16:58 Gyzy men | |
GYZY MEN
Göwnüm galkýar, Ýene galam elimde, Ene toprak ~ ata Watan dilimde, Mylakat bar ýüzüñ sypan ýeliñde, Pederleriñ dowamaty-yzy men ~ Türkmenimiñ kalby sada gyzy men! Geçip dur, Gün-aýlar ýyllara sanyp, Bu hoştap howadan dem alýan ganyp, Seleñ sähralardan bir ülüş alyp, Gül bolup açylýan gyş-u-ýazy men ~ Türkmenimiñ kalbu sada gyzy men! Guwanjym, gözlemden çogýar nur bolup, Bu illerde gezmen mähre zar bolup, Armanym ýok, bilsem ýerine salyp, Iýýärin, iýerin halal duzy men ~ Türkmenimiñ kalby sada gyzy men! ▶ SENI SÖÝÝÄN! Goýma gözümi girýanda, Men seni söýýärin, janym! Ýa bar yhlasym yrýamy? Men seni söýýärin, janym! Ner bar munda jandan eziz?! Sen ~ kalba soltandan eziz! ~ Hiç kime diýmändim heniz, "Men seni söýýärin, janym!" Gel-de, isle, jigerim bol, Isle, jepam-jebirim bol... Barybir, söýlärin zol-zol, "Men seni söýýärin, janym!" Sen ~ ýakyn-daşda, sanma-san sanasam, iñ golaý ynsan... Haçan bolarys jana-jan? Men seni söýýärin, janym! Bolubersin kiçilik-de, Uly töwekgelçilik-de. Bilip goýgun, ilçilikdir... Men seni söýýärin, janym! Ne alaç edeýin eýse, Ýürek söýse, gaty söýse?! Goý, diýsin, kim näme diýse, Men seni söýýärin, janym! ▶ SENIÑ BARLYGYÑDA... Bagtymyñ ak dañy atdy, Munda - Seniñ barlygyñda. Ömür süýji, durmuş datly, Munda - Seniñ barlygyñda. Bolmasam-da asman hüýri, Men bagtly zenanlañ biri. Ýok, indi ýanmaryn diri, Munda - Seniñ barlygyñda. Maña dünýeler dar bolmaz, Gaýdyp, yhlasym har bolmaz. Gül göwnüm saralmaz, solmaz, Munda - Seniñ barlygyñda. Seniñ bilen ömür ýagty, (Allam, köp görme bu bagty!). Näme edeýin täji-tagty, Munda - Seniñ barlygyñda. Sensiz durmuşym duzakdyr, Gijeler uzak-uzakdyr... Maña gaýry ykbal ýokdyr, Munda - Seniñ barlygyñda. Solmaz AZYZOWA. #esger_2016 | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |