ýoluñ dowamata ulaşmagy üçin baş zerurlyk il-günüñ, Watanyñ seni gereklemegi. Hormatly Prezidentimiz zehinleri ösdürmek, goldamak barada ummasyz köp tagallalary edýär. Beýle zamanada maksat tutan myrat tapar. Goý, ýodalar ýola ulaşsyn! Baýram AKATOW, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niñ uly mugallymy. | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |