01:14 Gözel şäherler mekanynda | |
GÖZEL ŞÄHERLER MEKANYNDA
Ak şäherimiz Aşgabat bilen bäsleşip oturan Arkadag şäheri bu günki gün ýurdumyzyň iň gözel şäherleriň mekanydygyny subut etdi. Çünki bu iki şäheriň bu günki gün gözelligini görmäge göz gerek. Garaşsyzlygymyzyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzda gözel şäherleriň täze biriniň açylmagy Aşgabadyň görküne görk goşdy. Beýik gurluşyklaryň mekanyna öwrülen, dünýäniň ýüzünde ak paýtagt adyny alan, mümkinçilikleriň giňemegi bilen Ginnesiň rekordlar kitabynda at alan Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýar. Aşgabat Aziýanyň merjeni, gurjak paýtgat,gözel paýtagt. Dogrusy ýurdumyzyň gözelligine gözellik goşýan Arkadag şäheri hem Aşgabat bilen bäsleşip, Türkmenistanyň gözel goýnunda ýene-de bir göwher galy ýüzük kibi parlaýar. Şeýle ajaýyp üstünlikleriň aňyrsynda bolsa, Mukaddes Garaşszylygymyz bar. Türkmen diýarynda tutulýan toýlar toýa ulaşýar. Garaşsyzlygyň röwşen menzilleri bilen has ösýän diýarymyz bu gün milli gymmatlyklaryna eýe, öz ata- baba däp- dessurlaryna eýedir. Binagärlik-seýilgäh toplumy paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň bezegi bolup durýar. Onuň ýokarsynda ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny alamatlandyrýan zeýtun şahajyklary şekillendirilipdir. Aşgabat bilimleriň ojagy ,häzirki günler bolsa, bilim ojaklarynd ageçirilýän dabaralryň mekany. Aşgabat Aziýanyň ýüregi hökmünde özüniň köpugurly hyzmatdaşlykalry bilen hem tanalýar. Arkadag şäheri bolsa gözel Aşgabat bilen bäsleşýär. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňsyrasynda bu iki gözel şäheriň ýaşaýjylary hem beýik buýsançlar bilen ýaýlymlarda çykyş edýärler, baýramçylyk duýgularyny paýlaşýarlar. Binanyň esasy bölüminde paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegini aňladýan açylan kitabyň görnüşi ýerleşdirilipdir.Munuň özi Aşgabadyň halky bilen bilikde Ýurdumyzyň ähli raýatlaryny buýsandyrýar. Aşgabadyň giň gujagy ala- ýaz, aýdym – saz, bu bolsa, bagtyýar halkymyzyň ruhy galkynyşynyň dowamydyr. Garaşszylyk binasynyň gözellig bolsa, Garaşsyzlyk toýmuza bäsleşýär, dabaralar geçirilip, toý pişmeleri paýlanýar. Binanyň töweregi suw çüwdürimleriniň toplumy bilen gurşalypdyr. Suwuň ýokarlygyna çüwdürilýän şekilleri sazlaşykly hereketiň, durmuş ösüşiniň nyşanyny özünde jemleýär. Köpöwüşginli gül aýmançalary we ýaşyl meýdançalar, bezeg agaçlary bu ýeriň özüne çekijiligini artdyrýar hem-de aşgabatlylaryň öz şäherine alada we söýgi bilen garaýandygyny alamatlandyrýar. Ýurudmyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzda geçjek Garaşsyzlyk dabarasy bolsa, bizi talyp hökmünde buýsandyrýar.Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär. Şäheriň töwereginde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar ösüp ýetişýär, olaryň üsti her ýyl täze nahallar bilen ýetirilýär. Çünki Aşgabat gök tokaýlygyň mekany, Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda gözelligiň simwoly hökmünde öňe çykýan ajaýyp paýtagt şäheridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygar astynda geçýän şu ýyl ýurdumyzda 32 ýyllyk minasybetli ekilýän baglar hem bu gözelligiň üstüni ýetirýär. Şäheriň taryhynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aziýanyň hem- de dünýäniň gözünde ak mermere beslenen “Aşyklaryň şäheri” adyny aldy.Munuň özi bolsa, buýsandyryjydyr. Ogulnur Annamuhammedowa Türkmen döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |