16:16 Gülküsi tutýan aýal | |
GÜLKÜSI TUTÝAN AÝAL
Gözlerin ýaşardyp gülýär aýaly, Gülküsin bir bada goýýanam ýaly. Dem salymdan ýene ýarylýar böwet, Elbetde, sebäbi bardyr ~ bu magat. Ýarym-ýaş boluplar öñküsi ýaly, Şol sebäbi düşündirýär aýaly: ~ Daşarda pişigi ýalap dur pişik, Biri-hä hor, biri ylla bir meşik, Bir-birine welin mähri üýtgeşik... Gülmez ýalymy? Äri geñirgenýär öñküsi ýaly, Göz ýaşardyp gürrüñ berýär aýaly: ~ Syn edýärin, ýöne bilemok entek ~ Haýsysy urkaçy, haýsysy erkek... Bir görsem, eý toba, ine göz-gülban ~ Nädende ýaranyp boljagyn bilmän Näz-kereşme bilen mäwleýär meşik. Bolmajysyn bolýar beýleki pişik, Ýogsam garny-ha aç, tüýi bulaşyk. Gülmez ýalymy? Zor aýakdan ýylgyrsa-da kä ýarym, Bu waka gülküsi tutanok äriñ. Emma hezil edip öñküsi ýaly, Gürrüñini dowam edýär aýaly: ~ Göwnüñ gider ýaly zat bolsa käşgä. Ysgyn-mydarynyñ ýokdugy äşgär. Bir añkasy aşan sary imeşik, Ölüp-öçüp barýar şonda-da meşik... Belki gülkünçdir, A belki ~ däldir. Ýöne ine bolan wakañ beýany: Äriñ dura-bara gahary geldi, Güle-güle keýpden çykdy aýaly. Berdinazar HUDAÝNAZAROW. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |