09:02 Günäkär | |
GÜNÄKÄR
Bu setirleriň düşnüksizligi meniň günäm däl. Kalbymda gopýan harasatlara ondan dömüp çykan düşnüksiz duýgularyň düşnüksiz beýany bolan manysyz setirlere meniň bilen deň derejede illerem günäkär. Sagymdan soluma geçýänçä üýtgäp soňam hiç zat bolmadyk ýaly meniň bilen gatnaşygyna dostluk diýip at berip ýörenleriň ikiýüzlüligini içime atanymda dörändir belki bu setirler... Ýa-da maňa umyt yşygyny ýakdyryp kalbyma talaň salan şol ezizden soň dörän bolmagam ahmal... Wepasyzlygy dünýeden öwrenen ynsanlaryň daşyndan tomaşa edip olara haýpym geleninde döredimikä... Belki ynsabyny wyždanyny pula çalşan iň gynandyrýanam bu zatlary adaty ýagdaýa öwren mähellä bakanymda ýazandyryn... Özgelere bakyp durmuş sapagyny alyp ejemiň dyzyna baş goýanymda bognum dolup dömülip çykan setriler bolmagam mümkin... Haýsy dogry ýa-da haçan ýazan bolsamam düşnüksiz setirler diňe meniň günäm däl... Daýanç DERÝAMYRADOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |