20:58

Gündelik ÿöretmek hakynda

Категория: Sözler | Просмотров: 586 | Добавил: Ayhan | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
1
1 Garaýolly  
27
Gundelik yoretmegiñ oz bir lezzeti bolyan eken. Menem 13-yyllap gundelik yoretdim. Adatdan dashary tebigat hadysalaryny belledim, okan kitaplarym,goren ceper filmlerim barada tasirlerimi yazdym, durmush yashayysh dogrusyndaky pikirlerimde ozumce gelen,cykaran netijelerim hakynda oylarymy gecirdim.Indi aradan telim yyl gecensoñ shol gundelige goz gezdiryan. Hazirki garayshym bilen shol dowurdaki garayshymyñ deñ gelmeyan,gayta capraz gelyan yerleri kop dush gelyar gundelikde. Bu,elbetde,bir zat baradaky garayshyñ añdagoze gorunmeyan osush yoluny gecenligini añladyar. Aytjak bolyanym,biz shahyrlaryñ goshgylarynda uytgemeyan hasiyetli,durnukly gylykly liriki gahrymany gormage isleyaris. Emma,adamzat añyyetiniñ baylashyp, uytgap duryan hasiyetdedigini,onuñ shygyryetiñ liriki gahrymanyna uly tasir edyandigini unudup bolmasa gerek.

1
2 Garaýolly  
27
Yash ya-da orta yashda doredilen gundelik yazgylary omruñ gartañlyk caglarynda oñat syrdashyñ bolyan eken.Muña men oz mysalymda goz yetirdim.

1
3 Garaýolly  
27
Gundeligi yashlyk dowruñde doredende de diñe ,,soydum-koydumden,, dolduraymaly dal. Yash dowruñde de hemme zada oz garayshyñ bolyar,ana,sholary hem bellige almaly. Haysydyr bir zatlar barada okuncleriñ bolyar,begencleriñ bolyar, ahmyryñ-armanyñ bolyar,basha baran ya barmadyk niyetleriñ bolyar,ana,sholar dogrusynda gundeligi bezemeli. ,,Men sygrymy suwa yakdym,ot berdim, pylanca balyk tutdum, oye girdim,oyden cykdym,, yaly bigerek sozleri gundelige yazyp oturmak hokman dal. Bular kimin sozler soñ tasirsiz bolup galyan eken.

1
4 Garaýolly  
27
Gundeligi welin,hokman yoretmeli. Ol seniñ hakydañ rolyny oynayar.

1
5 Garaýolly  
27
Hakyky,yhlas bn yoredilen gundeligi ony doreden adamyñ ikinji nusgasy diyilse ote gecildigi bolmasa gerek.

0
6 Bagabat  
43
"Özüni bilen weli" diýilýär. Gündelik ýöretmegem özüňe düşünjek bolmagyň bir guraly...Onsoňam adatça ýazylan zat has gowy ýadyňda galýar...Ýetginjeklikde ýöredilen gündeligi açyp okasaň: "şu zatlary men ýazdymmykam-aý?" diýen düşnüksiz duýgy emele gelýär...Adamyň huşy terabaýtlyk winçester däl. Köp zat galmaýar. Gündelikde welin galýan ekeni. wink

0
7 hoşowaz  
390
Içiňdäki pikirdir garaýyşlaryň ählisini, hat-da, syr alşyp berişýän dostlaryňa hem aýtmak mümkin däl. Olara ynanmazlygyň ýa bolmasa diňlenmeýändigiň üçin däl elbetde. Zeýrenmeklik, ýeter-ýetmez kelleliräk we ş.m. düşüniler hem-de adam pahyryň öz işi-derdi özüne ýetik, men bir munuň gulagnyň agzyndaky işläp duran sagat bolmaýyn - diýen ýalyrak pikirler döreýändigi üçin.
Şunuň ýaly-da hem içiňdäkileri arkaýyn dökmeklige gündelik ýetişýär. Men-ä oňa "galam-kagyz" diýýärdim.
Bu artyplary hem wagtynda zyňyşdyryp, arassalaşdyryp durmasaň heňläp gidiberýär, hazan.
"Желудок умнее мозга, потому что желудок умеет тошнить. Мозг же глотает любую дрянь" Çingiz Aýtmatow.

0
8 Hаwеrаn  
245
Meniñ iñ uly ahmyrym - gündelik yöretmänligim.. )

0
9 hoşowaz  
390
"Arassalaşdyrmak" diýenim, beýniňi, ruhuňy arassalaşdyrmak. Kä kişi bir zat ýazsa ýeňleýär, kä kişi çekse...

0
10 Hаwеrаn  
245
Öñem biriniñ "Pylany daýza bir gazal çekyä, bir gazal çekyä.. arasynda çilimem çekyä!" diyişi yalymy smile

0
12 Arzyman  
418
Originalyny ýazsana bu pikiriň))

0
11 Arzyman  
418
Gündelik ýöretmeýän adamlar, gör, nähili akylly!
Hemme adam jyn urmuş palçy däl-dä, ertäki gününde näme boljagyny bilenok. Eger başyňa betbagtçylykly hadysa düşäýse, seni «sülçülere» satýan ilkinji nobatda—gündelik! Aý, onsoň, ölseň-ä ne ýagşy, diri galaýsaňam «halk kazyýetiniň» öňünde her ýazan harpjagaşyň üçin jogap bermäge mejbur edýär şo gündelik. Onsoň hemişe şony birwagtlar otlap, külünem göristanyň töwereginde bir ýerlerde gömmedigiňe ökünip gezmeli bolardy. Ondan-a, içiň gysan wagty ýüregiňdäkini gapydaky daňylgy ýatan it janawere aýtsaň, gündelikden wepaly bordy şol...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]