01:13 Gyzykly Hazar | |
GYZYKLY HAZAR
Ýer ýüzündäki iň uly dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk suw ulgamy bolan Hazar deňzi bu günki gün dünýäde gaty uly wezipäni öz üstüne alýan we gelejekde nijeme gerekli maddalaryň çöketligi bolan deňizdir. Ýokary çuňlugy boýunça dünýäde üçünji orunda durýar.Ortaça çuňlugy 208 metr töweregi,Hazar deňzinde tolkunyň hasaba alnan ululygy 11 metre barabar bolup, onuň tolkunlarynyň degişliligi bolsa mizemezdir. Hazaryň kenarynda ilkinji adamlar 75 000 ýyl mundan ozal ýaşapdyrlar,Deňiz suwunyň doly täzelenmesi her 250 ýyldan bir gezek bolup geçýär, Garabogaz köl aýlagy Hazaryň iň uly we täsin aýlagydyr. Onuň duzlulygy 200%-e ýetýär,Hazar deňziniň ýaşy “6 million ýyl” diýlip hasaplanylýar,Hazar, Gara, Azow deňizleriniň we Aral deňziniň, şeýle- de wengerleriň Balaton kölüniň döremeginiň esasy çeşmesi gadymyýetde bu ýerde bolan Tetis ummanydyr. Deňiz hökmünde bolsa-da Hazaryň akymy ýokdur, muňa garamazdan deňizdäki suwuň mukdar derejesi durnuksyzdyr.Şeýlelikde deňiz enarynda nijeme müňläp janly- jandarlar, agaçlar bar bolan bu deňiz edil ýeriň ýüregi ýaly, ortaradadyr. Üç müň ýyllap suwuň derejesindäki üýtgeşmeler 40 metre ýetdi. Häzirlikçe Hazaryň suwunyň nirä gidýändigi nämälimligine galýar,munuň özi dünýäniň alymalryny hem gyzyklandyrýar. Şeýlelikde iň köp derýa akýan Hazara 130 derýa akýar. Deňizdäki lagym suwlarynyň takmynan 70% -ini Russiýanyň iň uly Wolga derýasy getirýär,Hazar deňzinde 50 sany ada bardyr.Hazar deňziniň gözelligi hem-de wajyplygy bolsa, esasy Orta Aziýa sebitindäki ýurtlara degişli bolup, bu günki gün Orta Aziýanyň üstaşyr geçelgeleriniň iň amatly suw menzilidir hem-de ykdysady üstünligi bilen ýer alandyr. Türkmenistanyň çägine degişli Ogurjaly adasydyr,Kenar ýakasynda ululy-kiçili aýlaglar bar. Bu ýerdäki jemi 16 aýlagyň köpüsi birnäçe million ýyl ozal dörändir diýen çaklamalar örän gyzyklydyr. Ummanyň gözelligi, adalara bölünmegi esasynda ýeriň ýüreginde uly bir suw giňişligini goýup ýok bolmasy eýýäm nijeme asyrlardan bäri öwrenilip gelinýän hadysadyr. Köpasyrlyk taryhynyň dowamynda Hazar deňzi dürli halklar tarapyndan dürli hili atlar bilen atlandyrylypdyr. Bu deňzi müsürliler Jürjan, hytaýlylar Sihaý, eýranlylar Kolzum, hindiler Worukaşa, türkmenler Gukkuz, gazaklar bolsa Aturaw diýip atlandyrypdyrlar, Deňiz Aziýa bilen Ýewropanyň serhedinde ýerleşýär.Hazar deňzi günümizde iň bir söýgüli, syýahatçylyk mekanyna öwrüldi. Suwunyň düzüminde bejerijilik häsiýeti bolan bu deňziň ýüregi hemişe “gürsüldäp” duran ýaly. Hazar deňziniň kenarlarynda hemişe ýaşyllyk öwsüp dur.Onuň gözelligini görmäge göz gerek. Didar Begmyradow Türkmen Döwlet Maliýe institutynyň Maliýe fakultetiniň Maliýe gözegçiligi ugrunyň 2-nji ýyl talyby | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |